"Türkmenistanda COVID-19-yň öz wagtynda ýüze çykarmak" taslamasynyň çäklerinde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň guramagynda Türkmenistanyň talyplarynyň arasynda bäsleşik geçirildi.
Bäsleşik Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda we Mary şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda talyplaryň arasynda COVID-19-yň öňüni almak, pandemiýa garşy täsir etmek çäreleri babatdaky bilimlerini barlamak maksady bilen geçirildi.
BMG-niň wekilleri bäsleşige gatnaşyjylary Türkmenistanda COVID-19-yň daşky gurşawy we durmuşy goramak boýunça çarçuwasyna degişli (RDUSS) we gyzyklanan taraplar üçin hyzmatdaşlyk meýilnamalary (PWZS) bilen tanyşdyrdlayr. Bäsleşigiň ýeňijileri diplomlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.