Şu Kanun sirk we sirk sungaty babatda döwlet syýasatynyň hukuk we durmuş-ykdysady esaslaryny kesgitleýär, sirk tomaşalarynyň döredilmegi we köpçülige görkezilmegi bilen bagly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär, sirkleriň işiniň hukuk esaslaryny we onuň döwlet tarapyndan goldanylmagynyň görnüşlerini kesgitleýär, şeýle hem raýatlaryň estetiki terbiýesine, olaryň sirk sungaty babatda döredijilik isleglerini kanagatlandyrmaga we bähbitlerini goramaga gönükdirilendir.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) attraksion — täzeçillik alamatlary, oýun tärliliginiň baýlygy, ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy we şagalaňly täsiri bilen tapawutlanýan sirk tomaşasynyň esasy çykyşy;
2) döwlete dahylsyz sirk — fiziki ýa-da döwlete dahylsyz ýuridik şahslar tarapyndan döredilen sirk;
3) döwlet sirki — döwlet häkimiýet edarasy tarapyndan döredilen sirk;
4) oýun goýujy (režissýor-oýun goýujy, suratkeş-oýun goýujy, baletmeýster-oýun goýujy, dirižýor-oýun goýujy, hormeýster-oýun goýujy) — sirk eserini ýa-da onuň aýratyn bir bölegini özbaşdak çeper çözgüdi esasynda döredýän fiziki şahs;
5) sirk — esasy işi sirk tomaşalaryny (çykyşlary, attraksionlary, meýilnamalary, spektakllary) döretmekden hem-de üsti gümmezli we aýlaw meýdançaly ýörite tomaşa desgalarynda tomaşaçylaryň öňünde janly ýerine ýetirilişde köpçülige görkezmekden ybarat bolan teatr-konsert medeniýet guramasy;
6) sirkiň artistleri — atly oýunlaryň artistleri, haýwanlara tälim berijiler, masgarabazlar, gözbagçylar (illýuzionistler), akrobatlar, sazandalar we sirklerde köpçüligi güýmeýän, tomaşalary oýnaýan we aýry-aýry sirk çykyşlaryny görkezýän, sirk çykyşlarynyň sazyny ýerine ýetirýän beýleki artistler;
7) sirk çykyşy — sirkiň bir ýa-da birnäçe artistleri tarapyndan ýerine ýetirilýän sirk eseri;
8) sirkiň döredijilik işgärleri — sirkiň ssenariçileri, rezissýorlary, horeograflary, oýun goýujylary, artistleri;
9) sirk eseri — esasynda doly döredilen çeper-sirk keşbi bolan alamatlaryň döredijilik-guramaçylyk jemi;
10) sirk festiwallary (gözden geçirişler, bäsleşikler) — döredijilik bäsleşiginiň görnüşi, sirk sungatynyň gazananlarynyň köpçülige görkezilişi;
11) sirk işi — sirk sungatynyň eserlerini görkezmek, konsert-tomaşa çärelerini geçirmek we olara gatnaşmak arkaly sirk sungaty babatda medeni gymmatlyklary döretmek, ýaýratmak, gorap saklamak boýunça döredijilik, önümçilik, ykdysady, tehniki, ylmy, bilim işi;
12) sirk işiniň gatnaşyjylary — sirk işi babatda hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan ýuridik ýa-da fiziki şahslar;
13) sirk tomaşasynyň meýilnamasy — kesgitli döwrüň dowamynda köpçülikde ýerine ýetirilýän sirk sungaty eserleriniň jemi;
14) sirk prodýuseri — sirk eserleriniň döredilmegini, köpçülikde ýerine ýetirilmegini we (ýa-da) görkezilmegini guraýan (şol sanda göçme çykyşlary) fiziki ýa-da ýuridik şahs;
15) sirk repertuary — kesgitli döwrüň dowamynda sirkde köpçülikde görkezilen ýa-da görkezilmek üçin taýýarlanylan eserleriň jemi;
16) sirk tomaşasy — wakaly, mowzuklaýyn sirk eseri;
17) sirk sungaty — şagalaňly häsiýeti bilen tapawutlanýan, güýjüň, başarjaňlygyň, çalasynlygyň we batyrgaýlygyň, şeýle-de üýtgeşik we gülküli bir wakanyň, hokganyň (tomaşa, tans we saz sungaty bilen bir hatarda) görkezilmegini göz öňünde tutýan sungatyň ýerine ýetirijilik görnüşi;
18) sirk sungatynyň žanrlary — öz arasynda estetiki taýdan ýakyn we wezipesi boýunça umumy häsiýete eýe bolan sirk çykyşlarynyň ugry (akrobatika, atletika, ýerde we howa gimnastikasy, (dressura) haýwanlara tälim bermek, žonglirlemek, gözbagçylyk (illýuziýa), masgarabazlyk, pantomima, ekwilibristika we beýlekiler);
19) ssenariçi — sirk tomaşasy üçin ýörite döredilen çeper beýanly eseriň (ssenariniň), sazyň we beýleki eserleriň awtory.
2-nji madda. Sirk we sirk sungaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Sirk we sirk sungaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
3-nji madda. Sirk we sirk sungaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň maksatlary we wezipeleri
1. Sirk we sirk sungaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň maksatlary ýurtda sirk işiniň häzirki döwrüň talaplaryna we şertlerine laýyklykda netijeli hereket etmegi we ösmegi üçin kadalaşdyryjy hukuk şertleriniň döredilmegini üpjün etmekden ybarat bolup durýar.
