Ï Ýöriteleşdirilen mekdepleriň sany artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýöriteleşdirilen mekdepleriň sany artýar

view-icon 7804
Ýöriteleşdirilen mekdepleriň sany artýar
camera-icon
Allanur Saparow

Täze – 2022-2023-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen Daşoguz welaýatynda daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän orta mekdepleriň sany artdy. Daşoguz şäherinde her biri 600 okuwça niýetlenen we S.A. Nyýazow adyndaky etrabyň «Şöhrat» geňeşliginiň «Buýanly oba» obasynda açylan täze mekdepleriň işe girizilmegi bilen sebitde olaryň sany 28-e ýetdi. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde öwrenilýän daşary ýurt dilleriniň-de sany köpeldi. Şu ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, Daşoguz şäherindäki 14-nji orta mekdepde Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasyna laýyklykda italýan dili öwredilýär. 5-nji synpdan başlap, ol bu ýerde ikinji daşary ýurt dili hökmünde geçilýär.

Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly Daşoguz welaýatynda-da okuwçylaryň dil bilimini baýlaşdyrmaga we gözýetimini giňeltmäge uly üns berilýär. Bu ýerde daşary ýurt dillerine halkara gepleşik serişdesi we okuwçylarda dünýä bir bütewi garamagyň kemala gelmegine ýardam edýän wajyp şert hökmünde baha berilýär. Mekdeplerde kärine ussat mugallymlaryň ençemesi işleýär we olar zerur okuw gollanmalary bilen yzygiderli üpjün edilýär.

Mekdepleriň ýokary derejedäki tehniki üpjünçilgi, multimedia synp tagtalaryň we lingafon otaglaryň bolmagy daşary ýurt dillerini öwretmekde möhüm goldaw bolup durýar. Olaryň ählisi hem mekdeplerde okuwçylara iňlis, nemes, fransuz, arap, pars, hytaý we beýleki dilleri döwrebap okatmaga mümkinçilik berýär.

Daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdepleriň köpüsiniň etraplarda ýerleşýändigini bellemek gerek.