Ï Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2022-nji ýyl
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2022-nji ýyl

view-icon 26412

Daşary syýasat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan saýlap alan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyna yzygiderli eýerýär. Ýurdumyz döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary birleşdirmekde işjeň hem-de oňyn başlangyçlar bilen çykyş edip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge anyk goşandyny goşýar.

Bu ugurda Türkmenistan oýlanyşykly we anyk kesgitlenen teklipleri yzygiderli öňe sürýär, şol teklipler bolsa dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar. Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat ýörelgesiniň nobatdaky döwür üçin esasy ugurlary 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýada kesgitlenildi. Bu resminama sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iş ýüzünde mundan beýläk-de peýdalanmak, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, energetika we ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, ekologik ulgamda netijeli ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ýaly möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen birlikde, täze Konsepsiýa ählumumy durnukly ösüşe, halkara gatnaşyklaryň ynsanperwerleşdirilmegine ýardam bermegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara we sebit guramalary, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda giňeltmäge uly ähmiýet berilýär.

Dürli ugurlarda bilelikde durmuşa geçirilýän we amala aşyrylýan taslamalar, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça taýýarlanylan hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalar Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyň depginli häsiýete eýedigine aýdyň şaýatlyk edýär. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen 77-nji sessiýasynyň 45-nji umumy mejlisinde biragyzdan kabul edilen 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnama bar. Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň 68-si bu resminamanyň awtordaşy boldy. Şeýle hem şu ýylyň 28-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji umumy mejlisinde Türkmenistan tarapyndan teklip edilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini ýatlamak gerek. Şu ýylyň 15-nji martynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy ýurdumyz tarapyndan teklip edilen «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamany kabul etdi. Bu resminama möhüm ekologik meseleleri çözmäge, halkara derejede sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge Watanymyzyň goşandynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň subutnamasy boldy.

2022-nji ýylyň Türkmenistan üçin şanly senä — Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 30 ýyllygyna beslenendigi bellärliklidir. Bu gurama bilen hyzmatdaşlyk ilkibaşdan strategik häsiýete eýedir. Döwletimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna, ugurdaş düzümleriň, hususan-da, Milletler Bileleşiginiň geňeşleriniň, komitetleriniň we komissiýalarynyň düzümine birnäçe gezek agzalyga saýlandy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanandygyny bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzyň BMG bilen hyzmatdaşlykda sebit we ählumumy ösüş baradaky möhüm meselelere, olary çözmegiň ýollaryny bilelikde gözlemäge, işläp taýýarlamaga jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär. Munuň nobatdaky subutnamasy hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň degişli mejlisinde türkmen tarapynyň wekiliniň çykyşynda beýan edilen anyk başlangyçlary görkezip bolar. Şol başlangyçlaryň hatarynda 2025-nji ýyly “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda teklip bar. Ol ýurdumyzyň başlangyjy bilen ozal kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň düzgünlerine esaslanandyr.

2007-nji ýylyň dekabryndan bäri Aşgabatda hereket edýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hem Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Türkmenistan bu merkez bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, onuň işine hemmetaraplaýyn goldaw berýär. 2022-nji ýylda 15 ýyllygyny bellän merkez özüni gepleşikleri geçirmegiň netijeli meýdançasy hökmünde görkezip, häzirki döwrüň meseleleri boýunça sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hem-de işjeňleşdirmäge uly goşant goşýar.

Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistan BMG-niň ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşy bolup, Milletler Bileleşigi bilen mundan beýläk-de doly derejede gatnaşyk saklamagy maksat edinýär. Bu bolsa 2022-nji ýylyň 6-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary hem-de BMG-niň Durnukly ösüş boýunça toparynyň başlygy hanym Amina Mohammed bilen geçiren duşuşygynyň barşynda-da beýanyny tapdy. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan beýleki iri halkara we sebit guramalarydyr düzümleri, şol sanda Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Bütindünýä Söwda Guramasy we beýlekiler bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Şu ýylyň 4-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hanym Teri Hakala bilen duşuşygynyň barşynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma, onuň täze ugurlaryny gözlemäge, syýasy, ykdysady, ynsanperwer hem-de ekologik ulgamlarda gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaga ýurdumyzyň we Ýewropa Bileleşiginiň taýýardygy beýan edildi. Häzirki wagtda däp bolan hyzmatdaşlyk hereket edýän gurallaryň çäklerinde — “Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan” bilelikdäki komitetiniň, “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” we beýleki düzümleriň meýdançalarynda netijeli ösdürilýär.

