Ï Türkmenistan ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine döwletara gatnaşyklary ösdürýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine döwletara gatnaşyklary ösdürýär

view-icon 4616

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň syýasy, ykdysady durnuklylygyň saklanmagyna, sebit we ählumumy derejede parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetiniň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine, uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin ygtybarly binýadyň kemala getirilmegine gönükdirilen strategiýasynyň netijeliliginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

10-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamasyny hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýylyň başyndan bäri ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we sebitleriň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyryldy. Jemi içerki önümiň depginli ösüşi munuň aýdyň subutnamasydyr. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 10,9 göterim artdy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 40,7 göterim köpeldi. Döwlet býujetiniň 80,3 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde hasabat döwründe göz öňünde tutulan 370 desganyň 89-synda gurluşyk-gurnama işleri alnyp baryldy. Häzirki wagtda degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikli ösmegini dowam etdirýändigini, aýdyň görkezýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 40 göterim ýokarlandy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 20 milliard manatdan gowrak bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiz öňde durýan wezipelere ünsi çekip, şu ýyly gowy netijeler bilen tamamlamak üçin hemmeleriň yhlas bilen işlemelidigini, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda oňyn netijeleri gazanmak we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak üçin çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle-de, ilkinji nobatda, geljek ýylyň Döwlet býujeti boýunça ýene-de maslahat geçirmek we onuň ähli maddalaryna garamak barada görkezme berildi.

14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine hem-de “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitine gatnaşmak üçin, şeýle-de doganlyk ýurda döwlet saparyny amala aşyrmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna bardy. Döwlet Baştutanymyz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň, obýektiw umumydünýä ýagdaýlaryna we çylşyrymlylyklara garamazdan, durnuklylygyny hem-de ösüşini saklap galýandygyny belledi. Biziň özara gatnaşyklarymyzyň şeýle häsiýeti olary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurlygyna we geljegine umumy düşünmegimiz, oňyn, ylalaşykly jogaby talap edýän dünýä hem-de sebit gün tertibiniň täze ýagdaýlaryna oňat düşünmek bilen şertlendirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag, ýangyç-energetika toplumy, aragatnaşyk, kommunikasiýalar, senagat taýdan goşulyşmak, söwda, innowasiýalar, tehnologiýalar ýaly ulgamlary GDA-da ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Döwlet Baştutanymyz GDA-nyň şu günki kuwwatynyň geljegi uly bolan bu pudaklarynda möhüm ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigine, biziň ýurtlarymyzyň çäkleriniň bolsa yklymda Ýewropany we Aziýany birleşdirýän ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ýollaryna öwrüljekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz GDA-nyň bähbitlerine Hazar deňzindäki port düzümini, şol sanda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny, Türkmenistanyň ösýän söwda flotuny ulanmagyň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi. Şunuň bilen birlikde, Arkalaşygyň içindäki söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, geljekki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, söwdany işjeňleşdirmek, dürli pudaklarda goşulyşmak bilen bagly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin meýdança hökmünde GDA ýurtlarynyň köpugurly ykdysady sergi-ýarmarkasyny guramak barada oýlanmak teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz daşary syýasy gün tertibi baradaky meselä degip geçip, ýakynda Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda Türkmenistanyň howpsuzlyk ulgamynda birnäçe başlangyçlary öňe sürendigini ýatlatdy. Bu başlangyçlar biziň tutuş Arkalaşygymyz üçin hem wajypdyr. Gürrüň, hususan-da, dürli ýagdaýlarda we görnüşlerde ýüze çykýan açyk, gizlin wehimler barada barýar.

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda häzir GDA-da sport hyzmatdaşlygyna, hakykatdan-da, giň we yzygiderli häsiýet bermegiň wagty ýetdi diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň howandarlygynda halkara sport oýunlaryny geçirmek boýunça Utgaşdyryjy komiteti döretmek we diňe bir GDA-dan däl, eýsem, gyzyklanma bildiren beýleki ýurtlaryň türgenleri üçin hem açyk bolan, yzygiderli esasdaky “Dostluk oýunlaryny” guramak boýunça işe başlamak teklibi öňe sürüldi. Şunuň bilen baglylykda, bar bolan tejribäni, degişli düzümleri nazara almak bilen, ilkinji “Dostluk oýunlaryny” Türkmenistanda geçirmäge taýýarlyk beýan edildi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitine gatnaşdy. Şunda Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň şu duşuşygynyň esasynyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda ýokary derejede geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumynda goýlandygyny bellemek möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz sammitde çykyş edip, soňky döwürde dünýä geosyýasatyndaky ýagdaýlaryň tamalary ödemeýändigini belledi. Munuň özi BMG-niň we beýleki esasy institutlaryň netijeliligine täsirini ýetirýär. Döwletara gatnaşyklaryň many-mazmuny üýtgeýär. Gapma-garşylyklaryň, terrorçylygyň, ekstremizmiň we radikalizmiň howplarynyň çäkleri giňelýär. Nygtalyşy ýaly, şeýle şertlerde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we Russiýanyň ysnyşykly, netijeli gatnaşyklary aýgytlaýjy ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz öňüni alyş çäreleriň möhümdigini belläp, dört sany esasy ugra ünsi çekdi.

