Ï Welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň meselelerine garaldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň meselelerine garaldy

view-icon 22184
Welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň meselelerine garaldy

Şu gün Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Onuň dowamynda welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri durmuşa geçirmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmagyň anyk ugurlary kesgitlenildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasarlarynyň, welaýat häkimlikleriniň jogapkär hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen mejlisde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekilleriniň, häkimleriň hem-de käbir ministrleriň çykyşlary we teklipleri diňlenildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy mejlisiň gün tertibini yglan edip, welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny täze döwrüň ruhuna laýyklykda kämilleşdirip, geljek üçin möhüm wezipeleri kesgitlemek maksady bilen, hödürlenen teklipleri göz öňünde tutup, bu babatda degişli işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli döwletlilik binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şu maksat bilen, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy”, şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» kabul edildi.

Maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, welaýatlaryň şäherlerini we obalaryny ösdürmek boýunça zerur işleriň amala aşyrylýandygyny belläp, Mejlisiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada giňişleýin maglumat berdi.

Ýurdumyzyň Konstitusiýasyna laýyklykda, dolandyryş-çäk birliklerini döretmegiň we üýtgetmegiň tertibi “Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenýär. Oňa laýyklykda, welaýatlary, etraplary, şäherdäki etraplary, geňeşlikleri döretmek we ýatyrmak, ilatly ýerleri şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryň derejesine degişli etmek, olaryň adyny üýtgetmek, dolandyryş-çäk gurluşynyň beýleki meselelerini çözmek welaýatlaryň häkimlikleriniň hem-de Ministrler Kabinetiniň Tertipnamalary boýunça ýurdumyzyň Milli Geňeşi tarapyndan amala aşyrylýar.

Bu babatda degişli teklipler işlenip taýýarlananda, netijeli dolandyryş, ykdysady mümkinçilikleri, ilat üçin döwlet hyzmatlarynyň elýeterliligini, senagatlaşdyrmak, iri ilatly ýerleri döretmek we bu ýerleri geljekde ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün etmek nukdaýnazaryndan ugur alnandygyny belläp, G.Mämmedowa ýer, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň we dolandyrmagyň netijeli usullarynyň ornaşdyrylýan döwründe ýurdumyz boýunça dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde taýýarlanylan tekliplere laýyklykda, 6 etraby, 5 sany etrap hukukly şäheri, 1 sany şäherdäki etraby, 2 şäherçäni, 36 sany geňeşligi ýatyrmak, 36 obany dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak boýunça teklipleriň öňe sürülýändigini aýtdy. Şeýle-de durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm görkezijileriniň biri bolan şäherleşme derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, 6 oba şäherçe derejesini berip, 19 obany we 3 sany şäherçäni şäherlere birikdirmek bilen, iri dolandyryş-çäk birliklerini emele getirmek hem-de 6 sany ilatly ýere oba derejesini bermek teklip edildi.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy çykyşynyň dowamynda häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň ilatynyň oba ýerleriniň taryhy atlarynyň dikeldilmegi bilen bagly tekliplerini, haýyşnamalaryny göz öňünde tutup, ýurdumyz boýunça 2 etrabyň, 3 şäheriň, 4 şäherçäniň, 3 geňeşligiň hem-de 21 obanyň adyny üýtgetmek boýunça teklipleriň taýýarlanandygy barada habar berdi.

Häzirki döwürde ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemek bilen, G.Mämmedowa halkymyzyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin ýurdumyzyň tutuş ilatynyň adyndan Gahryman Arkadagymyza hem-de döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewiň çykyşy diňlenildi. Ol çykyşynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek, ýurdumyzyň ähli ýerlerini, sebitleriň hemmesiniň gyradeň ösdürilmegini gazanmak, senagat taýdan ösen döwletleriň hataryndaky ornuny has-da pugtalandyrmak, ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlaryna esaslanýan innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, iň esasysy bolsa ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek hem-de ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm ugurlarynyň biri bolan Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde işleri alyp barmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigi aýdyldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalary tarapyndan degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler bilen bilelikde ýurdumyzyň welaýatlarynyň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça geçirilen işleriň netijesinde, deslapdan degişli teklipleriň işlenilip taýýarlanylandygy habar berildi. Şol teklipler işlenip taýýarlananda, olara netijeli dolandyryş, ykdysady mümkinçilikler, ilat üçin döwlet hyzmatlarynyň elýeterliligi, senagatlaşdyrmak, iri ilatly ýerleri döretmek we bu ýerleri geljekde ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek nukdaýnazaryndan seredilendigine üns çekildi. Ýurdumyzyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ugur almak bilen, degişli işler geçirildi. Şol işleriň çäklerinde käbir etraplary birleşdirmek, käbir etrap hukukly şäherleriň hukuk derejesini üýtgedip, olara etrapdaky şäher derejesini bermek, käbir obalary olaryň ýanaşyk ýerleşýän şäherlere, şäherçelere we obalara birleşdirmek, ilat sany az bolan käbir obalary ilatly ýerleriň sanawyndan aýyrmak, täze dörän obalary bolsa sanawa goşmak teklip edilýär.

Şunda Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde etrap hukukly Tejen şäheriniň hukuk derejesini üýtgedip, oňa etrapdaky şäher derejesini bermek hem-de Tejen şäherini Tejen etrabynyň düzümine geçirmek; Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesini we onuň dolandyryş tabynlygyndaky Kasamly jülge obasyny, Gäwers geňeşliginiň Guryhowdan obasyny hem-de Kaka etrabynyň Duşak şäherçesiniň Birleşik obasynyň ilatynyň 50 adamdan azdygy sebäpli, Birleşik obasyny dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak; Sarahs etrabynyň Sarahs şäheriniň Döwletabat obasynyň we Garaman geňeşliginiň Garaman obasynyň Sarahs şäherine birigendigini göz öňünde tutup, olary birleşdirip, Döwletabat obasyny hem-de Garaman geňeşligini, Garaman obasyny dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak; iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek we Geňeşleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Ak bugdaý etrabynyň Akýaýla geňeşligini ýatyryp, onuň Akýaýla obasyny we Berkararlyk şäherçesiniň Balykçy obasyny Ýaşlyk şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermek; Ak bugdaý etrabynyň Gäwers geňeşligini ýatyryp, onuň Gäwers hem-de Gäwers bekedi obalaryny Bereketli zaman şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermek; Babadaýhan etrabynyň Alty Garlyýew adyndaky geňeşligini ýatyryp, onuň A.Garlyýew adyndaky obasyny Zähmet geňeşliginiň düzümine, Garajaowlak obasyny bolsa Garawekil geňeşliginiň düzümine geçirmek; Kaka etrabynyň Şükür bagşy adyndaky geňeşligini ýatyryp, onuň Şükür bagşy adyndaky obasyny Duşak şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermek; Tejen etrabynyň Lukman geňeşligini ýatyryp, onuň Lukman obasyny Waharman geňeşliginiň düzümine geçirmek; Tejen etrabynyň Seleňli geňeşligini ýatyryp, onuň Seleňli obasyny Zaman geňeşliginiň düzümine geçirmek teklip edilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Ak bugdaý, Babadaýhan, Bäherden, Gökdepe, Kaka, Sarahs we Tejen etraplary, 8 sany etrapdaky şäheri, 9 şäherçäni, 82 geňeşligi we 231 sany obany Ahal welaýatynyň çäginde galdyrmak maksadalaýyk hasaplanýar.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary Balkan welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek boýunça taýýarlanylan teklipler barada aýtdy. Welaýatyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň çägindäki syýahatçylyk infrastrukturasyny, bu etrabyň has-da depginli ösmegini üpjün etmek, ulag, port, senagat mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, şäheri bir edara ediş merkezinden dolandyrmak maksady bilen, Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrabyny ýatyrmak; etrap hukukly Gumdag, Hazar şäherleriniň hukuk derejesini üýtgedip, olara şäherçe derejesini bermek hem-de olary Balkanabat şäheriniň dolandyryş tabynlygyna geçirmek; Hazar şäheriniň Garagöl şäherçesini ýatyryp, oňa oba derejesini bermek we ony Hazar şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermek; Türkmenbaşy etrabynyň Oglanly şäherçesini we onuň dolandyryş tabynlygyndaky Oglanly obasyny, Esenguly etrabynyň ýerleriniň bir bölegini Balkanabat şäheriniň dolandyryş tabynlygyna geçirmek teklip edilýär.