Bütindünýä Söwda Guramasy bilen gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykdy. Bu bolsa ata Watanymyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek üçin täze, geljegi uly mümkinçilikleri açýar. 2022-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulýan ýurt (“işjeň synçy”) derejesini alandygyny belläp geçmek ýerlikli bolar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň Garaşsyz, Bitarap Watanymyz täze taryhy tapgyra gadam basyp, hoşniýetli erk, deňhukuklylyk, hormat goýmak ýörelgelerinde ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda hem köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklarynyň çäkleriniň örän giňdigini bellemek gerek. Ýeri gelende aýtsak, 2022-nji ýyl ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň birnäçesiniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk şanly senesine beslendi.

Netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde ýokary derejedäki saparlara hem-de duşuşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. 2022-nji ýylyň aprel aýynda Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana amala aşyran döwlet sapary taryhy köklere daýanýan, däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa öwrüldi. Aşgabatda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy hem-de türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmaga, onuň baý mümkinçiligini has doly ulanmaga gönükdirilen resminamalara gol çekildi.

Şu ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran resmi saparynyň barşynda döwletara gatnaşyklaryň giň gerimli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Moskwada geçirilen ýokary derejedäki gepleşikler türkmen-rus gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda nobatdaky ädimi alamatlandyrdy. Şol gatnaşyklarda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga möhüm orun berilýär. Şunda Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg, Astrahan oblasty we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleri bilen ýola goýlan gatnaşyklar muňa aýdyň mysaldyr.

Goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Biziň ýurdumyzyň iň ýakyn goňşularynyň biri hem Eýran Yslam Respublikasydyr. 2022-nji ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň netijeleri taraplaryň däp bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga özara taýýardyklaryny görkezdi. Bu bolsa umumy abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýär.

Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň aýrylmaz we möhüm bölegi Merkezi Aziýa ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Bu ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny asyrlaryň dowamynda emele gelen medeni-taryhy we ruhy gymmatlyklar baglanyşdyrýar. Hökümet, pudagara derejelerindäki özara saparlaryň hem-de duşuşyklaryň yzygiderli häsiýeti häzirki döwrüň ýagdaýy we mümkinçiligi nazara alnyp, hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge ýardam edýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, degişlilikde, 2022-nji ýylyň iýul we oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyny hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň biziň ýurdumyza resmi saparyny görkezip bolar. Daşkentde we Aşgabatda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda anyk ylalaşyklar gazanyldy hem-de resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şol resminamalar giň gerimli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilendir. Şeýle hem 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Daşoguzda geçirilen Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly döwletara gatnaşyklaryň taryhynda ähmiýetli waka öwrüldi.

Türkmen-gazak gatnaşyklaryna-da hemişe hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak häsiýeti mahsusdyr. 2022-nji ýylyň oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna bolan döwlet sapary dost-doganlygyň berk binýadyna, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka öwrüldi. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň öň ýanynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany Astanada geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hem-de “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitine gatnaşdy. Şeýlelikde, biziň ýurdumyz köptaraplaýyn esasda ynanyşmak gatnaşyklaryny öňe ilerletmäge ählitaraplaýyn ýardam edip, Merkezi Aziýa döwletleri bilen giňden hyzmatdaşlyk etmegi göz öňünde tutýar. Türkmenistan sebit we sebitara hyzmatdaşlyk meselelerinde, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Hytaý”, “Merkezi Aziýa — Hindistan”, “Merkezi Aziýa — Russiýa” ýaly görnüşlerde hyzmatdaşlyk etmekde işjeň hem-de başlangyçlar bilen çykyş etmek ýörelgesine eýerýär. Şu görnüşdäki gatnaşyklara soňky ýyllarda täze depgin berildi.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, şunda parlamentleriň ugry boýunça gatnaşyklara hem işjeň häsiýet berilýändigini bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy uly ähmiýete eýedir. Bu forumy geçirmek başlangyjy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Bu wajyp köptaraplaýyn duşuşyk gatnaşyklaryň şunuň ýaly görnüşiniň netijelidigini hem-de uly mümkinçilige eýedigini görkezdi. Munuň özi häzirki döwürde parlament diplomatiýasynyň barha artýan zerurlygyndan ugur alnanda has-da möhümdir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy, Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça göni gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygy tassyklanyldy.

