Ï Türkmenistanyň Kanuny «Goranmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny «Goranmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 9038

I. 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabryndaky «Goranmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 3, 59-njy madda; 2011 ý., № 4, 76-njy madda; 2012 ý., № 4, 112-nji madda; 2014 ý., № 1, 46-njy madda; 2016 ý., № 1, 67-nji madda, № 4, 143-nji madda; 2017 ý., № 3, 110-njy madda; 2019 ý., № 1, 10-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

4-nji maddada:

11-nji bentde «informasion» diýen sözi «maglumat» diýen söze çalşyrmaly;

22-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«22) harby tälim alan adam gorlarynyň ätiýaçlyklaryny döretmegi, döwlet bilim standartlaryna laýyklykda umumybilim, hünär-tehniki bilim, orta hünär bilimi edaralarynda çagyryşdan öňki we fiziki taýýarlygy;»;

15-nji maddanyň dördünji böleginde:

5-nji bentden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«51) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynda brigada derejesine çenli düzüm birlikleri döredýär, üýtgedip guraýar we ýatyrýar;»;

16-njy we 22-nji bentlerde «sosial» we «geoinformasion» diýen sözleri degişlilikde «durmuş» we «geomaglumat» diýen sözlere çalşyrmaly;

şu mazmunly bendi goşmaly:

«26) garamagyna degişli hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalary döredýär, üýtgedip guraýar we ýatyrýar.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 20-nji noýabry.