Ï Biologiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasynyň netijeleri yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Biologiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasynyň netijeleri yglan edildi

view-icon 9370
Biologiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasynyň netijeleri yglan edildi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň guramagynda daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda biologiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasy geçirildi.

Internet olimpiadasyna Russiýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Belarusuň, Gazagystanyň, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, ABŞ-nyň, Italiýanyň, Malaýziýanyň, Kanadanyň, Angliýanyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Niderlandiýanyň, Ukrainanyň 34 sany ýokary okuw mekdeplerinden jemi 102 talyp hem-de Türkmenistanyň 14 sany ýokary okuw mekdeplerinden 92 talyp gatnaşdy.

Üç dilde – türkmen, rus we iňlis dillerinde geçirilen olimpiadanyň netijelerine görä, bilim bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi.

Ilkinji baýrakly ýerleri M. Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary eýelediler.

Toparda gazanylan iň ýokary utuk sanyna görä, M. Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplar topary 265 ball bilen birinji ýeri eýeledi.

Ikinji ýeri 257 ball toplan Russiýa Federasiýasynyň Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň topary aldy.

Toparlaýyn hasapda 224 ball toplan Türkmen Oba hojalyk institutynyň topary üçünji boldy.

Olimpiada halkara standartlara laýyklykda, ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň wekilleri bilen birlikde, daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri-de eminlik etdiler.

Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda biologiýa dersi boýunça geçirilen halkara internet olimpiadasy «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» netijeli durmuşa geçirmegiň çäginde guraldy.