2. Sirk we sirk sungaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň wezipeleri şulardyr:
1) ilatyň arasynda sirk sungatynyň meşhurlygyny üpjün etmek we onuň ýurduň medeni durmuşyna goşandyny artdyrmak;
2) sirk hyzmatlarynyň ilat üçin elýeterliligini ýokarlandyrmak, tomaşaçylaryň sanyny artdyrmak;
3) sirk işiniň ähli gatnaşyjylarynyň işini utgaşdyrmak;
4) sirk we sirk sungaty babatda hereket edýän edaralaryň işiniň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak;
5) ilata hödürlenilýän sirk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, sirk eserlerini döretmegiň we ýaýratmagyň döwrebap tehnologiýalaryny ulanmak;
6) sirkleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak;
7) sirk işi babatda işgärleriň hünär taýýarlygy we gaýtadan taýýarlygy ulgamyny kämilleşdirmek;
8) sirk işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygynyň çärelerini kesgitlemek;
9) sirk işi babatda ylmy barlaglara ýardam bermek;
10) sirk işini dürli çeşmelerden maliýeleşdirmek ulgamyny ösdürmek;
11) sirk işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk binýady kämilleşdirmek;
12) milli däp-dessurlara laýyklykda, sirk sungatynyň özboluşlylygyny saklamak we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak.
4-nji madda. Sirk işi babatda döwlet syýasaty
1. Sirk işi babatda döwlet syýasaty döwletiň medeni syýasatynyň düzüm bölegi bolmak bilen, sirkiň we sirk sungatynyň medeniýetiň aýrylmaz bölegi hökmünde möhüm ornunyň ykrar edilmegine esaslanýar.
2. Sirk işi babatda döwlet syýasaty ynsanperwerlik, demokratiýalylyk, umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň ähmiýetliligi, döredijilik erkinligi we sirk sungatynyň ählumumy elýeterliligi ýörelgelerine esaslanýar.
3. Döwlet sirk işi babatda gatnaşyklary sirk işini we ösüşini maliýe, maddy-enjamlaýyn, işgär, maglumat, ylmy, hukuk we beýleki üpjünçilik şertlerini döretmek arkaly düzgünleşdirýär.
4. Sirk işi babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary şulardyr:
1) sirk işiniň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek;
2) türkmen milli sirk sungatyny ösdürmek;
3) sirkiň artistleriniň döredijilik erkinligini üpjün etmek, olaryň döredijilik mümkinçilikleriniň açylmagyna ýardam bermek;
4) sirkiň döredijilik işgärleriniň zehinini hem-de onuň durmuşa geçirilmegi we oňa isleg bildirilmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün etmekde döwletiň jogapkärçiligini ykrar etmek;
5) orta hünär we ýokary hünär bilim edaralarynda sirk sungatynyň hünärmenleriniň taýýarlygyny üpjün etmek we sirkleriň döredijilik işgärleriniň hünär derejesini kämilleşdirmek;
6) sirkiň işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygynyň şertlerini kämilleşdirmek;
7) sirk we sirk sungaty babatda ylmy barlaglara ýardam bermek;
8) sirk sungatyny ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň döwlet maksatnamalaryny kabul etmek;
9) sirkler tarapyndan içerki we dünýä bazarlarynda ýerine ýetirilýän hyzmatlary ilerletmegiň döwrebap marketing usullaryny we gurallaryny girizmek;
10) Türkmenistanda sirkleriň we sirk sungatynyň ösüşine goldaw bermek, olaryň maddy-tehniki binýadyny kämilleşdirmek, salgyt salmak boýunça ýeňillikleri döretmek, sirk sungatynyň ösüşine saldamly goşant goşanlary sylaglamak arkaly maddy taýdan höweslendirmek;
11) sirkleriň özbaşdaklygyny, olaryň döwlet kömegini almaga hukugyny üpjün etmek;
12) sirklere we sirk sungatyna goldaw bermegiň usullaryny kämilleşdirmek;
13) sirk we sirk sungaty babatda halkara hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam bermek.
5. Sirk işine goldaw bermek boýunça döwlet syýasaty şu aşakdaky ugurlara esaslanýar:
1) sirkleriň guramaçylyk-hukuk we eýeçilik görnüşine garamazdan, sirk işine goldaw bermegiň netijeli usullaryny işläp düzmek;
2) sirkleri we sirk sungatyny ösdürmek maksady bilen, ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, şeýle-de raýat jemgyýetiniň institutlarynyň arasynda özara baglanyşygyň netijeli ulgamyny emele getirmek;
3) ýurduň sebitleriniň ýaşaýjylary üçin sirk tomaşalarynyň elýeterliligini üpjün etmek maksady bilen, göçme sirk tomaşalaryny guramak;
4) sirk eserlerini döretmäge döwlet goldawyny we olary köpçülige görkezmegi guramagyň bazar ýörelgelerini utgaşdyrmak;
5) sirkiň artistlerine durmuş kepilliklerini bermek, olaryň zähmet we dynç almak şertlerini gowulandyrmak;
6) döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, şol sanda sirk işini maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini çekmek üçin, ynançly dolandyrmak şertnamasyny baglaşmagyň usullaryny ulanmak;
7) höwesjeňleriň sirk hereketini ösdürmek, sirk jemgyýetiniň öz-özünden guralmagy, jemgyýetçilik institutlarynyň işjeňleşmegi üçin şertleri döretmek.
5-nji madda. Sirk sungatynyň umumy elýeterliligi
1. Raýatlar milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk we wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dini garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara garamazdan, türkmen halkynyň medeni gymmatlygy bolan sirk sungatyna elýeterlilik hukugyna eýedirler.
2. Sirk sungatynyň umumy elýeterliligi döwlet sirkleriniň Döwlet býujetiniň hasabyna maliýeleşdirilmegi, olara ýeňillikli salgyt salmak, şeýle-de raýatlaryň aýratyn toparlaryna olaryň sirk sungatynyň elýeterliligine bolan hukugyny durmuşa geçirmegi üçin zerur bolan ýardamlaryň, ýeňillikleriň we kepillikleriň berilmegi bilen üpjün edilýär.
