Ï ÝHHG Aşgabatda geljekki žurnalistleri okadýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ÝHHG Aşgabatda geljekki žurnalistleri okadýar

view-icon 6495
ÝHHG Aşgabatda geljekki žurnalistleri okadýar

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi 11-nji oktýabrdan 14-nji oktýabr aralygynda «Žurnalistleriň we kommunikasiýa boýunça hünärmenleriň bilimini döwrebaplaşdyrmaga ýardam» maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň syýasy kommunikasiýa we žurnalistika fakultetleriniň talyplary üçin dört günlük onlaýn-okuwlar geçirýär.

Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplaryndan başga-da okuwlarda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary okuw geçýärler.

Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň rektoraty okuwlarda okaýanlar üçin zerur şertleri döredipdir, şeýle hem döwrebap multimedia enjamly iň gowy okuw otaglaryny beripdir.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň baştutany, ilçi Jon MakGregor okuwlary açyp, diňleýjilere syýasy žurnalistikanyň esaslaryny öwrenmekde üstünlikler arzuw etdi.

Halkara bilermenleri, Russiýa Federasiýasyndan professorlar D. Gawra we I. Bykow syýasy žurnalistikasy işiniň inçe tilsimlerini beýan edip, umumy we maslahat-sapaklar geçýärler. «Döwlet häkimiýeti edaralarynyň işinde web-saýtlar we sosial ulgamlar», «Döwlet häkimiýeti edaralarynyň žurnalistler we jemgyýetçilik bilen özara hereketiniň tejribesi», «Informasiýa psihologik amallar» we beýleki temalardan umumy sapaklar talyplar üçin has gyzykly boldy.

Ilkinji sapaklar geljekki žurnalistlerde uly gyzyklanma döretdi, muňa olaryň sapaklara işjeň gatnaşmagy we abraýly mugallymlara beren köp sanly sowallary-da şaýatlyk edýär.