Şeýle-de Balkan welaýaty boýunça ýerlerden gelip gowuşýan tekliplere laýyklykda, Serdar etrabynyň we Serdar şäheriniň adyny üýtgedip, olara taryhy adyny, ýagny Gyzylarbat adyny dakmak hem-de etrap hukukly Serdar şäheriniň hukuk derejesini üýtgedip, oňa etrapdaky şäher derejesini bermek we ony Serdar etrabynyň düzümine geçirmek teklibi öňe sürüldi. Şu nukdaýnazardan, Bereket etrabynyň Däneata geňeşligini ýatyryp, onuň Däneata obasyny Oboý geňeşliginiň düzümine geçirmek; Magtymguly etrabynyň Gyzylymam geňeşligini ýatyryp, onuň Gyzylymam obasyny Çendir geňeşliginiň düzümine geçirmek; Türkmenbaşy etrabynyň Goşaoba geňeşligini ýatyryp, onuň Goşaoba, Süýli, Ybyk we Gürji obalaryny hem-de Oglanly şäherçesiniň Hudaýberdi obasyny Akguýy geňeşliginiň düzümine geçirmek teklip edilýär.

Şeýlelikde, Bereket, Esenguly, Etrek, Magtymguly, Serdar (Gyzylarbat) we Türkmenbaşy etraplaryny, etrap hukukly şäherleriň 2-sini, 1 sany şäherdäki etraby, 6 etrapdaky şäheri, 14 şäherçäni, 30 geňeşligi we 114 sany obany Balkan welaýatynyň çäginde galdyrmak teklip edilýär.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary çykyşynyň dowamynda Daşoguz welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek boýunça gelip gowşan teklipler barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, welaýatyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde Gubadag etrabyny ýatyrmak we Gubadag etrabynyň dolandyryş çäginiň ýerlerini hem-de dolandyryş-çäk birliklerini Boldumsaz etrabynyň düzümine geçirmek; Gurbansoltan eje adyndaky etraby Akdepe etrabynyň düzümine geçirmek hem-de täze döreýän etrabyň edara ediş merkezini Gurbansoltan eje adyndaky şähere geçirmek; etrap hukukly Köneürgenç şäheriniň hukuk derejesini üýtgedip, oňa etrapdaky şäher derejesini bermek hem-de ony Köneürgenç etrabynyň düzümine goşmak teklip edilýär.

Daşoguz şäherinde iri senagat zolaklaryny we ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak bilen baglanyşykly ýer gaznalaryny döretmek üçin S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň dolandyryş çägine degişli 8 müň 20 gektar ýer bölegini Daşoguz şäheriniň edara ediş çäklerine goşmak bilen, jemi 11 müň 804 gektar ýer bölegini Daşoguz şäheriniň dolandyryş çägine degişli etmek hem-de şol ýerlerde şähere ýanaşyk ýerleşýän Bossan geňeşliginiň Panahan obasyny, Gülüstan geňeşliginiň Parahat obasynyň Özbegistan, Ürgenç, Nowruz, Kenar, Gubadag köçelerini, A.Nowaýy adyndaky geňeşligiň Gargaköpri obasyny, Biruni adyndaky geňeşligiň Biruni adyndaky obasyny we Wahymgala obasyny, Adalat geňeşliginiň Şatlyk obasyny, Babadaýhan obasyny hem-de J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşligiň Bagtyýar zaman, Dostluk, Boý, Emirgala, Garagum, Haýwat, Seýpel obalaryny Daşoguz şäheriniň düzümine geçirmek teklip edilýär.

Şeýle-de S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Sadulla Rozmetow adyndaky geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Gülüstan obasyna; Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Aşyr Kakabaýew adyndaky geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Akjadepe obasyna; Gubadag etrabynyň Gökçäge geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Gökçäge obasyna; Akdepe etrabynyň Orazgeldi Ärsaryýew adyndaky geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Ataýap obasyna; Köneürgenç etrabynyň Abadan geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Bereket obasyna; Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Rejepguly Ataýew adyndaky geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Päkize obasyna şäherçe derejesini bermek teklip edilýär.

Iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek we Geňeşleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, düzümindäki obalary golaýda ýerleşýän geňeşlikleriň we şäherleriň düzümine geçirmek bilen, Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Altyn asyr geňeşligini ýatyryp, Altyn asyr we Atamyrat aga obalaryny Üçkepderi geňeşliginiň düzümine geçirmek; Ruhubelent etrabynyň Altyn zaman geňeşligini ýatyryp, onuň Altyn zaman obasyny Tüniderýa geňeşliginiň düzümine geçirmek; Garaköli geňeşligini ýatyryp, onuň Yslam, Çaýyrly we Gyzyljaburun obalaryny Şagadam geňeşliginiň düzümine geçirmek; Wasabat geňeşligini ýatyryp, onuň Wasabat we Uzboý obalaryny Aşyk Aýdyň geňeşliginiň düzümine geçirmek; Magrupy adyndaky geňeşligini ýatyryp, onuň Magrupy adyndaky, Maňgyr, Täzeýer obalaryny Şabende geňeşliginiň düzümine geçirmek; Bedirkent geňeşligini ýatyryp, onuň Şagadam, Oglanly obalaryny Geňeş geňeşliginiň düzümine geçirmek; Oguz han geňeşligini ýatyryp, onuň Oguz han obasyny Ruhnama geňeşliginiň düzümine geçirmek; S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşligini ýatyrmak; Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabyň Mollaoraz Hojamämmedow adyndaky geňeşliginiň Tomman obasyny Saparmyrat Türkmenbaşy şäherine birleşdirip, Tomman obasyny dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak; Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ýörite ýer gaznalarynyň çäginde Döwkesen geňeşliginde täze dörän ilatly ýerlere oba derejesini bermek hem-de olara Baleýşem we Ak oý atlaryny dakmak teklip edilýär.

Etraplaryň birleşdirilmegi netijesinde bir etrabyň çäginde atlary gabat gelýän birmeňzeş atly obalaryň emele gelýändigi hem-de käbir dolandyryş-çäk birlikleriniň atlaryny kämilleşdirmek bilen, Akdepe etrabynyň O.Ärsaryýew adyndaky geňeşliginiň Galkynyş obasynyň adyny üýtgedip, Baglyk adyny; O.Ärsaryýew adyndaky geňeşligiň Ataýap obasynyň adyny üýtgedip, O.Ärsaryýewiň; Mollanepes adyndaky geňeşligiň Garaşsyzlyk obasynyň adyny üýtgedip, oňa Täzemekan; Atçapan geňeşliginiň Azatlyk obasynyň adyny üýtgedip, Bereketli; Sähra geňeşliginiň Gurbansoltan eje adyndaky obasynyň adyny üýtgedip, Ýeketut atlaryny dakmak teklip edilýär.