Birinjiden, biziň döwletlerimizde ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga synaglara garşy durmak; ikinjiden, terrorçylyk, ekstremizm wehimlerinden, kiber we biologik howplardan goranmagyň kepilliklerini üpjün etmek; üçünjiden, jemgyýetçilik aňyna ýalan düşünjeleriň we ahlak ýörelgeleriniň emeli ornaşdyrylmagyna garşy göreşmek; dördünjiden, dünýädäki ýagdaýlaryň umumy çylşyrymlaşmagynyň bolup biläýjek ýaramaz täsirleriniň öňüni almak.

Ýokarda agzalan ugurlarda bilelikdäki işi işjeňleşdirmek maksady bilen, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda altytaraplaýyn geňeşmeleriň iş tertibini kadalaşdyrmagy maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we munuň ýörite gulluklaryň, beýleki düzümleriň işine-de degişlidigini nygtap, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýokarda sanalyp geçilen wezipelerden ugur alyp, geňeşmeleriň algoritmini we mowzugyny işläp taýýarlamagy tabşyrmagy teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda owgan meselesine, parlamentara gatnaşyklar, ykdysady, medeni, bilim we sport boýunça hyzmatdaşlyk bilen bagly meselelere degip geçdi. Şeýle-de hemişelik hereket edýän “Merkezi Aziýa — Russiýa” görnüşindäki işewürler düzümini döretmek we geljek ýylda Merkezi Aziýanyň hem-de Russiýanyň halklarynyň medeniýet we sungat festiwalyny guramak baradaky teklipler beýan edildi. Döwlet Baştutanymyz sebitde yklym ähmiýetli üstaşyr ulag ulgamynyň döredilmegine aýratyn üns çekip, Türkmenistanyň öz çäginden Pars aýlagyna, Eýranyň portlaryna we şol ýerden Hindistana gysga ýoly üpjün edýän ýurt hökmünde Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň işini işjeňleşdirmäge girişmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistan GDA-nyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebit we sebitara görnüşlerde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerinde işjeň hem-de başlangyçly orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak çäreleri boýunça Maslahaty ösdürmek işinde ajaýyp hyzmatlary hem-de gymmatly goşandy üçin “Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak çäreleri boýunça Maslahatyň 30 ýyllygy” atly birinji derejeli ýubileý medaly bilen sylaglandy.

15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Astanada ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu gepleşikler dost-doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň berk binýadyna, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Gepleşikleriň dowamynda döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, energetika, ulag ulgamlarynda, senagat taýdan goşulyşmakda, obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk etmek, ekologik meseleler, şol sanda Aral meselesi boýunça hyzmatdaşlyk etmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle-de medeni-ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajypdygy tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýylda Gazagystan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini guramak baradaky meselä garamagy teklip etdi. Türkmen we gazak halklarynyň meşhur şahyrlarynyň, akyldarlarynyň — Magtymguly Pyragynyň, Abaý Kunanbaýewiň ýadygärliklerini, degişlilikde, Astanada we Aşgabatda ornaşdyrmak boýunça meselä gaýdyp gelmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Gazagystanyň Daşary söwda edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Gazagystan Respublikasynyň “Atameken” Milli telekeçiler edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Gazagystan Respublikasynyň Senagat we infrastrukturalaýyn ösüş ministrliginiň arasynda himiýa senagaty babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Senagat we infrastrukturalaýyn ösüş ministrliginiň arasynda üstaşyr ulag hyzmatdaşlygy-nyň ösüşi barada Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministrliginiň arasyn-da kosmos giňişligini parahatçylykly maksatlar bilen öwrenmek we ulanmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň arasynda ösümlikleriň karantini babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we sport ministrliginiň arasynda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Energetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; 2022 — 2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça toplumlaýyn Maksatnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Daşary syýasaty öwreniş institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty (Aşgabat, Türkmenistan) bilen Abylaý han adyndaky Halkara gatnaşyklary we dünýä dilleri gazak uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamanyň; Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň arasynda jenaýatçylyga garşy göreşmek babatda meýiller hakynda Ähtnamanyň hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirendigini bellemek gerek. Bu resminamalara-da şu saparyň barşynda gol çekildi.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň döwlet Baştutanlary Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

16-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Güýz-gyş ýyladyş möwsümine taýýarlyk görmek, oba hojalygyndaky işleriň ýagdaýy, azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, nebiti gaýtadan işleýän senagaty döwrebaplaşdyrmak, ulag-kommunikasiýalar ulgamynda giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmek mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy.

