Ï Rus dili boýunça bäsleşiginiň ýeňijileri Moskwa giderler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Rus dili boýunça bäsleşiginiň ýeňijileri Moskwa giderler

view-icon 4483
Rus dili boýunça bäsleşiginiň ýeňijileri Moskwa giderler

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň GDA giňişliginde rus dilini goldamak babatda iň gowy taslamalaryna degişli bäsleşigiň ýeňijileri bolan wekiller 1-nji noýabrdan 3-nji noýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda geçiriljek «Rus diliniň GDA ýurtlaryndaky orny, hereketi, kommunikasiýasy» atly Halkara ylmy kongrese gatnaşmaga çagyryldylar.

Bäsleşigiň netijelerini şu aýyň ortasynda Moskwanyň A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus dili instituty yglan etdi. Onuň netijesine görä, Türkmenistandan iki taslamanyň awtorlary – ýurdumyzyň DIM-niň HGI-niň mugallymlary bilen bilelikde «Rus dili – milletara gepleşigiň we diplomatiýanyň dili» temasyndan taslama taýýarlan Tylla Babaýewa we Gülälek Çopanowa ýeňijileriň hataryna girdiler. Ikinji – «Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky taryhy, medeni, ylmy we ykdysady gatnaşyklaryň seljermesi: geçmişden häzirki günlere çenli» atly taslamany Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň halkara gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Serdar Rahymow taýýarlapdyr.

Taslamalaryň ikisi-de, bäsleşigiň dört ugrunyň birinde – «Döwletleriň arasyndaky taryhy, medeni, ylym, bilim, ykdysady özara baglanyşyk» ugrundan iň gowylary diýlip ykrar edildi. Türkmenistandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Ermenistandan 6 taslama bu ugurda ýeňiji diýlip yglan edildi. Bäsleşigiň 4 ugrundan GDA ýurtlaryndan 25 taslama iň gowylary diýlip ykrar edildi.

Bäsleşik rus diliniň GDA giňişliginde doly derejeli hereket etmegine we ösüşine gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmekde iň gowy tejribeleri toplamak we seljermek maksady bieln geçirildi.

Göz öňünde tutulýan kongresiň çäklerinde bäsleşigiň ýeňijileri dabaraly ýagdaýda sylaglanarlar. Kongresde «Häzirki zaman dünýäsinde diliň ornuna baha bermegiň obýektiw gurallary» atly köpçülikleýin söhbetdeşlik, şeýle hem «GDA ýurtlarynda bilimde rus dili», «GDA ýurtlarynyň ylmy we jemgyýetçilik-döwlet kommunikasiýasy ulgamynda», «Rus dili GDA-nyň sanly giňişliginde» temalaryndan maslahatlaryň birnäçesi geçiriler.

Uly möçberli kongresiň mejlisleri Moskwada A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus dili institutynda, şeýle hem bu çäräniň Ýerewandaky (Ermenistan) we Bişkekdäki (Gyrgyzystan) hyzmatdaş ýokary okuw mekdeplerinde geçiriler.

Kongresiň göni we onlaýn mejlislerine GDA ýurtlarynyň bilim ministrlikleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň bilermenleri, mekdepleriň ýolbaşçylary we mugallymlary, rus dili açyk bilim we rus dilini okatmak merkezleriniň işgärleri, rus dili boýunça alymlar, ylmy işgärler, ylmy neşirleriň, KHBS-niň redaktorlary we başga-da ençeme adamlar gatnaşarlar,

Kongres ählumumy ylym we bilim dili, GDA ýurtlarynda maglumat we sanly giňişliginde döwletara gepleşik dili hökmünde rus diliniň ornunyň, hereketiniň we derejesiniň meselelerini hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlamagy maksat edinýär.

Geçirilen bäsleşik we geljekki kongres RF-iň Bilim ministrliginiň, Gyrgyz-Russiýa slawýan uniwersitetiniň we Russiýa-Ermenistan uniwersitetiniň hyzmatdaşlygynda RF-iň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň goldamagynda A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus dili institutynyň «Rus diliniň GDA ýurtlaryndaky orny, hereketi, kommunikasiýasy» atly Halkara ylmy kongresi taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde guraldy.

2023-nji ýylyň GDA ýurlarynda milletara gepleşik dili hökmünde Rus dili ýyly diýlip yglan edilendigini bellemek gerek. Bu başlangyç 14-nji oktýabrda GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Astanada geçirilen sammitinde yglan edildi. Ol ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem Puşkiniň dilini goldamaga we onuň ornuny berkitmäge gönükdirilendir.