Şeýle hem Boldumsaz etrabynyň 10 ýyl abadanlyk geňeşliginiň Abadanlyk obasynyň adyny üýtgedip, oňa Ýagty ýol; Berkararlyk obasynyň adyny üýtgedip, Agzybirlik; Almalyk geňeşliginiň Babadaýhan obasynyň adyny üýtgedip, Sähra; Derýalyk obasynyň adyny üýtgedip, Gülzar; Dostluk obasynyň adyny üýtgedip, Ýalkym; Aşgabat geňeşliginiň Döwletli obasynyň adyny üýtgedip, Ýüpek ýoly; Görogly etrabynyň Saparmyrat Nyýazow adyndaky geňeşliginiň adyny üýtgedip, oňa Bedirkent; Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň A.Kakabaýew adyndaky geňeşliginiň Akjadepe obasynyň adyny üýtgedip, oňa A.Kakabaýew; Gurbansoltan eje adyndaky geňeşligiň adyny üýtgedip, oňa Gyzyljagala; Gallaçy geňeşliginiň Saparmyrat Nyýazow adyndaky obasynyň adyny üýtgedip, Gallaçy; Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Gurbansoltan eje adyndaky şäheriniň adyny üýtgedip, oňa Andalyp; R.Ataýew adyndaky geňeşligiň Päkize obasynyň adyny üýtgedip, oňa R.Ataýew; Altyn asyr geňeşliginiň Atamyrat aga obasynyň adyny üýtgedip, oňa Galalygyr; S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň hem-de onuň Nyýazow şäheriniň adyny üýtgedip, Şabat; S.Rozmetow adyndaky geňeşligiň Gülüstan obasynyň adyny üýtgedip, oňa S.Rozmetow atlaryny dakmak kararyna gelindi.

Şeýlelikde, Akdepe, Saparmyrat Türkmenbaşy, S.A.Nyýazow adyndaky (Şabat), Boldumsaz, Görogly, Köneürgenç we Ruhubelent etraplaryny, etrap hukukly şäherleriň 1-ini, 8 etrapdaky şäheri, 7 şäherçäni, 126 sany geňeşligi we 594 sany obany Daşoguz welaýatynyň çäginde galdyrmak teklip edilýär.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary çykyşyny dowam edip, Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek boýunça gelip gowşan teklipler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde Döwletli, Farap etraplaryny ýatyryp, Döwletli etrabynyň Döwletli şäherçesini we onuň dolandyryş tabynlygyndaky Aşgabat obasyny hem-de Hojahaýran, Miras, Täzedurmuş, Berkararlyk, Pagtaçy, Tallymerjen geňeşliklerini Hojambaz etrabynyň düzümine geçirmek; Döwletli etrabynyň Dostluk şäherini, Amyderýa, Kerkiçi şäherçelerini, Daşrabat, Burguçy, Ýalkym, Türkmenistan, Serdar geňeşliklerini Köýtendag etrabynyň düzümine geçirmek; Farap etrabynyň dolandyryş çäginiň ýerlerini hem-de dolandyryş-çäk birliklerini Çärjew etrabynyň düzümine geçirmek; Halaç etrabynyň Garabekewül şäherini, Yslam şäherçesini we onuň dolandyryş tabynlygyndaky Gumakly, Soltanjeňňel obalaryny hem-de Soltanýazgala, Dostluk, Seýdi, Lamma, Akgala, Rahmançäge, Ärsarybaba, Baý, Zelili adyndaky geňeşliklerini Saýat etrabyna geçirmek teklip edilýär.

Şeýle-de iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek, durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm görkezijileriniň biri bolan şäherleşme derejesini we Geňeşleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Çärjew etrabynyň Talhanbazar geňeşligini ýatyryp, onuň Pagtaçy obasyny Hojaili geňeşliginiň düzümine geçirmek; Döwletli etrabynyň Miras geňeşligini ýatyryp, onuň Miras we Garagum obalaryny Döwletli şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna geçirmek; Serdar geňeşligini ýatyryp, onuň Serdar we Dostluk obalaryny Türkmenistan geňeşliginiň düzümine geçirmek; Halaç etrabynyň Jeýhun geňeşligini ýatyryp, onuň Jeýhun obasyny Halaç geňeşliginiň düzümine geçirmek; Hojambaz etrabynyň Garaşsyzlyk geňeşligini ýatyryp, onuň Gülüstan obasyny Kyrköýli geňeşliginiň düzümine geçirmek; Köýtendag etrabynyň Ýürekdepe geňeşligini ýatyryp, onuň Ýürekdepe we Aýrybaba obalaryny Çärjew geňeşliginiň düzümine geçirmek; Saýat etrabynyň Çarbagdepe, Gyzylýarymaý geňeşliklerini ýatyryp, olaryň Miweçiler we Gyzylýarymaý obalaryny Tejribeçiler geňeşliginiň düzümine geçirmek hem-de Tejribeçiler geňeşliginiň adyny üýtgedip, oňa Çarbagdepe adyny dakmak; Çärjew etrabynda ýörite ýer gaznasynyň çäginde dörän täze ilatly ýere oba derejesini bermek we oňa Dostluk adyny dakmak, ol obany Hojaili geňeşliginiň düzümine geçirmek teklip edilýär.

Welaýatyň etraplarynyň birleşdirilmegi netijesinde bir etrabyň çäginde atlary gabat gelýän birmeňzeş atly obalaryň atlaryny üýtgetmegiň zerurdygyny nazara alyp, Awçy geňeşliginiň Lebap obasynyň adyny üýtgedip, oňa Lebapoba; Çekiç geňeşliginiň Täzeoba obasynyň adyny üýtgedip, oňa Bagtyýarlyk; Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň Dostluk obasynyň adyny üýtgedip, oňa Abadan; Çärjew etrabynyň Kölaryk geňeşliginiň Ýalkym obasynyň adyny üýtgedip, oňa Ak altyn; Bereket geňeşliginiň Ýaşlyk obasynyň adyny üýtgedip, Rowaçlyk; N.Gutlyýew adyndaky geňeşligiň Magtymguly obasynyň adyny üýtgedip, Magtymguly Pyragy; Köýtendag etrabynyň Garnas geňeşliginiň Ýaşlyk obasynyň adyny üýtgedip, Balh; Garnas geňeşliginiň Dostluk obasynyň adyny üýtgedip, Çarşaňňy atlaryny dakmak teklip edilýär.

Şeýlelikde, Çärjew, Darganata, Dänew, Halaç, Hojambaz, Kerki, Köýtendag, Saýat etraplaryny, etrap hukukly şäherleriň 1-ini, 14 etrapdaky şäheri, 24 şäherçäni, 97 sany geňeşligi we 430 sany obany Lebap welaýatynyň çäginde galdyrmak kararyna gelindi.

Mary welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek boýunça taýýarlanylan teklipler barada hem aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, welaýatyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde Oguzhan, Serhetabat etraplaryny ýatyrmak, Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäherini, Döwletli zaman, Parahat şäherçelerini, Altyn zaman, Aýhan, Daghan, Gökhan, Günhan, Merdana, Ýyldyzhan geňeşliklerini Sakarçäge etrabynyň düzümine geçirmek; Deňizhan, Oguzhan şäherçelerini, Deňizhan, Dostluk geňeşliklerini Murgap etrabynyň düzümine geçirmek; Serhetabat etrabynyň dolandyryş çäginiň ýerlerini hem-de dolandyryş-çäk birliklerini Tagtabazar etrabynyň düzümine geçirmek teklip edilýär.

Şeýle hem iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek, Geňeşleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Baýramaly etrabynyň Şapak geňeşligini ýatyryp, onuň Türkmenistan obasyny Azat geňeşliginiň düzümine geçirmek; Murgap etrabynyň Birleşik geňeşligini ýatyryp, onuň Birleşik obasyny Suhty geňeşliginiň düzümine geçirmek; Suhtyýap geňeşligini ýatyryp, onuň Suhtyýap obasyny Gatyýap geňeşliginiň düzümine geçirmek; Oguzhan etrabynyň Aýhan, Daghan, Günhan geňeşliklerini ýatyryp, olaryň Aýhan, Daghan we Günhan obalaryny Gökhan geňeşliginiň düzümine geçirmek; Mary etrabynyň Parahat geňeşligini ýatyryp, onuň Akgoňur obasyny Abadanlyk geňeşliginiň düzümine geçirmek; Milli goşun geňeşligini ýatyryp, onuň Mawyteber obasyny Gyzylgum geňeşliginiň düzümine hem-de Gurtzäkir obasyny A.Mämmedowa adyndaky geňeşligiň düzümine geçirmek; Mülkburkaz geňeşligini ýatyryp, onuň Mülkburkaz, Soltanyz we Ýolly obalaryny Mary şäherine birleşdirmek; Wekilbazar etrabynyň Mary şäherine ýanaşyk ýerleriniň bir bölegini Mary şäherine bermek teklip edilýär.

