Ï Pagtaçylygyň ylmy binýady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pagtaçylygyň ylmy binýady

view-icon 7441
Pagtaçylygyň ylmy binýady

Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň Ýolötendäki gowaçanyň seleksiýasy we tohumçylygy bölüminiň alymlarynyň ýene-de bir işi önümçilige kabul edildi. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýörite karary bilen seçgiçi alym Muhammetrahym Meredowyň täze döreden «Ýolöten-54» atly gowaçasy geljek baharda Ýolöten etrabynyň Atçapar daýhan birleşiginiň çäkli meýdanynda ekiler. Bu orta süýümli gowaça birnäçe ýylyň dowamynda döwlet synagyndan üstünlikli geçdi. Kadaly ideg edilen we bellenen agrotehnikanyň ulanylan şertlerinde gektardan 49-53 sentner hasyl bermäge ukyply bu täze gowaçany geljekde ýurdumyzyň hemme welaýatlarynda hem ekip bolar.

Ylmy-önümçilik merkeziniň Ýolöten bölüminde döredilip, geçen ýyl önümçilige ornaşdyrylan täze «Ýolöten-50», «Ýolöten-53», «Garaşsyzlyk-30» diýlip atlandyrylan gowaça görnüşleri-de ýerli alymlaryň şowly seçgileri hasaplanylýar.

Häzirki wagtda bu bölümde täze döredilen gowaçanyň inçe süýümli «Ýolöten-56» we «Ýolöten-58», şeýle-de orta süýümli «Ýolöten-57» görnüşleri hem synagdan geçirilýär.

Türkmenistanyň şertlerinde inçe süýümli gowaçalary özleşdirmek boýunça synaglaryň we ylmy-gözleg işleriniň başlananyna 100 ýyl bolup barýar. 1925-nji ýylda „Tejribe stansiýasy» diýen at bilen Ýolöten şäheriniň eteginde döredilen bu ylmy-barlag edarasy bir asyryň dowamynda Türkmenistanda pagtaçylyk pudagyny ösdürmegiň gözbaşynda durdy. Ol Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyna degişli ilkinji we iň gojaman edaradyr.

Ýurdumyzyň ekerançylarynyň, pagta arassalaýjy senagatynyň we dokmaçylyk pudagynyň barha ösýän talaplaryna laýyk gelmek gowaçanyň bu görnüşlerine edilýän talabyň esasy şerti. Biologiýa ylymlarynyň doktory Rejepmyrat Berdimyradowyň şägirdi, ylymlaryň doktory, seçgiçi Rejepgeldi Meredowyň döreden we 2004-nji ýylda önümçilige ornaşdyrylan «Ýolöten-14» atly gowaçasy häzirki wagtda inçe süýümli gowaçanyň Türkmenistanda ekilýän ýeke-täk görnüşidir. «Ýolöten-39», «Ýolöten-7» köp ýyllardan bäri Türkmenistanda iň köp ekilýän orta süýümli gowaçalardyr.