6-njy madda. Sirk sungaty babatda döredijilik erkinligi
1. Sirk sungaty babatda döredijilik erkinligi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, raýatlaryň çeper döredijiligiň erkinligine bolan hukuklaryna esaslanýar we sirklere öz işini guramakda özbaşdaklygyň berilmegi arkaly üpjün edilýär, şol sanda şular babatda:
1) sirk çykyşlaryny (meýilnamalaryny) döretmek üçin çeperçilik serişdeleriniň saýlanylmagy;
2) sirkiň repertuarynyň meýilleşdirilmegi, döredilmegi we kireýine berilmegi;
3) sirk tomaşalaryny köpçülige görkezmek işiniň tertibini, serişdelerini we ýerini saýlamak hem-de işiň beýleki görnüşleri babatda.
2. Sirk tomaşasynyň görkezilmeginiň, şeýle-de sirk işi babatda habar beriji we mahabatlandyryjy maglumatlaryň çap edilmeginiň çäklendirilmegine ýa-da gadagan edilmegine Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda ýol berilýär.
7-nji madda. Höwesjeň sirk sungaty
1. Sirk sungaty babatda höwesjeň döredijilik Türkmenistanda sirk sungatynyň işiniň düzüm bölegidir.
2. Kärhanalarda, edaralarda, guramalarda döredilýän, esasyny höwesjeň sirk toparlarynyň ýerine ýetirýän dürli sirk tomaşalary düzýän, höwesjeň sirk döredijiliginiň ösmegine döwlet hemmetaraplaýyn ýardam berýär.
II BAP. SIRK IŞI BABATDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI
8-nji madda. Sirk işi babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar
Sirk işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy (mundan beýläk — ygtyýarly edara), ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
9-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti sirk işi babatda:
1) döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) ýerine ýetiriji häkimiýetiň sirk işi babatda işiniň kadalaşdyryjy düzgünleşdirmesini amala aşyrýar;
3) sirk işini ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar we ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;
4) sirkiň işgärleriniň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün edýär;
5) daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy üpjün edýär;
6) döredijilik işiniň höweslendirilmegini we sylaglanylmagyny amala aşyrýar;
7) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
10-njy madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlygy
Ygtyýarly edara sirk işi babatda:
1) döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;
2) sirk işini ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we ony tassyklatmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürleýär hem-de durmuşa geçirýär;
3) sirkleriň eýeçilik görnüşine garamazdan, olaryň işini utgaşdyrýar;
4) sirkleri ylmy-usulyýet taýdan dolandyrmagy amala aşyrýar;
5) döwlet sirkleriniň içki düzüminiň ösdürilmegini we maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagyny üpjün edýär;
6) sirkleriň artistleriniň döredijilik başarjaňlygynyň ösdürilmegi üçin şertleri döredýär;
7) sirk işgärleriniň taýýarlanylmagyny we olaryň hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagyny guraýar;
8) hünär synagyny geçirmegiň tertibini kesgitleýär;
9) sirklerde tehniki howpsuzlygyň, önümçilik arassaçylygynyň kadalaryny işläp düzýär we tassyklaýar;
10) haýyr-sahawatlylygyň we hemaýatkärligiň ösdürilmegine ýardam berýär;
11) halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrýar;
12) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
11-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlyklary
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary öz garamagyndaky çäklerde sirk işi babatda:
1) döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler;
2) sirk işiniň goralyp saklanylmagyna we ösdürilmegine gönükdirilen zerur maddy-enjamlaýyn we guramaçylyk şertleriniň üpjün edilmegine ýardam berýärler;
3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
III BAP. SIRKIŇ HUKUK ÝAGDAÝY, MAKSATLARY, GÖRNÜŞLERI, IŞINIŇ GURALMAGY, HUKUKLARY WE BORÇLARY
12-nji madda. Sirkiň hukuk ýagdaýy
1. Sirkiň hukuk ýagdaýy onuň esaslandyryjysy tarapyndan kesgitlenilýär.
2. Sirk özüniň işini Türkmenistanyň kanunçylygyna we esaslandyryjy tarapyndan tassyklanylan tertipnama laýyklykda amala aşyrýar.
Sirkler döredijilik işiniň erkinligini üpjün edýän ähli hukuklara eýedirler. Olar çeperçilik ugruny, repertuary saýlap almakda, sirk tomaşalarynyň köpçülikde ýerine ýetirilmegi baradaky çözgüdi kabul etmekde, sirk sahna eserlerini döretmekde we wagyz etmekde özbaşdaklykdan peýdalanýarlar, şeýle hem döredijiligiň we önümçiligiň ösdürilmegi üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän hereketleri amala aşyrýarlar.
3. Işi aýratyn döwlet we jemgyýetçilik ähmiýetine eýe bolan döwlet sirklerine, aýry-aýry professional sirk döredijilik toparlaryna «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, «Milli» hukuk derejesi berlip bilner.
«Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.
13-nji madda. Sirk işiniň maksatlary, esasy görnüşleri we guralmagy
1. Sirk işiniň maksatlary sirk sungatyny ösdürmekden, ilatyň sirk sungatyna bolan isleglerini döretmekden we kanagatlandyrmakdan ybaratdyr.
2. Şular sirk işiniň esasy görnüşleridir:
1) sirk tomaşalaryny, sirk sungatynyň beýleki eserlerini döretmek, olary sahnada (sahnalarda), şol sanda göçme çykyşlarda köpçülige görkezmek, çeperçilik festiwallaryny, bäsleşikleri, gözden geçirişleri guramak, şeýle hem ýokarda görkezilen çärelere petekleriň ýerlenilmegini amala aşyrmak;
2) şertnamalaýyn esasda guramalara sahna eserini görkezmek hyzmatlaryny hödürlemek, tomaşalary, konsertleri guramak üçin sahna serişdelerini bermek;
3) sahnalaşdyrylan sirk eserleriniň çeperçilik bezegi üçin esbaplary ýuridik we fiziki şahslaryň buýurmasy boýunça taýýarlamak;
4) sahna meýdançalaryny beýleki sirklere göçme çäreleriň geçirilmegi, bilelikdäki sirk meýilnamalarynyň ýerine ýetirilmegi üçin bermek;
5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, sirk işi bilen bagly maglumat-habar beriji we mahabatlandyryjy serişdeleri, wideoýazgylaryň we fonogrammalaryň nusgalaryny taýýarlamak, köpeltmek we satmak;
6) ähli derejelerdäki sirk işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmagy guramak;
7) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik işiň beýleki görnüşlerini amala aşyrmak.
