Ï Ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň eksportynyň ösüşi artdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň eksportynyň ösüşi artdy

view-icon 3225

Şu ýylyň geçen on bir aýynda Türkmenistanyň bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,6 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 35,7 göterim artdy.

Ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmekde üstünlikleriň gazanylandygyny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde yglan edilen maglumatlar hem subut edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, eksporta niýetlenen önümleri artdyrmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagy netijesinde, dürli görnüşli önümleriň eksport edilen möçberi, geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, 50 göterime golaý artdy. Şuny göz öňünde tutup, döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we täze görnüşli önümleri öndürmegiň hasabyna eksporty artdyrmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Hökümet ýygnagynda ykdysadyýetiň nebit, gaz, elektrik we dokma senagaty ýaly däp bolan eksporta gönükdirilen pudaklarynda eksportyň ösüşi bellenildi.

«Mawy ýangyjy» daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilnama 124,7 göterim berjaý edildi we daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermegiň ösüş depgini 129,7 göterime deň boldy. Häzirki wagtda sebitde we bütin dünýäde milli eksportyň esasy serişdesi bolan energiýa çeşmelerine uly isleg bar.

Şu ýylyň on bir aýynyň jemleri boýunça ýurdumyzda kanagatlanarly netijeleriň gazanylandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, muňa garamazdan, yhlasly we netijeli işlemegi dowam edip, ýurdumyzyň ykdysadyýetini depginli ösdürmelidigini belledi.