Käbir obalaryň ýanaşyk şäherlere we obalara birigen bölegini birleşdirmek bilen, Türkmengala etrabynyň Kemine geňeşliginiň Täzebirleşik obasyny Kemine obasyna birleşdirmek; Soltanýap geňeşliginiň Sarygoba obasyny Ýyldyz obasyna birleşdirmek; Ýolöten etrabynyň Baýraç geňeşliginiň Garaboragan, Sytdyh obalaryny bu geňeşligiň edara ediş merkezi bolan Janybek obasyna birleşdirmek; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ýolöten ylmy-önümçilik synag merkeziniň ýaşaýyş jaý toplumyny Ýolöten şäherine birleşdirmek; Hakykat geňeşliginiň Gyzylýap obasyny Hakykat obasyna birleşdirmek; Soltanbent geňeşliginiň Täzedaýhan we Gyzyl obalaryny, degişlilikde, Dostluk obasyna hem-de Soltanbent obasyna birleşdirmek, Mary we Tagtabazar etraplarynda ýörite ýer gaznalarynyň çäginde dörän ilatly ýerlere oba derejesini bermek hem-de olara Aköýli, Akgaýa atlaryny dakmak teklip edilýär. Etraplaryň birleşdirilmegi netijesinde bir etrabyň çäginde atlary gabat gelýän birmeňzeş atly obalaryň emele gelýändigi sebäpli, Tagtabazar etrabynyň Sandykgaçy geňeşliginiň Ýeňiş obasynyň adyny üýtgedip, oňa Bagçylyk adyny dakmak teklip edilýär.

Şeýlelikde, Baýramaly, Garagum, Mary, Murgap, Sakarçäge, Türkmengala, Tagtabazar, Wekilbazar we Ýolöten etraplaryny, etrap hukukly şäherleriň 2-sini, etraplaryň 6-syndaky şäherleri, 14 şäherçäni, 134 sany geňeşligi we 321 obany Mary welaýatynyň çäginde galdyrmak kararyna gelindi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň ähli künjeklerinde teklip edilýän özgertmeler barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, taýýarlanylan teklipler esasynda ýurdumyz boýunça Gubadag, Gurbansoltan eje adyndaky, Farap, Döwletli, Serhetabat we Oguzhan etraplaryny; Tejen, Gumdag, Hazar, Serdar, Köneürgenç etrap hukukly şäherlerini; Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrabyny; Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesini, Hazar şäheriniň Garagöl şäherçesini; 36 sany geňeşligi ýatyrmak we 36 sany obany dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak teklip edilýär. Şeýle-de durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm görkezijileriniň biri bolan şäherleşme derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, 6 sany oba şäherçe derejesini berip, Sadulla Rozmetow adyndaky, Aşyr Kakabaýew adyndaky, Gökçäge, Ataýap, Bereket hem-de Rejepguly Ataýew adyndaky şäherçeleri döretmek, 6 sany ilatly ýere oba derejesini bermek teklip edilýär.

Şeýlelikde, Türkmenistan boýunça jemi 37 sany etraby, 6 sany etrap hukukly şäheri, 5 sany şäherdäki etraby, 42 etrapdaky şäheri, 68 şäherçäni hem-de 469 geňeşligi we 1690 sany obany galdyrmak kararyna gelindi.

Öňe sürlen teklipleriň durmuşa geçirilmegi durnukly ösüş üçin ýurdumyzda bar bolan serişdeleriň we mümkinçilikleriň doly peýdalanylmagyny, Döwlet býujetiniň serişdeleriniň rejeli, maksatlaýyn ulanylmagyny, oňa döwrebap gözegçiligiň amala aşyrylmagyny, ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depginler bilen alnyp barylmagyny, maliýe-ykdysady durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyny, sebitleriň öndüriji güýçleriniň toplumlaýyn ösüşiniň gazanylmagyny we senagatlaşma derejeleriniň ýokarlandyrylmagyny, iri döwrebap kärhanalaryň giň gerimde döredilmegini üpjün eder.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary dolandyryş-çäk birlikleri babatda teklip edilýän özgertmeleriň adamlaryň durmuşy üçin has amatly şertleriň döredilmegine, durmuş ulgamynyň netijeliliginiň pugtalandyrylmagyna, zähmet gatnaşyklarynyň oňyn düzgünleşdirilmegine gönükdirilendigini belläp, bu işleriň sakasynda duran hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşýan welaýat häkimlerine söz berdi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge hem-de onuň ykdysady kuwwatynyň berkemegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli işleriň oňyn netije berýändigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwrüň talaplaryny nazara almak esasynda işlenip taýýarlanan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ykdysadyýetimiziň sazlaşykly we durnukly ösüşini üpjün etmek, dolandyryş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny, hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär.

Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işleriň netijeli häsiýete eýedigini belläp, ownuk daýhan hojalyklarynyň, oba hojalyk bilen meşgullanýan hususyýetçileriň ekin meýdanlarynda agrotehniki çäreleri öz wagtynda ýokary hilli geçirmäge, ýerden bol hasyl öndürmäge hem-de önümleri kiçi kärhanalarda gaýtadan işlemäge, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligi we gaýtadan işleýän senagatyň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga şert döreder diýip, häkim sözüni dowam etdi. Şeýle-de ol oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini şäher ilatynyňky bilen deňleşdirmek, ilatymyzyň durmuş üpjünçiligini has-da gowulandyrmak we ýurdumyzyň ähli sebitlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin, beýik özgertmeleriň başyny başlan hormatly Arkadagymyza we asylly işleri mynasyp derejede dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza hoşallyk bildirdi.

Mejlisiň dowamynda Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewiň çykyşy diňlenildi. Häkim ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ýetilen belent sepgitler, eziz Diýarymyzyň kuwwatyny has-da pugtalandyrmak hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtady. “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmekde şäherleşme derejesini ýokarlandyrmak, welaýatyň senagat zolagynyň mümkinçiliklerini ulanmak, ekerançylyk we öri meýdanlaryny netijeli peýdalanmak boýunça ýerli dolandyryş edaralarynyň, ilatyň teklipleri esasynda taslamalar taýýarlanyldy.

Häkim çykyşynyň dowamynda welaýatyň ulag-logistika, nebit-gaz we himiýa senagatynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýandygyny, şunda döwlet dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegi bilen, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hasabyna ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň üpjün ediljekdigini nygtady. Bu bolsa ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmakda, welaýatyň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýetlidir. Şeýle-de ol çykyşynyň ahyrynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan asylly işleriň mundan beýläk-de rowaç almagyna welaýatyň agzybir we zähmetsöýer ilatynyň mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy we giň möçberli işleriň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigi üçin hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdy.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowa söz berildi. Häkim häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça okgunly ösüş ýoluna düşendigini nygtady. Şunda welaýatlary deň derejede ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak wezipesi döwlet Baştutanymyzyň durmuş-ykdysady syýasatynyň wajyp ugrudyr. Ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek, iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek, raýatlaryň haýyşnamalaryny kanagatlandyrmak hem-de bu maksatlaryň çäginde durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm görkezijileriniň biri bolan şäherleşme derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, welaýatyň dolandyryş-çäk gurluşyny özgertmek ähmiýetli bolup durýar.