3. Tomaşalary döretmek, olaryň köpçülige görkezilmegi, göçme çykyşlaryň, festiwallaryň, bäsleşikleriň, gözden geçirişleriň guralmagy bilen baglanyşykly sirk işi sirkiň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanylan we ygtyýarly edara bilen ylalaşylan meýilnama laýyklykda amala aşyrylýar.
4. Sirkde netijeli işi üpjün etmek maksady bilen, çeperçilik geňeşi döredilip bilner.
Çeperçilik geňeşi özüniň ygtyýarlyklaryna laýyklykda, şu aşakdaky wezipeleri ýerine ýetirýär:
1) sirkiň döredijilik ösüşiniň ýagdaýynyň, ugurlarynyň we geljekki mümkinçilikleriniň kesgitlenilmegine gatnaşýar;
2) repertuar boýunça meýilnamalara, olaryň durmuşa geçirilişine garaýar, täze sirk çykyşlary bilen tanyşýar, olar boýunça netijenamalary taýýarlaýar;
3) sirkiň döredijilik işgärleriniň düzüminiň hil taýdan gowulanmagyna, hünär ussatlygynyň ýokarlanmagyna, sirkiň her bir işgäri üçin zerur bolan iş şertleriniň üpjün edilmegine ýardam berýär;
4) döwlet sylaglaryny, hormatly atlary, baýraklary bermek üçin sirkiň döredijilik işgärlerini hödürlemek baradaky meselelere seredýär;
5) häzirki repertuaryň sirk tomaşalarynyň, sirk çykyşlarynyň, meýilnamalaryň hiline gözegçilik edýär;
6) ýerlere göçme çykyşlara gitmek işini seljerýär, ony kämilleşdirmek boýunça maslahatlaryny berýär.
Çeperçilik geňeşiniň döredilmegi, onuň ygtyýarlyklary, agzalarynyň sany, mejlislerini geçirmegiň tertibi sirkiň tertipnamasynda kesgitlenilýär.
14-nji madda. Sirkiň hukuklary we borçlary
1. Sirkiň öz döredijilik we hojalyk işlerini özbaşdak meýilleşdirmäge, peteklere bahalary bellemäge, ösüşiniň geljegini kesgitlemäge, repertuaryny saýlap almaga we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki işleri ýerine ýetirmäge hukugy bardyr.
Sirkiň ýerine ýetirýän tölegli hyzmatlarynyň bahalary (nyrhlary) ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde kesgitlenilýär.
2. Sahnalaşdyrylan sirk eserini köpçülige görkezýän sirk aşakdakylara borçludyr:
1) bildiriş tagtasyny petekleriň satylýan ýerinde we sahnalaşdyrylan sirk tomaşalarynyň köpçülige görkezilýän ýerinde ýerleşdirmäge;
2) tomaşaçylara sirk tomaşasynyň geçirilýän ýeri, başlanýan we tamamlanýan wagty, petekleriň bahalary, olary satyn almagyň we yzyna gaýtarmagyň şertleri, tomaşaçylaryň kesgitlenilen toparlary üçin göz öňünde tutulan ýeňillikler, sahnalaşdyrylan sirk eserini görmäge ýaş çäklendirmeleri barada maglumatlary bermäge;
3) tomaşaçynyň talap etmegine görä, tomaşa başlanmazyndan bir sagat öň, öňünden satylan petekler üçin tölenilen pullary gaýdyp bermäge ýa-da olary beýleki sahna oýunlarynyň peteklerine çalşyrmaga;
4) tomaşa görkezilýän wagty tomaşaçylaryň saglygynyň, şeýle hem olaryň wagtlaýyn saklanyşa alnan emläginiň goraglylygyny üpjün etmäge;
5) sirk tomaşasynyň jemgyýetiň ahlak kadalaryna we türkmen halkynyň ruhy dünýäsine laýyk gelmegini üpjün etmäge.
15-nji madda. Sirkiň öz nyşanyna bolan hukugy
1. Sirkiň öz hususy nyşanyna (resmi adyna, emblemasyna, haryt nyşanyna, beýleki şekillerine) hukugy bardyr.
2. Nyşany Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet belligine alnan sirk ony peýdalanmak üçin aýratyn hukuga eýedir.
3. Sirkiň döwlet belligine alnan nyşanynyň beýleki ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan ulanylmagyna diňe sirk bilen baglaşylan şertnamanyň esasynda ýol berilýär.
4. Sirkiň nyşanyny bikanun ulanýan ýuridik we fiziki şahslar sirkiň talap etmegi boýunça ony ulanmagy bes etmäge we ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga borçludyrlar.
16-njy madda. Sirk işi amala aşyrylanda howpsuzlyk, raýatlaryň saglygyny goramak düzgünleriniň berjaý edilişi
1. Sirkleriň esaslandyryjylary sirki we onuň ýörite taslama boýunça gurlan degişli binalaryny (desgalary, jaýlary), şeýle hem sirk tomaşalaryny döretmek we görkezmek üçin niýetlenilen beýleki jaýlary howpsuzlyk, raýatlaryň saglygyny goramak düzgünlerini berjaý etmek üçin zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmäge borçludyrlar.
2. Döwlet gurluşyk kadalary we düzgünleri, arassaçylyk kadalary, tomaşaçylaryň saglygynyň we howpsuzlygynyň goragynyň kadalary babatda sirk binalaryna (desgalaryna, jaýlaryna) bildirilýän talaplary kesgitleýär.
3. Sirkiň binalarynyň (desgalarynyň, jaýlarynyň), sirk tomaşalaryny görkezmek üçin niýetlenilen ýörite jaýlaryň eýeleri ýa-da degişli ygtyýarly edaralar bu jaýlary adamlaryň janlarynyň we saglygynyň howpsuzlygyny, emlägiň abat saklanylmagyny we daşky gurşawyň goralmagyny üpjün etmek maksady bilen, gerekli şertleri döretmäge borçludyrlar.