Şeýle-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalary geçirmek boýunça we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli çärelere taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň 20-21-nji oktýabrda Türkmenistana meýilleşdirilen resmi saparyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Ýokary derejedäki nobatdaky gepleşikler strategik häsiýete eýe bolan hem-de iki doganlyk halkyň taryhy köklerine, ruhy-medeni gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berer. Häzirki wagtda asyrlaryň dowamynda kemala gelen bu asylly däpler mynasyp dowam etdirilip, many-mazmun taýdan yzygiderli baýlaşdyrylýar.

Mejlisde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar, 16-17-nji noýabrda bolsa Daşoguz welaýatynyň merkezinde Türkmen-özbek dostluk festiwalyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň biri boldy. Onuň dowamynda Gahryman Arkadagymyz welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümine taýýarlyk görlüşi bilen tanyşdy. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz ugurdaş ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek, bu işleri bellenilen möhletlerde tamamlamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle hem ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalarynyň alyp barýan işleri, olaryň häzirki zaman tejribesinden we täzeçil usullardan peýdalanyşlary barada giňişleýin hasabat berildi.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň agzalarynyň bu ýerde bolup, 500 diňleýjä niýetlenen okuw maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýändikleri habar berildi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy okuw maslahatyna pudagyň öňdebaryjy hünärmenleriniň, bu ugurda ylmy işleri alyp barýan oba hojalykçy alymlaryň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Gahryman Arkadagymyz merkeziň çäginde gurulýan hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalarydyr çyzgylary bilen tanşyp, desgalaryň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ulanylmalydygyna ünsi çekdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy täze merkeziň şaýollaryna we köçelerine milli medeniýetimizde, sungatymyzda, edebiýatymyzda, taryhymyzda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň atlarynyň dakyljakdygyny belledi. Bulardan başga-da, hormatly Arkadagymyza merkeziň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän metjidiň gümmezleriniň görnüşleri, köp gatly jaýlarda oturdyljak häzirki zaman liftleriniň aýratynlyklary, şeýle-de Akhan atly bedewiň heýkeli we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly taslamalar, degişli çyzgylar görkezildi. Şolaryň hatarynda täze merkeziň ulag ýollarynda guruljak awtobus duralgalarynyň, täze metjidiň ýanynda bina edilmegi meýilleşdirilýän açyk we ýapyk görnüşli awtomobil duralgalarynyň görnüşleri, lukmançylyk edaralarynyň enjamlarynyň aýratynlyklary baradaky maglumatlar, çyzgylar bar.

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we onuň çäklerinde ylmy maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda we tabşyrygy boýunça Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ilatyň saglygyny goramaga, adamlaryň saglygyny dikeltmek bilen, ýurduň baýlygyny artdyrmaga, keselleriň öňüni alyş, anyklaýyş hem-de olary bejermegiň netijeli usullaryny saglygy goraýyş tejribesine ornaşdyrmaga saldamly goşant goşan saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň tapawutlanan işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak, hormatly atlary dakmak dabarasy boldy.

Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 14-nji jildiniň tanyşdyrylyşy boldy. Kitap ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda çapdan çykdy.

Aşgabat şäherini “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde, Söwda-senagat edarasynda “Dizaýn — 2022” atly Aşgabat forumy we “Araçäksiz dizaýn” atly halkara sergi geçirildi. Gözden geçirilişe eksponentleriň onlarçasy, şol sanda binagärlik we gurluşyk ulgamynda ýöriteleşdirilen meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Forumdaky çykyşlarda Aşgabadyň ösdürilmeginiň, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, onuň düzüminiň kämilleşdirilmeginiň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi. Tanalmaz derejede özgerýän paýtagtymyzyň häzirki keşbinde Garaşsyz döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, onuň köpugurly kuwwaty, mähriban halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Hususan-da, Aşgabat şäheriniň “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmeginiň möhümdigi nygtaldy, şeýle-de bu ugurda gazanylan netijeler we geljekde ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal geçirildi. Bu giň gerimli döredijilik çäresi köpöwüşginli milli medeniýetimiziň özboluşlylygyny, onuň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşindäki ornuny, ägirt uly parahatçylyk döredijilik kuwwatyny açyp görkezmäge gönükdirilendir.

Forumyň çäklerinde ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda milli medeni mirasy gorap saklamagyň hem-de wagyz etmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, milli we häzirki zaman lybaslarynyň görkezilişi, döredijilik duşuşyklary, ussatlyk sapaklary boldy.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary Türkmenistanyň halkara jemgyýetçilik bilen syýasy dialogy giňeldýändiginiň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy ykdysady taýdan ösen döwlete öwürmäge, halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.