Ï Türkmen alabaýy – milli buýsanç we baýlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen alabaýy – milli buýsanç we baýlyk

view-icon 5442
Türkmen alabaýy – milli buýsanç we baýlyk
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Milli buýsanjymyz bolan türkmen alabaýyna we tazysyna goýulýan sarpa» atly milli gymmatlyklaryň we kitaplaryň sergisi we II Halkara ylmy maslahat geçirildi.

Çärä «Türkmen alabaýy itleri» Halkara asssosiasiýasynyň, Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, çäräni guran S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle hem foruma Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyplary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatyň öňüsyrasynda gatnaşyjylar türkmen taryhy we medeniýeti, ýurdumyzyň tebigy baýlyklary barada gürrüň berýän mazmunly sergi bilen tanyşdylar. Serginiň myhmanlaryna şekillendiriş sungaty eserleri, tematiki edebiýatlar, dermanlyk ösümlikleriň nusgalary görkezildi. Mundan başga-da, sergide bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň bilelikde taýýarlan ylmy taslamalary bilen tanyşdyryldy.

Maslahatyň dowamynda türkmen alabaýlaryny ýetişdirmägiň ähmiýeti, taryhy, milli usullary we däpleri, baý tejribesi barada anyk gürrüň edildi. Diňleýjileriň ünsi Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň mazmunyna çekildi, onda tutuş dünýäde meşhur bu gadymy tohum itleriň gelip çykyşy barada gyzykly taryhy we edebi maglumatlar bar.

Çykyşlarda türkmen alabaýlarynyň halkymyzyň durmuşyndaky bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti nygtaldy. Asyrlarboýy alabaý itler türkmenleriň ýakyn kömekçisi we goragçysy, dosty şeýle-de milli taryhyň we medeniýetiň bir bölegi, halkyň buýsanjy we baýlygy bolup gelýär. Alabaýyň keşbi türkmen sungat ussatlarynyň köp sanly eserlerinde wasp edilýär we müdimileşdirilen.

Türkmenistanda arassa tohumly türkmen alabaýlaryny saklap galmaga we ýetişdirmäge aýratyn üns berilýändigi bellenildi. Çünki ol häsiýeti boýunça beýleki tohum itleriniň arasynda saýlama hasaplanylýar. Gaýduwsyz, wepaly, agras, gujurly, mertebeli – alabaý itler barada gürrüň edilende, ine, şeýle öwgüli sözler aýdylýar, sebäbi olar bu tohum itiniň häsiýetini açyp görkezýär.

Çärä ýurdumyzda belleniljek baýramyň baş gahrymanlarynyň-da gatnaşandygyny aýtmak gerek. Naşyja alabaýlar uniwersiteriň maslahat we sergi geçen binalarynyň birinde özüne mahsus parahatlyk bilen myhmanlary garşy alýardylar.