4. Sirkler sirk işini amala aşyranlarynda, tehniki howpsuzlygyň we önümçilik arassaçylygynyň kadalaryny berjaý etmäge borçludyrlar.
Sirklerde tehniki howpsuzlygyň, önümçilik arassaçylygynyň kadalary ygtyýarly edara tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.
5. Tomaşaçylaryň degişli howpsuzlygyny kepillendirmeýän sirk binalarynyň (desgalarynyň, jaýlarynyň) we enjamlaryň ulanylmagyna ýol berilmeýär.
IV BAP. SIRKLERIŇ DÖREDILMEGI, DÖWLET BELLIGINE ALYNMAGY, ÜÝTGEDILIP GURALMAGY WE IŞINIŇ BES EDILMEGI
17-nji madda. Sirkleriň döredilmegi
1. Sirkleriň döredilmegi üçin ýurduň ilatynyň sirk sungatyna durmuş-ykdysady, milli, medeni-çeperçilik islegleri we degişli döredijilik, işgärler we maddy-enjamlaýyn mümkinçilikleriň barlygy esas bolup durýar.
Türkmenistanyň çäginde sirk sungatynyň ugry, eýeçiliginiň görnüşi, ilatyň dürli toparlaryna gönükdirilen we beýleki häsiýetleri boýunça tapawutlanýan sirkler döredilýär we hereket edýär.
Sirki döretmek hakynda çözgüdi onuň esaslandyryjylary kabul edýärler.
2. Ýuridik we fiziki şahslar sirkiň esaslandyryjylary bolup bilerler.
3. Sirkler Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan dürli guramaçylyk-hukuk görnüşlerde döredilip bilnerler.
4. Sirkleriň ýuridik şahslaryň (kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň) düzüminde döredilýän we hereket edýän, höwesjeň we kanunda gadagan edilmedik beýleki görnüşlerinden başgalary ýuridik şahs bolup durýarlar.
5. Döwlet we döwlete dahylsyz eýeçilikde esaslandyrylan sirkler, degişlilikde, döwlet we döwlete dahylsyz sirkiň hukuk ýagdaýyna eýe bolýarlar.
18-nji madda. Sirkleriň döwlet belligine alynmagy, üýtgedilip guralmagy we işiniň bes edilmegi
1. Sirkleriň döwlet belligine alynmagy, üýtgedilip guralmagy we işiniň bes edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Döwlet sirkiniň işiniň bes edilen ýagdaýynda, algydarlaryň talaplary kanagatlandyrylandan soňky galan emläk, şol sanda gozgalmaýan emläk ygtyýarly edaranyň hasabyna geçirilýär we mundan beýläk ol tarapyndan diňe sirk işiniň maksatlary üçin ulanylyp bilner.
19-njy madda. Sirkleriň jemgyýetçilik birleşikleri
1. Türkmenistanyň sirkleri umumy döredijilik, ykdysady we durmuş meselelerini çözmek üçin özleriniň döredijilik, ylmy, önümçilik we beýleki işlerini utgaşdyrmak maksady bilen, jemgyýetçilik birleşiklerini döredip bilerler. Bu birleşikleriň döredilmegi we olaryň işi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Sirkler we olaryň jemgyýetçilik birleşikleri degişli halkara guramalara girip bilerler.
V BAP. SIRKLERIŇ DÖREDIJILIK IŞGÄRLERI, OLARYŇ HUKUK WE DURMUŞ TAÝDAN GORAGLYLYGY
20-nji madda. Sirkleriň döredijilik işgärleriniň işi
1. Sirkleriň döredijilik işgärleriniň sahnalaşdyrylan sirk tomaşasyny taýýarlamak we oňa gatnaşmak bilen baglanyşykly işi Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Sirkleriň döredijilik işgärleriniň işi zähmet şertnamalary we (ýa-da) raýat-hukuk häsiýetli şertnamalar esasynda amala aşyrylýar. Sirkleriň döredijilik işgärleri bilen zähmet şertnamalaryny baglaşmak Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
3. Sirkleriň döredijilik işgärleriniň wezipe sanawy we sirk hünärleriniň öz aýratynlyklary bolan beýleki wezipelerindäki (hünärlerindäki) işgärleriň wezipe sanawy ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär.
4. Sirkleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, sirk çykyşlarynyň, meýilnamalarynyň, tomaşalarynyň ýokary hilli taýýarlanylmagyny üpjün etmek, işgärleri oýlanyşykly saýlap almak maksady bilen, sirkleriň artistleriniň hünär synagy geçirilýär we onda artistleriň döredijilik derejesine, hünär taýýarlygyna, artistleri sirkleriň geljekki we dowam edýän iş meýilnamasyna laýyklykda mundan beýläk-de ulanmak mümkinçiliklerine baha berilýär.
Hünär synagyny sirkleriň ähli derejedäki işgärleri, şol sanda ýolbaşçylary hem geçýärler.
Sirkiň işgärleriniň hünär synagyny geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär.
21-nji madda. Sirkleriň döredijilik işgärleriniň hukuk we durmuş taýdan goraglylygy
1. Sirkleriň döredijilik işgärleriniň hukuk we durmuş taýdan goraglylygy döwlet we sirkleriň esaslandyryjylary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda üpjün edilýär.
2. Sirkleriň döredijilik işgärleriniň aşakdakylara hukuklary bardyr:
1) özleriniň hünärlerine we hünär derejelerine laýyklykda, sirklerde işi amala aşyrmaga;
2) hünär derejelerini ýokarlandyrmaga, gaýtadan taýýarlanmaga, okuwyň meýilnamalaryny we görnüşlerini erkin saýlap almaga, beýleki sirklerde, şol sanda Türkmenistanyň çäginden daşarda hünär tälimini almaga;
3) hünär synagyny geçmäge.