Şeýle hem häkim welaýat boýunça teklip edilýän dolandyryş-çäk gurluşynyň kämilleşdirilmeginiň “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” hem-de Oba milli maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Munuň özi welaýatda iri senagat zolaklaryny döretmek we ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak üçin ýer gaznalaryny döretmäge ýakyndan ýardam berer. Taýýarlanylan tekliplere laýyklykda, täze dörediljek iri etraplarda suw serişdelerini dolandyrmagyň häzirki hereket edýän çäk we sebitleýin dolandyryşy has-da kämilleşdiriler, ekin meýdanlaryny netijeli peýdalanmak arkaly suw serişdelerini rejeli we tygşytly ulanmaga mümkinçilik berer diýip, häkim sebitleriň hemmetaraplaýyn esasda ösdürilmegi ugrunda edilýän alada üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de döwlet Baştutanymyza hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew çykyş etdi. Häkim, ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini nygtady. Welaýatyň dolandyryş-çäk gurluşynyň kämilleşdirilmeginiň giň möçberli işlere badalga berjekdigini belläp, häkim gelip gowşan teklipler esasynda zerur işleriň amala aşyrylandygyny nygtady.

Ýurdumyzda döwlet dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde köp sanly ýaşaýjylaryň haýyşlary göz öňünde tutulyp, dolandyrmaga amatly bolan şertleri döretmek maksady bilen, dolandyryş-çäk birliklerine täzeden seredip, onuň kämilleşdirilmeginiň çuňňur kanagatlanma duýgusy bilen kabul edilýändigini belläp, häkim bu işleriň ýokary derejede amala aşyryljakdygyny belledi. Häkim şeýle tutumly işlere welaýatyň agzybir we zähmetsöýer ilatynyň mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna, döwlet Baştutanymyzyň kesgitlän wezipelerini ýerine ýetirmekde gujur-gaýratyny gaýgyrman, yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy we beýik başlangyçlar üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyşlaryny aýtdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewe söz berildi. Häkim häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge hem-de onuň ykdysady kuwwatynyň berkemegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň, ykdysady özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak, iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek, welaýatyň dolandyryş-çäk bölünişigini kämilleşdirmek, welaýatyň ilatynyň, şol sanda il sylagly ýaşulularyň haýyşnamalaryny kanagatlandyrmak, şeýle-de durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm görkezijileriniň biri bolan şäherleşme derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, bu ugurda teklipler hödürlenildi.

Şol çäreleriň welaýatlaryň sazlaşykly ösmegine, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliliginiň ýokarlanmagyna, degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegine giň mümkinçilikleri döretjekdigi nygtaldy. Häkim milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşini üpjün etmek, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda welaýatyň agzybir zähmetkeşleri bilen bilelikde mundan beýläk-de ähli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy we sebitleriň ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegini nazarlaýan giň möçberli işler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowa söz berildi.

Ministr häzirki döwürde ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygyny, kabul edilýän döwlet we milli maksatnamalaryň baş maksadynyň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösüşini üpjün etmekden, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, durmuş goraglylygyny we iş üpjünçiligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakdan ybaratdygyny belledi. Döwlet dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmegiň birnäçe möhüm wezipeleri öz içine alýandygyny belläp, maliýe we ykdysadyýet ministri olaryň ýurdumyzyň hemme çäklerini ýer we suw serişdeleri, adam maýasy, önümçilik kuwwatlyklary bilen deňeçer üpjünçiligini esasy ugur edinýändigini nygtady. Şunda bu serişdelerden netijeli peýdalanmak arkaly senagat we oba hojalyk zolaklary kemala gelýär, ýaşaýyş üçin zerur bolan ulag we aragatnaşyk düzümi döreýär, durmuş hyzmatlary ulgamlary döwrebaplaşdyrylýar.

Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmagyň möhüm görkezijileriniň biri bolan ýurdumyzyň ähli çäklerinde şäherleşme derejesini ýokarlandyrmak ugrunda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny belläp, ministr Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen, oba we şäher ilatynyň durmuş şertleriniň deňeçerlenýändigini, sebitleýin ösüşiň gazanylýandygyny nygtady. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” we Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek, Döwlet býujetiniň serişdeleriniň rejeli we maksatlaýyn ulanylmagyny gazanmak, ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek, olaryň öndüriji güýçleriniň senagatlaşma derejelerini ýokarlandyrmak maksatlaryndan ugur alnyp, dolandyryş-çäk birlikleri babatda taýýarlanan teklipleriň amala aşyrylmagy bilen, jemi 28 million manat býujet serişdesiniň tygşytlanmagyna garaşylýar.

Şeýle-de dolandyryş-çäk birlikleriniň kämilleşdirilmegi bilen baglylykda, ulanyşdan boşadylýan, ykdysadyýetimiz üçin goşmaça mümkinçilikleri emele getirýän ýerli dolandyryş, bilim, medeniýet we maliýe-ykdysady edaralarynyň edara binalaryny, desgalaryny netijeli peýdalanmak ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik döreder we Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmaga oňyn täsirini ýetirer diýip, ministr sözüni dowam etdi. Ol milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de durnukly ösdürmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýuljakdygyny nygtap, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna we ýurdumyzyň dolandyryş-çäk birlikleriniň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine oňyn mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadagymyz tygşytlanan maliýe serişdeleriniň ýurdumyzyň durmuş ulgamyna, mekdepleriň we çagalar baglarynyň, saglyk edaralarynyň gurluşygyna, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Milli Geňeşiň işiniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän möhüm meseleleri çözmekden ybaratdygyny belledi. Bu işiň esasynda adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini we hilini ýokarlandyrmak, olaryň döwlet işine işjeň gatnaşmaklaryny höweslendirmek, ýurdumyzyň sebitleriniň ösüşini gazanmak, senagat taýdan ösen döwletleriň arasynda Türkmenistanyň ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary esasynda innowasion işleri Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirmek, pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, döwrebap tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak arkaly iri häzirki zaman önümçilikleri döretmek ýaly anyk maksatlardyr wezipeler durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda adamlaryň bähbitlerini goramak bilen bagly meseleler ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlendi diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda syýasy durnuklylygy üpjün etmekde, jemgyýetçilik ylalaşygyny, durmuş adalatlylygyny berkitmekde, demokratik institutlary ösdürmekde we berkitmekde milli parlamentiň möhüm ornunyň bardygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň dolandyryş-çäk serhedine täzeden seretmegiň esasy meseleleriň biri bolup durýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Milli Geňeşi degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde ýurdumyzyň welaýatlarynyň dolandyryş-çäk bölünişigini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça degişli teklipleri işläp taýýarlady. Welaýatlara iş saparlary guraldy. Ýaşlar, işçiler we oba hojalyk işgärleri, Halk Maslahatynyň hem-de welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, döwlet edaralarynyň işçileri bilen duşuşyklar geçirildi diýip, hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň 23-nji sentýabrda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp geçirilen Döwlet Maslahatynda eden taryhy çykyşyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek boýunça teklipleriň öwrenilendigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz ýerlerde ýagdaýlaryň öwrenilmeginiň welaýatlaryň we etraplaryň ýolbaşçylarynyň häzirlikçe öňde goýlan wezipeleri, ilatymyzyň durmuşyny gowulandyrmak boýunça meseleleri çözmekde talabalaýyk işlemeýändiklerini görkezendigini nygtady.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa ýüzlenip, welaýatyň ähli ykdysady görkezijileri bilen tanşandygyny aýtdy. Hasabatlara seretseň, anyk işleriň alnyp barylýandygy görünýär. Ahal welaýatynda täze senagat ulgamy döredilýär. Döwletiň goldaw bermeginde dürli maksatly täze binalar, desgalar, ýollar we köprüler gurulýar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Biz Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezini gurýarys. Bu işi men öz aýratyn gözegçiligimde saklaýaryn. Her hepde diýen ýaly gurluşyk ýerine baryp, işleriň nähili alnyp barylýandygy bilen ýerinde tanyşýaryn. Maňa obanyň ýaşululary, oba zähmetkeşleri, gurluşykçylar bilen söhbetdeş bolmak miýesser edýär diýip, hormatly Arkadagymyz nygtady.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, esasy zat adamlar özgertmeleri geçirmegiň maksadyna we zerurdygyna düşünýärler. Her bir raýat özüne bagly ähli işi etmek bilen, olary amala aşyrmak üçin öz goşandyny goşmaga çalyşýar. Biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämiz bar. Şoňa görä-de, adam hakdaky alada ähli zatdan ýokary bolmalydyr. Sebitde bu işler bilen welaýatyň we etraplaryň häkimleri meşgul bolmalydyrlar.