Mälim bolşy ýaly, 12-nji maýda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň netijeleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, 13-nji maýda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň netijeleri boýunça kabul edilen Jarnama hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde ykrar edildi. Munuň özi Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasatynyň we başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan doly goldanylýandygyna, Bitarap Watanymyzyň dünýä derejesindäki abraýynyň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Parlamentara gatnaşyklar baradaky söhbedi dowam edip, bu ugurda Türkmenistanyň ähli döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy öňe ilerletmegi maksat edinýändigini bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň güýzünde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa, Russiýa Federasiýasyna hem-de Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparlary möhüm ädim boldy. Gahryman Arkadagymyz Tokioda, Moskwada we Seulda dostlukly ýurtlaryň hem-de olaryň milli parlamentleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi, şeýle hem rus paýtagtynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň umumy mejlisinde çykyş etdi.

2022-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýurdumyza gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy we Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň başlygy bilen duşuşygy boldy. Türk we azerbaýjan parlamentleriniň ýolbaşçylary Milli Geňeşiň Mejlisiniň ýolbaşçysy bilen hem duşuşdylar we deputatlaryň öňünde çykyş etdiler. Saparlaryň netijeleri boýunça parlamentara hyzmatdaşlygy, umuman, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, sebitiň diňe yklym derejesindäki däl, eýsem, dünýä derejesindäki işlerde eýeleýän ähmiýetli ornundan ugur alyp, ýurdumyzyň sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerine toplumlaýyn çemeleşmek ugrunda çykyş edýändigini bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň möhümdigi jedelsizdir. Şu görnüşdäki üçünji sammitiň 2021-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilendigini bellemek gerek.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky dördünji konsultatiw duşuşygy Gyrgyzystanda geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidenti 2022-nji ýylyň 21-nji iýulynda Çolpon-Ata şäherinde bolup, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi. Iki ýurduň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen gepleşikleriň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň, bar bolan mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegi babatda türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow konsultatiw duşuşykda çykyş edip, Türkmenistanyň sebit we sebitara derejede ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz döwletara gatnaşyklarda ynanyşmak, ählumumy syýasatdaky we ykdysadyýetdäki çökgünlikli ýagdaýlar bilen baglylykda, häzirki wagtda medeniýetiň dialogy baradaky meseläniň ählumumy ähmiýete eýe bolýandygyna ünsi çekip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birek-birek bilen özara gatnaşyklarda hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň we ynanyşmagyň göreldesini görkezmelidigini hem-de bu pikirleri halkara giňişlikde işjeň ilerletmelidigini nygtady.

Deňhukukly we hoşniýetli gatnaşyklaryň ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň bähbitlerine kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm alamatlarydygy jedelsizdir. Ýurdumyzyň bu ugurda öňe sürýän teklipleri takyk ölçerilen syýasy ugurlara, sagdyn, oňyn pragmatizme, umumy ykrar edilen, mizemez umumadamzat gymmatlyklaryna daýanýan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasynyň kemala getirilmegine gönükdirilendir. Şundan ugur alnanda, parahatçylygy, durnukly ösüşi, sebit we ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin hakyky gural hökmünde Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Bitaraplyk syýasatynyň öňe ilerledilmegine barha uly isleg bildirilýändigi görünýär.

Hazar sebitinde hyzmatdaşlyk etmek hem ata Watanymyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyz Hazarda dostlukly gatnaşyklara hemişe ygrarly bolmak bilen, kenarýaka döwletleriň hem-de olaryň halklarynyň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, degişli şertnama-hukuk binýadynyň kemala getirilmegine anyk goşant goşýar. Şunda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa esasy resminama bolup durýar.