3. Sirkiň işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygy sylaglamagyň sirkiň artistleri tarapyndan görkezilýän sirk eserleriniň hilini we olara bolan islegi göz öňünde tutmaga mümkinçilik berýän tapawutlandyryş ulgamyna esaslanýar we şulary öz içine alýar:
1) sirk sungatynyň ösmegine goşandy üçin döwlet sylaglarynyň döredilmegini;
2) sirkiň artistleriniň janyny we saglygyny goramak boýunça çäreleriň güýçlendirilmegini;
3) haýwanlary saklamagyň şertlerine gözegçiligiň üpjün edilmegini;
4) sirk çykyşlarynyň hökmany pasportlaşdyrylmagyny.
4. Sirkiň işgärleriniň zähmet hakynyň tölenilmegi, pensiýa üpjünçiligi, şeýle hem zähmet hakyna goşmaça töleg we goşmaça haklary, öwez dolma häsiýetli tölegler we ýeňillikleriň beýleki görnüşleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
22-nji madda. Sirk işiniň işgärler bilen üpjünçiligi
1. Döwlet sirkiň döredijilik işgärleriniň, şeýle hem dolandyryjy işgärleriniň, şol sanda sirk prodýuserleriniň Türkmenistanda we daşary ýurtlarda üznüksiz hünär bilimini almaklaryna ýardam berýär.
2. Sirk işi üçin işgärleri taýýarlamak orta hünär we ýokary hünär hem-de medeniýet ulgamynyň beýleki bilim edaralarynda amala aşyrylýar.
3. Medeniýet ulgamynyň bilim edaralary sirk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak üçin zerur bolan şertleri döredýärler.
4. Türkmenistanyň medeniýet ulgamynyň bilim edaralary sirk işgärleriniň hünär derejesini kämilleşdirmegi sirkleriň ýüztutmasy boýunça amala aşyrýarlar. Döwlete dahylsyz sirkleriň işgärleriniň hünär kämilleşdirişi ylalaşyk esasynda guralýar.
5. Sirk sungaty babatda işgärleri taýýarlamak sirk sungatynyň tanymal halypalaryndan sirkiň ýaş artistlerine tejribäniň, başarnyklaryň we endikleriň gönüden-göni geçmegi, sirkiň döredijilik işgärlerine mahsus bolan halypa-şägirtlik mekdebiniň ösdürilmegi, maşgala däbiniň, kesbiniň we miras geçijiligiň dowam etdirilmegi arkaly hem amala aşyrylýar.
6. Sirkiň ýaş artistlerine çykyşy, şol sanda toparlaýyn çykyşy döretmäge we soňra şol çykyş bilen sirk tomaşasynda çykyş etmäge mümkinçilik berilýär.
7. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we olary sirk sungatyna çekmek üçin sirk studiýalary döredilýär we olarda çagalar kiçi ýaşyndan sirk sungatynyň žanrlarynyň esasy endiklerini ele alýarlar. Şeýle studiýalar goşmaça bilim edaralarynyň ulgamynda hereket edip bilerler.
Sirk sungatyna aýratyn ukyby we zehini bolan çagalaryň ata-eneleri bilen olaryň sirk tomaşalaryna gatnaşmagy hakynda şertnamalar baglaşylyp bilner.
Studiýalaryň pedagogik işgärleri sirk sungaty babatda bilimli bolmaga we öz hünär derejesiniň kämilligini yzygiderli ýokarlandyrmaga borçludyrlar.
VI BAP. SIRK ESERINE BOLAN EMLÄK WE ŞAHSY EMLÄKLEÝIN DÄL HUKUKLAR
23-nji madda. Sirk eserini janly ýerine ýetirilişde görkezmäge hukuklylar
1. Sirk eseri ony köpçülikde ýerine ýetirmek barada çözgüt kabul edilen pursadyndan döredilen diýlip hasap edilýär.
2. Sirk eserini janly ýerine ýetirilişde görkezmäge hukuklylar — sirk ssenarisiniň awtory, sirk eseri üçin ýörite döredilen sözli we sözsüz saz eseriniň awtory, sahna eserini goýujy hem-de şertnama laýyklykda, sirkiň prodýuseri.
3. Sirk eserini janly ýerine ýetirilişde görkezmek hukugy, eger-de sahnalaşdyrylan sirk eserine hukuklylaryň arasynda baglaşylan şertnamada bu hukugyň has öň döremegi göz öňünde tutulmadyk bolsa, ony köpçülikde ýerine ýetirmek barada çözgüt kabul edilen pursadyndan döreýär.
4. Sirk prodýuseri özüniň sirk eserine bolan emläk hukugyny awtorlaryň «Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan hukuklaryny, şeýle hem şu Kanun bilen bellenilen sirkiň sahna eserini goýujylarynyň we artistleriniň emläk däl hukuklaryny berjaý etmek bilen amala aşyrýar.
5. Sirk eseriniň köpçülikde ýerine ýetirilmegine taýýardygy baradaky çözgüt, eger olaryň arasynda baglaşylan şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, sahna eserini goýujy we sirkiň prodýuseri bilen bilelikde kabul edilýär.
24-nji madda. Sirkiň ssenariçisiniň, sahna eserini goýujysynyň we artistleriniň atlarynyň görkezilmegine we sirk eserine bolan hukuklary
1. Ssenariçä, sahna eserini goýuja we artistlere atlarynyň görkezilmegine bolan hukuk, ýagny mahabatlandyryş neşirlerinde, bildiriş tagtalarynda, sahnalaşdyrylan sirk tomaşasy bilen baglanyşykly beýleki maglumat serişdelerinde öz atlarynyň görkezilmegine bolan hukuk degişlidir.
2. Ssenariçiniň we sahna eserini goýujynyň sirk eserini ýoýulmagyndan goramaga hukugy bardyr. Sirk eserleriniň ýoýulmalaryna ssenariçiniň we sahna eserini goýujynyň habary ýa-da rugsady bolmazdan, sirki çykyşyny ýerine ýetirýän sirkiň artistleriniň düzümini, ssenarini we onuň mazmunyny, yşyklandyryş bezegi, sirkiň artistleri tarapyndan ulanylýan sirk lybaslaryny, aksessuarlary, sirk eseriniň aýdym-sazyny üýtgetmek girýär.