Emma Ahal welaýatynda bildirilýän talaplar boýunça ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy kanagatlanarly däl. Pagta ýygymy pes derejede alnyp barylýar. Bugdaý ekişi-de örän yza galýar. Welaýatda suw üpjünçiliginiň ýagdaýy hem ýaramaz. Suw akabalary gazylmaýar. Döwlet tarapyndan köp möçberde satyn alnan tehnikalar hem eýesiz saklanýar diýip, hormatly Arkadagymyz bu ýagdaýlaryň diňe oba hojalygyna degişli däldigini aýtdy. Beýleki pudaklar hem oňat netijeleri görkezmeýärler. Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle ýagdaýlaryň näme sebäpli ýüze çykýandygy bilen gyzyklandy.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ekerançylaryň we zähmetkeşleriň günäkär däldigini aýratyn nygtap, käbir daýhanlaryň bol hasyl ýetişdirýändiklerini we gowy netijeleri gazanýandyklaryny aýtdy. “Ýöne olaryň sany entek köp däl. Näme üçin olaryň sany köpelmeýär?” diýip, hormatly Arkadagymyz şeýle ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň sebäbini sorady.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam edip, welaýatyň we etraplaryň häkimleriniň görkezilen talaplara laýyklykda iş alyp barmaýandygynyň munuň esasy sebäbi bolup durýandygyny belledi. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, her häkimlikde işgärleriň sany esli bar. Olaryň hemmesi gözegçilik etmek, başlyk bolmak isleýär. Netijede, halal zähmeti bilen ekin ekýän her bir daýhana, önüm öndürýän her bir zähmetkeşe birnäçe başlyk bar. Şeýlelik bilen, işde zähmet çekýänden ýolbaşçy kän. Köp ýagdaýlarda buýruk bermegi gowy görýän adamlar gözegçilik edýän kişi bolup, kömek etmegiň deregine, päsgel berýärler. Şoňa görä-de, ýolbaşçylar, häkimler günäkär diýen netijä gelinýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Halk Maslahatynyň Başlygy henizem ýeriň hakyky eýesiniň tapylmaýandygyny, haçan-da, ýeriň hakyky eýesi tapylanda, oňa başlygyň hem, ýolbaşçylaryň görkezmeleriniň hem, ýolbaşçylaryň hem gerek bolmaýandygyny, sebäbi ýeriň hakyky eýesiniň öz etmeli işini bilýändigini nygtady.

Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatynda-da işleriň ýagdaýynyň öwerlik däldigini aýdyp, bu barada welaýat häkimi T.Atahallyýewe ýüzlenmek bilen, işleriň häzirki ýagdaýyndan örän nägiledigini belledi. Balkan welaýaty ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde aýratyn orny eýeleýär. Welaýatda ösen senagat pudagy döredildi. Sebitiň zähmetkeşleri, esasan, nebitiň we gazyň ýataklaryny gözläp tapmak, gymmatly himiki çig maly gaýtadan işlemek we senagat taýdan ulanmak ýaly işler bilen meşgul bolýarlar. Soňky ýyllarda birnäçe iri senagat desgalary guruldy. Döwlet tarapyndan daýhanlara berilýän kömegiň, ýardamyň netijeleri iş ýüzünde hiç görünmeýär.

Gahryman Arkadagymyz pagta ýygymynyň derejesiniň örän pesdigine ünsi çekip, wagtyň garaşmaýandygyny, ýakyn wagtdan ygalyň ýagyp başlajakdygyny, daýhanyň zähmeti bilen gazanylan hasyly zaýa etmeli däldigini nygtady. Pagta baýlykdyr. Bu baýlygy ýöne ýere ýitirmeli däldiris. Siziň häzirki iş alyp barşyňyz bilen ýagdaýlary düzetmek kyn bolar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Şeýle-de hormatly Arkadagymyz bugdaý ýetişdirmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny, häzir bu işiň pes derejede alnyp barylýandygyny belläp, agrotehniki kadalar doly berjaý edilmese, ýokary hasyl almagyň başartmajakdygynyň aýdyň görünýändigini nygtady. Tehnikalaryň ýagdaýyna hemişe gözegçilik etmek, agrotehniki kadalary berjaý etmek zerur bolup durýar. Ýetişdirilen hasyly saklamakda ownuk zat bolmaýar. Bugdaý — bu adamlar üçin bolçulyk we abadançylykdyr. Abadançylygy Beýik Biribar berýär. Kim muňa päsgelçilik döretse, ol özüniň pesdigini görkezýär. Bugdaý ekişi, ony ýetişdirmek, hasyly saklamak, halkymyza un we un önümlerini hödürlemek barada aýdylanda, size öwünmäge zat ýok diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz welaýatyň tebigy şertleriniň suw serişdelerini oýlanyşykly ulanmagy talap edýändigini, şoňa görä-de, sebitde suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns bermelidigini, alnan enjamlary netijeli ulanmagyň, olary öz hojalygyňdaky ýaly aýawly saklamagyň zerurdygyny nygtady. Bu ugurda hem köp sanly ýetmezçilikler bar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowa ýüzlenip, onuň alyp barýan işleriniň ýagdaýynyň hem şeýledigine ünsi çekdi. Welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan ähli işler öwerlik däl. Sebitiň ykdysadyýetiniň esasyny oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat düzýär. Döwletimiz tarapyndan bu pudaklary ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda oba hojalygynyň möhüm meselesi bolan pagta ýygymynyň depgini örän pes. Bugdaý ekişi hem haýal alnyp barylýar. Bu iki iş biri-birinden möhümdir. Häzir howanyň gowudygyna biz minnetdar bolmalydyrys diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz sowuk we ygally günlerde ekibem, ýygnabam, hiç bir işleri ýerine ýetiribem bolmajakdygyna aýratyn ünsi çekip, işleriň şeýle ýagdaýyny göreniňde, nämäniň ýetmeýändigi barada soragyň ýüze çykýandygyny nygtady. Tehnika, tohum, dökün we beýleki ähli zatlar döwlet tarapyndan satyn alynýar we goldanylýar. Işçi güýji hem bar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ekinleriň daýhan üçin amatly bolmalydygyny, welaýatyň toprak we howa şertlerine görä öz wagtynda ekilmelidigini aýtdy. Pagta, bugdaý, şaly, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekilişi, olara ideg etmek, hasyly ýygnamak agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidir. Welaýatyň oba hojalyk ýerleriniň şorlaşmagynyň öňüni almak, suw akabalaryny yzygiderli arassalamak, suw joşgunlaryny, ýerasty suwlary netijeli ulanmak, käbir hasylly ýerlerde otag etmek ýaly meselelerde kemçilikler bar diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Suw üpjünçiligini, welaýatyň oba hojalyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, goşmaça suw gorlaryny döretmek boýunça möhüm çäreleri görmek zerurdyr. Welaýatda oba hojalyk, ýer ýazgysyny döretmek bilen meşgullanýan kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek boýunça döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Emma Daşoguz welaýatynda bu işleriň ählisi netijesiz. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz, haçan-da, ýer ýazgysy düzülende we ýeriň hakyky eýesi tapylanda, bu aýdylan kemçilikleriň bolmaýandygyny nygtady.

