Ï Türkmenistanly talyplar F.F. Martens adyndaky Halkara bäsleşiginde ýeňiş gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly talyplar F.F. Martens adyndaky Halkara bäsleşiginde ýeňiş gazandylar

view-icon 6772
Türkmenistanly talyplar F.F. Martens adyndaky Halkara bäsleşiginde ýeňiş gazandylar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary F.F. Martens adyndaky 23-nji Halkara bäsleşiginde halkara ynsanperwer hukugy boýunça birinji orny eýelediler. Bäsleşigi Halkara Gyzyl Ýarymaý komiteti Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde oktýabr aýynyň birinji ongünlüginde geçirdi.

HYYwe ÖU-nyň bäsleşikde ýeňiş gazanan talyplar toparynyň hatarynda Halkara ynsanperwer hukugy we halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Nowruz Nurberdiýew, 4-nji ýyl talyby Döwlet Gurbanow we 4-nji ýyl talyby Zöhre Geldiýewa bardy.

Türkmenistandan iň güýçli toparyň agzalaryna F.F. Martens adyndaky kubok, şeýle hem bäsleşikde birinji orny eýeländigi barada diplomlar gowşuryldy.

Halkara ynsanperwer hukugy boýunça bäsleşige dürli ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Umuman, Türkmenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Ermenistandan, Russiýadan we Belorusdan 21 talyp toparlary bäsleşikde çykyş etdiler.

1997-nji ýyldan bäri geçirilýän bäsleşik «Martensiň belliginiň» awtory, Halkara ynsanperwer hukugynyň esas goýujy ýörelgeleriniň birini düzen russiýaly hukukçy, diplomat, Russiýanyň Halkara hukugy mekdebiniň düýbüni tutanlaryň biri Fýodor Fýodorowiç Martensiň adyny göterýär.

Bäsleşikde talyplar hakyky ýagdaýlara golaý emeli şertlerde Halkara ynsanperwer hukugyny ulanmak başarnygyny görkezýärler. Eminler topary Halkara ynsanperwer hukugyny bilşini, toparyň öz pikirni delillendirmek başarnygyny we ýagdaýa dogry baha berişini göz öňünde tutup, bäsleşige gatnaşýanlardan güýçlüsini kesgitleýär.