3. Sirkiň prodýuseriniň, ssenariçisiniň, sahna eserini goýujysynyň we artistleriniň arasyndaky şertnamada şu Kanunda bellenilen hukuklardan başga hukuklar hem göz öňünde tutulyp bilner.
4. Sirkiň artistiniň adynyň görkezilmegine, ssenariçisiniň we sirk eserini goýujynyň sirk eserine bolan hukuklary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda goralýar.
25-nji madda. Sirk prodýuseriniň borçlary
Sirk prodýuseri özüniň we sahna eserini goýujynyň arasyndaky şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ssenariçä we sahna eserini goýuja aşakdakylary habar bermäge borçludyr:
1) sahnalaşdyrylan sirk eserinde üýtgetmeleri amala aşyrmagyň zerurlygy we olary amala aşyrmakda ssenariçä hem-de sahna eserini goýuja teklip edilýän şertler hakynda;
2) şertnamadan gelip çykýan, ssenariçiniň we sahna eserini goýujynyň gatnaşmazlygynda sirk eserinde amala aşyrylan üýtgetmeler we bu üýtgetmeleriň sebäpleri hakynda;
3) sirk eseriniň köpçülikde ýerine ýetirilmeginiň wagtyndan öň bes edilmegi hakynda ýa-da şertnamada göz öňünde tutulýan sirk tomaşalarynyň möçberiniň azaldylmagy hakynda, şeýle hem tomaşalary köpçülikde ýerine ýetirmegiň iň uzak möhleti ýa-da möçberi şertnamada bellenilmedik ýagdaýynda.
Ssenariçi we sahna eserini goýujy sirk eserini ýoýulmadan goramak hukugyny ulanyp, sirk eseriniň çeperçilik çözgüdini dikeltmek maksady bilen, onuň köpçülikde ýerine ýetirilmeginiň wagtlaýyn saklanylmagyny talap edip bilerler.
26-njy madda. Sirk eserine intellektual eýeçilik hukuklarynyň we intellektual eýeçiligiň eýeleriniň hukuklarynyň goragy
Sirk eserine intellektual eýeçilik hukuklarynyň goragy we intellektual eýeçiligiň eýeleriniň hukuklarynyň goragy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
VII BAP. SIRKLERIŇ IŞINIŇ MALIÝE, MADDY-ENJAMLAÝYN ÜPJÜNÇILIGI
27-nji madda. Sirk işiniň maliýe üpjünçiligi
1. Sirk işiniň maliýe üpjünçiligi onuň durmuş taýdan ähmiýetini ykrar etmekden we ilat üçin sirk tomaşalarynyň elýeterliligini üpjün etmegiň zerurlygyndan ugur alnyp amala aşyrylýar.
2. Döwlet sirkleriniň işini maliýeleşdirmek aşakdakylaryň hasabyna amala aşyrylýar:
1) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň;
2) sirkleriň öz serişdeleriniň;
3) kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň serişdeleriniň;
4) hemaýatkärleriň kömekleriniň;
5) raýatlaryň serişdeleriniň;
6) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň.
3. Döwlet sirklerini maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmeleri şulardan ybarat:
1) sirk tomaşasyna petekleri satmakdan alnan serişdeler;
2) ýuridik we fiziki şahslaryň buýurmalary boýunça sirkiň ýerine ýetiren işleri üçin alnan serişdeler we emläk;
3) ýadygärlik sowgatlyk önümleri ýerlemekden we sirkiň neşir işinden gelen girdejiler;
4) wideoýazgylary, surata düşürmek we interwýu üçin tölegler;
5) sirke degişli bolan we degişli şertnama laýyklykda geçirilen intellektual eýeçilik hukuklarynyň ulanylandygy üçin sylag (öwezlik tölegi);
6) haýyr-sahawat gatançlary, beýleki tölegli hyzmatlary etmekden gelen girdejiler;
7) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeler.
4. Sirk işiniň býujet serişdeleriniň hasabyna maliýe üpjünçiligi salgylanma we maksatlaýyn häsiýete eýedir hem-de sirklere tassyklanan döredijilik meýilnamalaryna laýyk gelmeginde şu aşakdakylar üçin berilýär:
1) täze sirk eserleriniň döredilmegi;
2) haýwanlary edinmek;
3) döwrebap emläk toplumynyň kemala gelmegi;
4) sirk hakynda hünär bilimiň we ylmyň ösdürilmegi;
5) Türkmenistanda döwlet we halkara derejede sirk festiwallaryny we bäsleşiklerini geçirmek.
5. Sirkleriň ösdürilmegi üçin serişdeleri çekmek maksady bilen, öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda alyp barýan sirkleri we sirk sungatyny ösdürmegiň gaznalary, şol sanda sirk tomaşalary görkezilende adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykan halatlarynda önümçilik töwekgelçilikleriniň ätiýaçlandyrmasy döredilip bilner.
6. Hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet we döwlete dahylsyz sirklere sirk tomaşalarynyň elýeterliligini üpjün etmek boýunça hyzmatlary hödürlemek bilen baglanyşykly ýitgileri ýapmak üçin, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda maddy kömekler berilýär.