Ýere eýelik edýän hakyky ekerança siziň görkezmäňiz, gözegçiligiňiz gerek däl. Ol öz ýerini we öz bähbidini bilýär diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy. Halk Maslahatynyň Başlygy diňe bir oba hojalygynyň däl, eýsem, welaýatyň köp sanly içerki ýollarynyň, köprüleriniň, elektrik sütünleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, kitaphanalaryň, medeniýet öýleriniň durkuny täzelemek ýa-da olary düýpli abatlamak bilen bagly işleriň ünsden düşürilendigini nygtap, häzir ähli pudaklar boýunça görkezijileri seljerip durmajakdygyny, olaryň her birinde ýol berlen ýalňyşlyklaryň görnüp durandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häkimden welaýatda bu işleri kimiň etmelidigini, kemçilikleri kimiň düzetmelidigini, kimiň guramaçylyk, kimiň ýolbaşçylyk etmelidigini sorady.

Elbetde, ilkinji nobatda, bular welaýat häkiminiň işi. Häkimiň borjuna girýän birnäçe wezipeler bar. Bir işi edip, beýlekilere sowuk-sala garamak bolmaýar. Hemme işleri edip ýetişmeli. Ýöne welin, häzirlikçe welaýat häkimi N.Nazarmyradowyň iş alyp barşyndan biz nägile. Başgaça işlemeli. Häzirki ýagdaýda işleýän adamlardan buýruk berýän adam has köp. Her kim öz ýanyndan başlyk. Işleýän adamlary ünsden düşürsek, başlyklaryň sanyny azaltmasak, mundan beýläk işlerimizi kadaly alyp baryp bolmajagy göze görnüp duran hakykatdyr diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz welaýaty dolandyrmakda özgertmeleri amala aşyrmalydygyny, şu günüň talaplaryna laýyk gelýän ýolbaşçynyň işlemelidigini, talabalaýyk gelmeýänleriň bolsa biziň ýolumyzdan aýrylmaly boljakdygyny nygtady.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewe ýüzlenip, gündogar sebitiň ýurdumyzyň iň bir ýokary depginler bilen ösýän welaýatlarynyň biridigini nygtady. Dünýäde iň uzyn gaz geçirijileriň biri bolan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi gözbaşyny şu welaýatdan alýar. Bu welaýatda ulag-logistika geçelgeleriniň möhüm bölegi bolup duran iri senagat desgalary, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleri, Halkara howa menzilleri, awtomenziller guruldy. Şeýle-de raýatlara halkara derejede hyzmat edip bilýän saglygy goraýyş edaralarynyň binalary, bilim we medeni maksatly desgalar, ýaşaýyş jaýlary guruldy. Täze obalar, şäherler, şäherçeler döredilýär. Ýöne muňa garamazdan, welaýatda işleriň häzirki ýagdaýy, hususan-da, welaýat häkiminiň iş alyp barşy bizi kanagatlandyrmaýar. Pagta ýygymynyň netijeleri garaşylýan görkezijiden pes. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy näme üçin beýle bolýandygyny, munuň sebäbiniň nämedigi bilen gyzyklandy. Şol bir il-günümiz, şol bir howamyz. Pagta ýygýan kombaýnlar we beýleki tehnikalar ýeterlik. Pagtanyň satyn alyş nyrhy daýhanlar üçin bähbitli diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Hormatly Arkadagymyz bugdaý ekişinde-de ýagdaýlaryň öwerlik däldigini nygtap, bu işiň depginini ýokarlandyrmalydygyny, şunda howlukmaly däldigini, ýokary hilli hasyl almak üçin, ilkinji nobatda, agrotehnikanyň ähli talaplaryny berjaý etmelidigini, bu meselä sowuk-sala garamak bolmaýandygyny aýtdy. Bu zatlaryň ählisi ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglydyr. Welaýatlaryň ählisiniň häkimleri bu işiň ähmiýetine düşünmelidir.

Gahryman Arkadagymyz welaýatda suw üpjünçiliginiň gowşak ýola goýlandygyna hem ünsi çekip, derýanyň ýanynda ýerleşip, suw ýetmezçiligi sebäpli kösençligiň bolýandygyna ynanmagyň örän kyndygyny nygtady we bar bolan tehnikalary doly derejede peýdalanmagyň, suwlaryň akyp barýan ýerlerini arassalamagyň we ýene-de täze ýerleri gazmagyň, bu meseläni doly aradan aýyrmagyň, suw üpjünçiliginde täze suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy. Sebitde yhlasly zähmet çekip, bereketli toprakdan bol hasyl alyp bilýän daýhanlar bar. Olara hakyky ýer eýeleri diýmek bolar. Geljekde ähli oba hojalyk ýerleri şeýle daýhanlara berilmelidir. Olar agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý edýärler we ekin dolanyşygyny nähili amala aşyrmalydygyny bilýärler. Hakyky zähmetkeşlere goldaw berilse, oba hojalygy hem, maldarçylyk hem ösmek bilen bolar. Oba hojalygynda häkimiň esasy meşgullanmaly işi-de şundan ybaratdyr diýip, hormatly Arkadagymyz nygtady.

Halk Maslahatynyň Başlygy oba hojalygy bilen birlikde, welaýatda senagatyň başga pudaklaryny, şol sanda dokma we himiýa senagatlary, elektrik energetikasy, gurluşyk, gurluşyk materiallary senagaty, bilim, saglygy goraýyş ulgamlary, sport, syýahatçylyk, medeniýet ýaly ugurlary göz öňünde tutmalydygyny belläp, olary hem ösdürmegiň zerur bolup durýandygyny aýtdy. Bu ugurda alnyp barylýan işlere-de, bildirilýän talaplara laýyklykda, düzediş girizmeli. Şeýle netijeleri gazanmak üçin häkimler täzeçe işlemeli bolar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewe ýüzlenip, sebitiň örän giň ykdysady mümkinçilikleriniň bardygyny, olaryň, aýratyn-da, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýüze çykandygyny nygtady. Tebigy gazy çykarmak, ony gaýtadan işlemek, içerki we daşary ýurtlardaky sarp edijilere ibermek, elektrik energetikasy, dökünleri öndürmek — bu giň gerimli taslamalaryň ählisi halkara ähmiýetlidir.

Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatynyň şu ýyl boýunça ykdysady görkezijilerine, dürli hasabatlara we maglumatlara seredilende, hususan-da, ýolbaşçylaryň haýal-ýagal, işlerine jogapkärçiliksiz çemeleşýändigi barada netijä gelmeli bolýandygyny nygtady. “Döwletimiz maldarçylygy we ekerançylygy ösdürmek üçin oňat mümkinçilikleri döredýär. Telekeçilik bilen meşgullanýan adamlaryň sany köpelýär. Sebäbi döwletimiz olary goldaýar. Biz bu işlerden has uly netijelere garaşýarys. Ýöne welin, şu ýyl gazanylan üstünlikler hany?!” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sorady.

Tutuş welaýatda suw üpjünçilik işleriniň derejesi pes. Köp sanly suw akabalarynyň ugurlaryny gum we gamyş basypdyr. Şu zatlara ýol bermezlik üçin biz her ýyl ýüzlerçe täze tehnikany satyn alýarys. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz olaryň ýagdaýy, kadaly ideg edilişi, ýerleriň hakyky ýer eýelerine berlişi bilen gyzyklandy. Men degişli ýolbaşçylaryň bu soraglara-da jogap tapjakdyklaryny bilýärin. Ýöne bizi özüňi aklajak bolmak däl-de, anyk netijeler gyzyklandyrýar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy. Gahryman Arkadagymyz mysal hökmünde şu günler oba hojalyk pudagynda işleýän adamlar üçin iň möhüm döwür bolan pagta ýygymyny görkezdi hem-de bu ugurda netijeleriň pesdigini, bugdaý ekişinde-de netijäniň şeýledigini belledi. Bu strategik çig mallaryň ikisi-de, ilkinji nobatda, welaýatyň içerki sarp edijilerine zerur bolup durýar.

