Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna saparynyň dowamynda 2023-nji ýylda Türkmenistanda Türkmen-rus uniwersitetiniň düýbüniň tutuljakdygyny belledi.
Gahryman Arkadagymyz bu barada Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin bilen duşuşygynda aýtdy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ylym-bilim ulgamyny döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdepleri tamamlanylýança rus diliniň öwrenilmegine uly üns berilýändigi aýdyldy.
Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň şu ýylyň 14-nji oktýabrynda geçirilen sammitinde 2023-nji ýylyň GDA ýurtlarynda milletara gepleşik dili hökmünde “Rus diliniň ýyly” diýlip yglan edilendigini ýatladýarys. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Wladimir Putiniň çözgütlerine laýyklykda, geljek ýyl Türkmenistanda Türkmen-rus uniwersitetiniň düýbüniň tutuljakdygyny belledi.