Hazar meselesi boýunça yzygiderli çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülmek bilen, Türkmenistan 2022-nji ýylda altynjy Hazar sammitini kabul etdi. 29-njy iýunda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşyk Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşmagynda geçirildi. Sammitiň çäklerinde döwlet Baştutanymyz daşary ýurtly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirdi.

Ýigrimi ýyl mundan ozal, 2002-nji ýylda hut Aşgabatda birinji Hazar sammitiniň geçirilendigi bellärliklidir. Ol ähli ugurlar boýunça ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek boýunça badalga öwrüldi. Ýokary derejedäki nobatdaky duşuşygy geçirmek başlangyjy bilen çykyş eden hem Türkmenistan boldy. Bu baradaky teklip 2018-nji ýylyň awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen V Hazar sammitiniň barşynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow altynjy sammitdäki çykyşynda syýasat we diplomatiýa, parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, ugurdaş hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ykdysadyýet, söwda, maýa goýumlar, ulag-kommunikasiýalar we logistika, energetika, önümçilik kooperasiýasy, ekologiýa, Hazar deňziniň tebigy serişdelerinden rejeli peýdalanmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ýaly ulgamlary öz içine alýan Hazar meselesine degip geçdi. Şunuň bilen baglylykda, Hazar ykdysady forumynyň ähmiýeti bellenildi. Hyzmatdaşlygyň şu görnüşini döretmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyza degişlidir. 2019-njy ýylyň tomsunda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy Hazar deňzindäki hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşmak üçin düýbünden täze meýdançanyň döredilmeginiň binýadyny goýdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow altynjy Hazar sammitinde çykyş edip, uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça birnäçe teklipleri beýan etdi. Aşgabat duşuşygynyň netijeleri boýunça degişli Beýanat kabul edildi. Onda kenarýaka döwletleriň Hazarda ýakyndan hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge, umumyhazar ösüşiniň ileri tutulýan meselelerini çözmek boýunça tagallalary birleşdirmäge taýýardygy tassyklanyldy. Şeýlelikde, altynjy Hazar sammiti taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejelere çykarmagyň ýolundaky esasy ugurlary kesgitledi.

Bitarap Watanymyz türki dünýäniň ýurtlary bilen hem netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýär. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynda synçy derejesine eýe boldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Samarkantda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň çakylygy boýunça hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy ýurdumyzyň bu köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyna şaýatlyk edýär.

Türki medeniýetiň halkara guramasy bilen hem köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk dowam edýär. Bu hyzmatdaşlyk umumy taryhy we ruhy gymmatlyklary bolan halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly”, Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek baradaky kabul eden çözgütleri bellärliklidir.

Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň gerimi dünýäniň dürli sebitlerini gurşap alýar. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň iýul aýynda Aşgabada gelen Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygynyň dowamynda däp bolan türkmen-gruzin gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistan dünýäniň döwletleri we halkara guramalar bilen dürli görnüşlerdäki hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmek bilen, özüniň daşary syýasat strategiýasynda köptaraplaýyn diplomatiýanyň — syýasy, parlament, ykdysady, energetika, ulag, suw, ylmy, lukmançylyk, medeni, ekologiýa, sport we beýleki diplomatiýalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berýär. 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda utgaşykly görnüşde geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat bu ugurda ädilen anyk ädim boldy. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guralan bu forum onlarça döwletleriň we abraýly halkara guramalaryň wekillerini bir ýere jemledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara wideoýüzlenmesinde dünýä ykdysadyýetinde agdyklyk edýän häzirki zaman ýagdaýlarynyň seljermesiniň ulag we kommunikasiýalar ulgamynyň ösdürilmeginiň has möhüm, aýgytly ähmiýete eýe bolýandygyny aýdyň görkezýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz BMG-de ulag ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bähbitlerini goramaga gönükdirilen we guramanyň degişli düzümleri bilen yzygiderli iş alyp barjak ýörite iş toparyny döretmek baradaky meselä seretmegi, şeýle-de Baş Assambleýanyň «Ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ornuny ýokarlandyrmak» atly Kararnamasyny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip etdi. Şu forumyň kabul eden çözgütleriniň we teklipleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 2024-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulan üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň esasyny düzjekdigine ynam bildirildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň iberen hatynda hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen maslahatyň ähmiýeti nygtaldy. Bu haty BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary we Az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili hanym Rabab Fatima sanly ulgam arkaly okady.