7. Esasy sirk işinden gelýän girdejiniň ösmegini üpjün edýän sirkleriň hereket etmegini kämilleşdirmegiň esasy ugurlary şulardyr:
1) sirk tomaşalarynyň hilini we şagalaňlylygyny ýokarlandyrmak, döwrebap tehnologiýalary, bahany emele getirmegiň has çeýe ýörelgelerini we döwrebap elektron görnüşde petekleri satmagyň has çeýe usullaryny ulanmak, netijeli mahabatlandyrma syýasatyny geçirmek arkaly gatnaşygy ösdürmek;
2) hemişelik (stasionar) sirklerde sirk tomaşalarynyň möçberini we olary görkezmegiň wagtyny artdyrmak, konsert meýdançalarynda sirkiň mümkinçiliklerini işjeň ulanmak, ilat üçin sirk sungatyna elýeterliligi ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän sirk-şapito toruny has tygşytly we ykjam gurluş hökmünde ösdürmek;
3) Türkmenistanyň sirkleriniň daşary ýurtlara guralýan göçme çykyşlaryndan we daşary ýurt sirkleriniň çykyşlarynyň Türkmenistanda görkezilmegi üçin zerur bolan emlägiň (binalar, desgalar, enjamlar, sahna hem-de tomaşany sahna goýmak üçin serişdeler, sarp ediji durmuş, medeni we beýleki maksatly gaýry emläk) kireýine berilmeginden gelýän girdejini artdyrmak;
4) sirklere ýanaşyk çäklerde maşgala bolup dynç almak üçin, sirkiň wezipesine we estetikasyna garşy gelmeýän çäreleriň we hyzmatlaryň giň ulgamy bolan köpugurly medeniýet merkezlerini döretmek.
28-nji madda. Sirkleriň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi
1. Sirkleriň maddy-enjamlaýyn binýady ýer meýdançalaryny, binalary (desgalary, jaýlary), aragatnaşyk ulgamyny, sirk enjamlaryny, rekwizitleri, ulag serişdelerini we beýleki gymmatlyklary öz içine alýar.
2. Döwlet sirkleriň maddy-enjamlaýyn ösüşiniň goldanylmagyny üpjün edýär, sirk desgalarynyň hatarynyň artmagy üçin çäreleri görýär. Sirk desgalary taslananda we ulanylanda çagalaryň, maýyplygy bolan adamlaryň, gartaşan adamlaryň sirklere barmaklary üçin amatly şertler göz öňünde tutulýar.
3. Sirkleriň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi sirkler tarapyndan özbaşdak býujet we şahsy serişdeleriniň çäklerinde amala aşyrylýar.
4. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary öz garamagyndaky sirklere olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny aýawly saklamak we ösdürmek boýunça meseleleriň çözülmeginde hemaýat bermäge borçludyrlar.
5. Sirkleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň we emläginiň maksadalaýyk däl tertipde ulanylmagyna ýol berilmeýär.
29-njy madda. Sirkleriň hojalyk işi
Sirkleriň täjirçilik we täjirçilik däl hojalyk işini amala aşyrmaga hukuklary bardyr.
Sirkler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, täjirçilik hojalyk işiniň şu aşakdaky görnüşlerini amala aşyryp bilerler:
1) ýadygärlik sowgatlyk önümleriniň we gülleriň satuwy;
2) prodýuserçilik işi;
3) sirkiň işgärlerini we tomaşaçylary naharlamagy guramak;
4) sirkde mahabaty ýerleşdirmek;
5) tanyşdyryş dabaralaryny guramak;
6) harytlary we önümleri satmak, dürli hyzmatlary ýerine ýetirmek;
7) lybaslary, aýakgaplary, enjamlary, rekwizitleri, butaforiýalary, grim, postižer we beýleki serişdeleri kireýine bermek we ýerlemek;
8) sirkiň esaslandyryş resminamalarynda göz öňünde tutulan işleriň beýleki görnüşleri.
Şu Kanunyň 13-nji maddasynda kesgitlenilen sirk işleriniň görnüşleri sirkleriň täjirçilik däl hojalyk işlerine degişli edilýär.
30-njy madda. Döwlet sirkleriniň emlägi
1. Döwlet sirkleri Türkmenistanyň kanunçylygyna we olaryň tertipnamalaryna laýyklykda, sirk işi üçin zerur bolan emläk (binalar, desgalar, enjamlar, sahna hem-de tomaşany sahna goýmak üçin serişdeler, sarp ediji, durmuş, medeni we beýleki maksatly gaýry emläk) bilen üpjün edilýär.
2. Döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan döredilen sirkleriň emläk hukuklaryny we borçlaryny, şeýle hem sirkleriň emlägini ulanmak we saklamak boýunça döwlet gözegçiligini döwletiň adyndan ygtyýarly edara amala aşyrýar.
VIII BAP. SIRKLERIŇ HALKARA WE DAŞARY YKDYSADY IŞI
31-nji madda. Sirkleriň halkara işi
1. Türkmenistanyň sirkleri ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ylalaşyklaryň esasynda sirk işi babatda halkara medeni hyzmatdaşlyga, şeýle hem halkara sirk guramalarynyň we bileleşikleriniň işine gatnaşýarlar.
2. Sirkleriň halkara medeni hyzmatdaşlyga gatnaşmagy bellenilen tertipde aşakdakylar arkaly amala aşyrylýar:
1) sirk hakynda maglumatlaryň özara alyş-çalşygyny amala aşyrmak, sirk işini guramagyň halkara tejribesini öwrenmek;
2) halkara maslahatlary, festiwallary, kongresleri we simpoziumlary geçirmek;
3) sirkiň döredijilik işgärleriniň bilelikdäki taýýarlygyny guramak;
4) Türkmenistanyň sirkleriniň daşary ýurtlara göçme çykyşlaryny guramak boýunça işi amala aşyrmak;
5) Türkmenistanyň çäginde görkezmek üçin daşary ýurt sirkleriniň meýilnamalaryny kireýine almak;
6) türkmen we daşary ýurt sirkleriniň bilelikdäki we alyş-çalyş göçme çykyşlaryny guramak;
7) ylalaşyklara laýyklykda, eger-de ol Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalara garşy gelmeýän bolsa, bilelikdäki gaýry işleri amala aşyrmak.
32-nji madda. Sirkleriň daşary ykdysady işi
Ýuridik şahs bolup durýan sirkleriň, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, daşary ykdysady işini amala aşyrmaga hukugy bardyr.
IX BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
33-nji madda. Sirke ýetirilen zyýan üçin jogapkärçilik
Fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan sirke ýetirilen maddy zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dolunýar.
34-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
35-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 9-njy noýabry.