Eger olar az öndürilse, bu elbetde, beýleki ugurlara-da öz täsirini ýetirer. Näme ýetmezçilik edýär? Tehnikalarmy? El zähmetimi? Adamlaryň zähmet çekmäge bolan yhlasymy? Aýdylan zatlaryň hemmesi sizde bar diýip, hormatly Arkadagymyz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy pikirini beýan edip, Mary welaýatynyň öz ykdysady kuwwatyny peýdalanyşynyň talabalaýyk däldigini nygtady. Welaýatda näme bilen meşgullansaň-da, gowy netijeleri gazanmak üçin ähli şertler bar. Güýç hem ýeterlik, serişdeler hem bar. Siz ähli zatlary ýerli-ýerinde goýmaly, zerur ugurlary kesgitlemeli we adamlary netijeli zähmet çekmäge höweslendirmeli. Işleri netijeli guramak gerek diýip, Gahryman Arkadagymyz bu meseläniň gönüden-göni welaýat häkimine degişlidigini aýratyn nygtady we öňde durýan wezipäni aýdyň, düşnükli beýan etdi. Şu zatlaryň ählisi düzedilmese, biz bu ýagdaý bilen ylalaşyp bilmeris diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýratyn belledi.

Gahryman Arkadagymyz beýleki sebitlerde bolşy ýaly, bu welaýatda-da dolandyryş işlerinde özgertmeleri amala aşyrmagyň zerurdygyny, ähli häkimler we ýolbaşçylar üçin talabyň birmeňzeşdigini nygtady hem-de döwür bilen aýakdaş gidip, dolandyryşyň iň häzirki zaman, netijeli we peýdaly usullaryny durmuşa ornaşdyrmalydygyny, bu işleri başarmajak adamlara biziň aramyzda orun bolup bilmejekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň obalarynda we şäherlerinde adamlaryň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, medeni aň-bilim binalaryna göwnejaý ideg etmek, ilata ýokary hilli hyzmat etmek, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak boýunça uly işleriň ýerine ýetirilmelidigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz köp sanly ýol berlen kemçilikleriň näme sebäpden dörändigini seljerip, ähli işleriň dogry ýerine ýetirilmegi üçin kimleriň esasy ýolbaşçy bolup durýandygyny kesgitledi — olar welaýat, etrap häkimleri, ministrlikleriň, welaýatdaky we etrapdaky edaralaryň, müdirlikleriň ýolbaşçylary, bölüm başlyklary we köp sanly beýleki ýolbaşçylardyr.

Ýöne henize çenli netijäniň ýokdugyny nygtap, hormatly Arkadagymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň hiç bir öňe gitmeýändiginiň sebäbiniň şeýle ýolbaşçylaryň örän känligindedigini belledi. Netijede, başlyklaryň zähmet çekýän işgärlerden has köp ýalydygy, işgärlere ýardam etmegiň ýerine, ýolbaşçylaryň olaryň işlerine goşulýandyklary we emeli päsgelçilikleri döredýändikleri nygtaldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy bularyň hemmesini ilki bolup görüp, netijä gelmeli ýolbaşçynyň, elbetde, welaýat häkimidigini nygtady hem-de bu babatda olaryň işe çemeleşişini häsiýetlendirip, hatda işleriň netijeli däldigini görenlerinde-de, ýerlerinde oturandyklaryny, hiç hili çäre görmeýändiklerini, olardan teklibiň hem, hereketiň hem ýokdugyny, wagtlarynyň geçse bolýandygyny nägilelik bilen belledi. Biz bu ýagdaýy kabul edip bilmeris. Halkymyzyň, welaýatyň ýaşaýjylarynyň bähbitlerine şeýle biperwaý garalmagyna asla ýol bermeris. Siz ýa bildirilýän talaplara görä işlemeli bolarsyňyz ýa-da tutanýerli zähmet çekjeklere ýol bermeli bolarsyňyz diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Bu ýagdaýy hökman düzetmeli. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz häkimlikleriň işini başgaça guramagyň zerurdygyny, ýolbaşçylaryň sanyny azaltmagyň gerekdigini, daýhanlara, çopanlara özbaşdak işlemäge mümkinçilik bermelidigini, her bir ýolbaşçynyň halka ýakyn bolmalydygyny, olaryň adamlar bilen sazlaşykly işlemeginiň zerurdygyny aýratyn nygtady. Munuň özi welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerinden esasy talap bolup durýar. Olar bildirilen ynamy ödemelidirler. Eger-de, bu başa barmaýan bolsa, ony başarýanlara ýol bermeli diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün ýurdumyzyň dolandyryş-çäk bölünişigini kämilleşdirmek boýunça mejlisiň gün tertibine girizilen welaýatlaryň ykdysadyýeti bilen bagly iň möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Çykyş edenler ýurdumyzyň dolandyryş-çäk bölünişigini kämilleşdirmek boýunça öňe sürlen başlangyçlary we teklipleri goldadylar. Gahryman Arkadagymyz munuň üçin olara minnetdarlyk bildirdi hem-de tekliplerine hökman serediljekdigini nygtady.

Umuman, şu günki mejlisde öňe sürlen teklipleri jemläp, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyz boýunça dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek maksady bilen, 6 sany etraby (Gubadag etrabyny, Gurbansoltan eje adyndaky etraby, Farap etrabyny, Döwletli etrabyny, Serhetabat etrabyny we Oguzhan etrabyny); 5 sany etrap hukukly şäheri (Tejen şäherini, Gumdag şäherini, Hazar şäherini, Serdar şäherini, Köneürgenç şäherini); 1 sany şäherdäki etraby (Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrabyny); 2 şäherçäni (Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesini, Hazar şäheriniň Garagöl şäherçesini); 36 sany geňeşligi ýatyrmagyň teklip edilýändigini aýtdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Döwlet Maslahatynda eden taryhy çykyşynda ýurdumyzyň ilatynyň köpelýändigi, şäherleşme derejesiniň ösýändigi, senagat kärhanalaryny we zolaklaryny ösdürmegi maksat edinýändigimiz barada aýdanlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, 36 sany obanyň golaýynda ýerleşýän ilatly ýerlere birigendigini göz öňünde tutup, olary birleşdirmegiň teklip edilýändigini belledi. Şeýle-de 6 sany oba şäherçe derejesini bermek we welaýatlarda ýörite ýer gaznasynyň çäginde raýatlara jaý gurmak üçin berlen mellek ýerlerinde dörän 5 sany ilatly ýere oba derejesini berip, 5 sany obany döretmek teklip edilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Umuman, mejlisde öňe sürlen tekliplere esaslanyp, welaýatlaryň durnukly ösüşi üçin dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek bilen, ýurdumyzda bar bolan serişdelerden we mümkinçiliklerden has doly peýdalanmagyň üpjün ediljekdigini aýdyp, hormatly Arkadagymyz Döwlet býujetiniň serişdeleriniň meýilnamalaýyn we maksadalaýyk peýdalanylyşyna döwrebap gözegçiligiň amala aşyryljakdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýokary depginleri welaýatlaryň önümçilik güýçleriniň hemmetaraplaýyn ösmegini hem-de senagatlaşma derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün eder. Uly häzirki zaman kärhanalarynyň giň möçberde döredilmegine ýardam berer. Sebitleriň milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga goşýan goşandyny artdyrar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gün tertibine girizilen meseleleriň ählisine seredilendigini belläp, mejlise gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.