Ï Ählumumy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Prezidentiniň täze başlangyçlarynyň esasy maksadydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ählumumy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Prezidentiniň täze başlangyçlarynyň esasy maksadydyr

view-icon 4891

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirip, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 14-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen GDA-nyň sammitine we «Merkezi Aziýa — Russiýa» sammitine gatnaşmagy Türkmenistanyň halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalary utgaşdyrmaga saldamly goşant goşýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň öňe süren täze, möhüm başlangyçlary ýokarda agzalan forumlara gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz tekliplerine geçmezden ozal, ýygnananlara 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan GDA agza döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnamanyň kabul edilendigini aýtdy. Bu resminama 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiň strategiýasynyň esasyny düzüp, hyzmatdaşlyga we işewür gatnaşyklara täze itergi berdi.

Ulag, ýangyç-energetika toplumy, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, senagat taýdan ýakynlaşmak, söwda, innowasiýalar, tehnologiýalar ýaly ulgamlar strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we GDA-nyň şu günki kuwwatynyň geljegi uly bolan bu pudaklarynda möhüm ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigine, biziň ýurtlarymyzyň çäkleriniň bolsa yklymda Ýewropany we Aziýany birleşdirýän ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ýollaryna öwrüljekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň ykdysady ugurlaryny we bähbitlerini Arkalaşygyň çäklerinden daşarda ilerletmegiň, ilkinji nobatda, üstaşyr ulag düzümini döretmäge, energiýa serişdeleriniň iberilmegini giňeltmäge, täze kommunikasiýalary çekmäge degişli taslamalara goňşy sebitleriň goşulmagyny üpjün etmegiň wajypdygy nygtaldy.

Hususan-da, bu ugurda Hazar sebitinde hyzmatdaşlyk hem-de bu ýerde dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk döwletleriň gatnaşmagynda utgaşykly döwrebap logistikany döretmegiň uly mümkinçiliklerini görýäris. Biziň ýurtlarymyzyň köpüsi hut şu topara degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we GDA-nyň bähbitlerine Hazar deňzinde port düzümini, şol sanda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny, Türkmenistanyň ösýän söwda flotuny ulanmagyň geljegine garamagy teklip etdi. Döwletimiz Arkalaşygyň günorta ugrunda ýerleşýän ýurtlara — Owganystana, Eýrana we Pakistana gönükdirilen energetika, ulag, kommunikasiýa taslamalarynyň başyny başlady hem-de olary amala aşyrýar. Hindi ummanyna, Pars aýlagynyň ýurtlaryna, Ýakyn Gündogara çykmak arkaly olary diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça meýilnamalar bar. Şeýle taslamalara Arkalaşygyň döwletleri hem işjeň gatnaşyp biler diýip hasaplaýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Munuň özi geljegi örän uly we bähbitli işdir diýip, hormatly Prezidentimiz geljekki hyzmatdaşlara bu taslamalar boýunça gatnaşyklaryň köptaraplaýyn guralyny işe girizmek baradaky başlangyjy beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, şeýle teklibiň olarda oňyn gyzyklanma, seslenme döretjekdigine ynam bildirildi. GDA-nyň ugurdaş komitetlerine degişli tabşyryklary we ygtyýarlyklary bermegiň zerurdygy nygtaldy.

Arkalaşygyň içindäki söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek barada aýdylanda, bu babatda hem pandemiýa döwründe biziň işewür gatnaşyklarymyzyň badyny peselden kynçylyklary çalt ýeňip geçmek üçin döredijilikli işler talap edilýär diýip, döwlet Baştutanymyz munuň üçin geljekki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, söwdany işjeňleşdirmek, dürli pudaklarda goşulyşmak bilen bagly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin meýdança hökmünde GDA ýurtlarynyň köpugurly ykdysady sergi-ýarmarkasyny guramak barada oýlanmagy teklip etdi.

Ynsanperwer hyzmatdaşlyk, ozalkysy ýaly, GDA-ny jebisleşdiriji şert bolmagynda galýar, ol döwletara gatnaşyklary pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, sport hyzmatdaşlygy möhüm ugurlaryň biridir. Türkmenistan iri halkara sport çärelerini guramak bilen, bu ugra uly üns berýär. Häzir GDA-da sport hyzmatdaşlygyna, hakykatdan-da, giň we yzygiderli häsiýet bermegiň wagty ýetdi diýip hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz GDA-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň howandarlygynda halkara sport oýunlaryny geçirmek boýunça Utgaşdyryjy komiteti döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Has takygy, diňe bir GDA-dan däl, eýsem, gyzyklanma bildiren beýleki ýurtlaryň türgenleri üçin hem açyk bolan, yzygiderli esasdaky “Dostluk oýunlaryny” guramak boýunça işe başlamagy teklip edýäris. “Dostluk oýunlary” möwsümleýin häsiýetde, ýagny tomusky we gyşky oýunlar bolup, ol ýaşlaryň, ýetginjekleriň arasynda sportuň aýry-aýry görnüşleri boýunça geçirilip bilner diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Utgaşdyryjy komitetiň Tertipnamasynyň maksatlary, düzümi, guramaçylyk ugurlary jikme-jik beýan edilen taslamasyny işläp taýýarladyk diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we türkmen tarapynyň bu başlangyjyň goldanylmagyna bil baglaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bar bolan tejribäni, degişli düzümleri nazara almak bilen, ilkinji “Dostluk oýunlaryny” Türkmenistanda geçirmäge taýýarlyk beýan edildi.

Altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde ykdysadyýet ileri tutulýan möhüm ugur bolup durýar. Biz bu babatda uly mümkinçilikleri görýäris. Munuň özi, ilkinji nobatda, energetika, senagat kooperasiýasy, dokma önümçiligi, obasenagat toplumy, logistika, täze tehnologiýalar, sebit söwdasy ýaly ugurlar bilen baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, ýurtlarymyzyň işewürlerini has ysnyşykly hyzmatdaşlyga höweslendirmegiň zerurdygy, hemişelik hereket edýän «Merkezi Aziýa — Russiýa» işewürlik düzüminiň döredilmeginiň başyny başlamak mümkinçiligi bu ulgamlarda esasy teklipleriň hatarynda görkezildi. Onuň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli meselelerine garalyp bilnerdi diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Ýurtlarymyzyň çäklerinde ulag gatnawlarynyň we üstaşyr geçirmegiň köpşahaly düzümini gurmak arkaly döwrebap üstaşyr ulag we kommunikasiýa ulgamlaryny döretmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şol ulgamlar dünýä ummanyna çykmak arkaly kontinental Ýewraziýanyň giňişligini öz içine alar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmak babatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň öňünde açylýan mümkinçiliklerden has doly peýdalanmaga tagallalary gönükdirmegi zerur hasaplaýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýadan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hindi ummanyndaky deňiz menzillerine çenli Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň işini işjeňleşdirmek meselesine garamak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň öz çäginden Pars aýlagyna, Eýranyň portlaryna we şol ýerden Hindistana gysga ýoly üpjün edýän ýurt hökmünde bu taslamany durmuşa geçirmäge girişmäge taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Türkmenistanyň ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni, ynsanperwer, ylym, bilim, sport, syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek we çuňlaşdyrmak ugrunda çykyş edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda Merkezi Aziýanyň hem-de Russiýanyň halklarynyň medeniýet we sungat festiwalyny guramak barada oýlanmak teklip edildi.

Bellenilişi ýaly, Owganystandaky ýagdaý halkara gün tertibiniň aýratyn meselesidir. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň Owganystandaky ýagdaýyň durnuklylygyna deň derejede gyzyklanma bildirýändiklerine ynam bildirildi. Parahatçylykly, durnukly, sazlaşykly ösýän Owganystan biziň serhetlerimiziň, raýatlarymyzyň howpsuzlygynyň kepillikleriniň biridir. Şunda Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýy syýasy taýdan kadalaşdyrmak boýunça halkara gurallary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýanyň, Eýranyň, Hytaýyň, BMG-niň edaralarynyň owgan ugrundaky tagallalaryny goldaýandygy nygtaldy.

Owganystanyň halkara we sebit ykdysady gatnaşyklaryna goşulyşmagy möhüm meseledir. Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Owganystanyň gatnaşmagynda iri düzümleýin taslamalaryň birnäçesiniň başyny başlady. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary, Türkmenistandan owgan tarapyna çekilen demir ýollar bar. Şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagy arkaly Owganystan ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň strategik mümkinçiliklerine eýe bolar, yklymda baglanyşdyryjy merkez hökmünde özüniň geografik artykmaçlyklaryndan peýdalanyp biler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Bitarap ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasy strategiýasy barada aýdylanda, döwlet Baştutanymyzyň 23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen Döwlet Maslahatyndaky sözlerini getirmek ýerlikli bolar. Watanymyzyň durmuşynda şanly waka öwrülen umumymilli forumyň gün tertibine şu döwürde gazanylan netijeler, ýurdumyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösüşiniň ileri tutulýan wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň forumda eden çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Milletler Bileleşigine agza bolmagynyň şanly 30 ýyllygyna gabat gelýän “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasy geçirilýär. Bu mejlisde beýik maksatlara ýetmek üçin ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlary yglan ediler. Olarda döwrümiziň derwaýys meselelerini bilelikde çözmäge, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga çagyryş jemlenendir.

Türkmen döwleti bu işleri üstünlikli amala aşyrmaga çalyşýar hem-de dürli meseleler boýunça dialoga, açyklyga, netijelilige, deňhukuklylyga esaslanan gatnaşyklaryň we umumy hereketleriň bir bölegi, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy gazanmagyň şerti hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklarda ynanyşmak dialogynyň filosofiýasyny ilerledip, “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly ýörelgä eýermek bilen, täze başlangyçlary öňe sürmegi göz öňünde tutýar. Türkmenistan dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmak, halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze ýollaryny we ugurlaryny kemala getirmek babatda gymmatly tejribeleri toplady diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmegiň çäklerinde häzirki we geljekki nesillerimiziň bähbitleri üçin hem zerur işleri alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Biziň ýurdumyzda ilatymyz elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk, bilim hyzmatlary bilen üpjün edilýär. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, onuň täsirini gowşatmak boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar. Abraýly halkara guramalar tarapyndan berilýän ýokary bahalar ýurdumyzyň ösüşleriň ýoly bilen öňe barýandygyny doly subut edýär.

Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Bu babatda halkara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň dünýä taryhynda nusgalyk tejribe toplandy. Hut şu ýylyň özünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň umumy mejlislerinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda birnäçe resminamalar kabul edildi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Mundan başga-da, şu ýylda Türkmenistan 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlandy. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna “goşulýan ýurduň” derejesini almagy ýurdumyzyň daşary söwdada eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagyna, ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde halkara abraýynyň barha artmagyna, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine hem-de BSG bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň golaýda beýan eden başlangyçlary Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklary ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak bilen, hoşniýetli erk-islegiň, medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň dialogy esasynda gurap, ählumumy ösüşiň bähbidine ygtybarly dostluk we hyzmatdaşlyk köprüleriniň ýola goýulmagyna ýardam edýär.