Forumyň netijeleri kabul edilen Jemleýji Beýannamada berkidildi. Resminamada netijeli ulag ulgamyny döretmek maksady bilen, sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek we utgaşdyrmak boýunça mundan beýläk-de tagallalary birleşdirmegiň zerurdygy bellenilýär. Munuň özi deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlarda durnukly ykdysady we durmuş ösüşiniň aýrylmaz şertidir. Şeýle hem durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň jemleri boýunça binýady goýlan durnukly ulag boýunça Aşgabat prosesini dowam etdirmegiň, bu prosesiň çäklerinde degişli köptaraply geňeşmeleriň, bilim çäreleriniň geçirilmeginiň möhümdigine üns çekilýär.

Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, suw diplomatiýasy hem aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu diplomatiýa suw serişdelerini dikeltmek we gorap saklamak, olary oýlanyşykly, rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça dialog üçin giň mümkinçilikleri açýar. Hut şeýle çemeleşme bu möhüm ulgamda öňde durýan hem-de Durnukly ösüş maksatlarynda bellenen wezipeleri çözmek boýunça netijeli guraly işläp taýýarlamak üçin dünýä jemgyýetçiliginiň işini utgaşdyrmakda ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ählumumy, sebit we milli gurallaryň utgaşdyrylmalydygyna we biri-biriniň üstüni ýetirmelidigine ünsi çekýär. Şunda suw we ekologik ýagdaýlar ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Ýurdumyz suwy rejeli peýdalanmak boýunça başlangyçlar bilen çykyş edip, suw dünýä halklarynyň umumy baýlygy, arassa içimlik suwa adalatly we deňhukukly elýeterlilik her bir adamyň aýrylmaz hukugydyr diýen ýörelgä eýerýär. Türkmenistan bu ugurdaky meseleleriň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, her bir tarapyň bähbitlerini nazara almak bilen we abraýly guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň işjeň gatnaşmagynda çözülmelidigine berk ynanýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitindäki (APWS) çykyşynda ata Watanymyzyň bu ýörelgelere berk eýerýändigi öz beýanyny tapdy. Ozal habar berlişi ýaly, 2022-nji ýylyň 23-nji aprelinde döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly dördünji Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitine gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, biziň ýurdumyz suw meselesi boýunça dünýä bileleşigi, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen maksatnamalaýyn resminamalar esasynda ýakyndan hem-de yzygiderli hyzmatdaşlyk edýär. Bu resminamalar BMG-niň 2012-nji ýyldaky «Rio+20» maslahatynda, 2015-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda, 2018-nji ýylda ýokary derejede geçirilen Duşenbe halkara maslahatynda we beýleki möhüm forumlarda kabul edildi. Türkmen tarapynyň şol forumlarda beýan eden başlangyçlary anyk häsiýete eýe bolup, adamlaryň hakyky zerurlyklary sebit ösüşiniň we hyzmatdaşlygynyň maksatlary bilen baglydyr.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda Türkmenistan tarapyndan bu ugurda edilýän tagallalara, amala aşyrylýan giň gerimli taslamalara ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu sammite gatnaşmaga çagyrylmagy, dünýä bileleşigi tarapyndan Türkmenistanyň suw meseleleri boýunça netijeli teklipleriniň goldanylmagy ýurdumyzyň belent halkara abraýynyň, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözülmegine goşýan goşandynyň ykrar edilmeginiň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Samarkant şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy Watanymyzyň netijeli döwletara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orun eýeleýändigine şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyzyň sammitdäki çykyşynda nygtaýşy ýaly, ýurdumyz ŞHG bilen syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagy hem-de diwersifikasiýalaşdyrmagy, oňa uzak möhletleýin, strategik häsiýet bermegi maksat edinýär.

Sammitiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti, şeýle hem ŞHG-niň Baş sekretary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda taraplaryň netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardygy beýan edildi. Munuň üçin ägirt uly mümkinçilikler bardyr.

Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Türkmenistan olar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Şunda Hytaý Halk Respublikasy, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy bilen köpýyllyk strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy mysal hökmünde getirmek bolar. Türkmenistanyň bu ýurtlar bilen gatnaşyklary ozaldan gelýän dostluga we taraplaryň özara hoşniýetli erkine esaslanmak bilen, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa we Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparlarynyň dowamynda ykdysady ulgamdaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol saparlaryň çäklerinde hormatly Arkadagymyz bu ýurtlaryň işewür toparlarynyň hem-de ugurdaş düzümleriniň wekilleri bilen duşuşdy.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmakda we ösdürmekde bilelikdäki hökümetara toparlaryň, komitetleriň hem-de işewürlik geňeşleriniň işine möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy türkmen bazarynyň daşary ýurtly işewürleri üçin özüne çekijiligini şertlendirýär. “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşi özüni hyzmatdaşlygyň netijeli guraly hökmünde görkezdi. Onuň işi ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, iki ýurduň ugurdaş döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam berýär. 2022-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda ABŞ-nyň wekilçilikli toparynyň gatnaşmagynda nobatdaky bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirildi.

Yzygiderli geçirilýän işewür duşuşyklar Türkmenistanyň ýewropaly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilendir. Şunda 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmen-awstriýa işewürlik maslahatyny we Bilelikdäki toparyň nobatdaky mejlisini anyk mysal hökmünde getirmek bolar.

Türkmenistan öz daşary syýasatynda Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem uly üns berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 21-22-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi sapary bu ugurda ädilen täze ähmiýetli ädim boldy. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy hem-de döwletara gatnaşyklaryň hukuk binýadynyň üstüni ýetiren we türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň kuwwatyny durmuşa geçirmäge, onuň gerimini giňeltmäge gönükdirilen resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz saparyň dowamynda “Türkmenistan — BAE” işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň forumdaky çykyşy dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri tarapyndan uly gyzyklanma bilen kabul edildi. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary, maýa goýum işini yzygiderli ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşylan, anyk teklipler beýan edilen forumda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça resminamalara, şol sanda degişli ylalaşyklara, iki döwletiň telekeçilik düzümleriniň arasynda şertnamalara gol çekildi.

2022-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda hormatly Prezidentimiz Katar Emiriniň çakylygy boýunça Katar Döwletine bardy. Doha şäherinde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşygyň dowamynda dostlukly, özara hormat goýmak häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň şu saparynyň türkmen-katar gatnaşyklaryny ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge hyzmat etjekdigi nygtaldy. Şeýle hem Katarda bolmagynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýurtda geçýän Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň birinde hormatly myhman boldy.

2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Katar Döwletinde (Doha şäheri) ilçihanasyny açmak hakynda Permana gol çekdi. Munuň özi netijeli döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berdi.

Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 12-nji dekabrynda ýurdumyz dünýä bileleşigi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk gününi belleýär. 2022-nji ýylda bu şanly senä bagyşlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat geçirildi. Baýramçylygyň öňüsyrasynda utgaşykly görnüşde geçirilen forum halkara we sebit guramalarynyň, BMG-ä agza ýurtlaryň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryny hem-de wekillerini, görnükli jemgyýetçilik, syýasy işgärleri, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatlaryny, halkara bilermenleri jemledi. Şanly senäniň öňüsyrasynda Aşgabatda geçen çärelere Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk mejlisine gatnaşyjylar hem maslahatyň hormatly myhmanlary boldular.

Maslahata gatnaşyjylara BMG-niň Baş sekretary, onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we düzümleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary gutlaglaryny iberdiler. Munuň özi Bitarap Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň ýokarydygyna, onuň parahatçylyk döredijilik işiniň giňden ykrar edilýändigine we goldanylýandygyna şaýatlyk edýär. Forumyň mowzuklaýyn mejlisleriniň işiniň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.

Ýurdumyz ýokary derejedäki dürli duşuşyklaryň we gepleşikleriň hemişe başyny başlaýar hem-de olaryň geçirilýän ýerine öwrülýär. Şol duşuşyklar uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerine oňyn çemeleşmeleri kemala getirmäge mümkinçilik berýär. Mysal üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda 14-nji dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji üçtaraplaýyn sammit 2022-nji ýylyň ähmiýetli wakasy boldy.

Döwletara gatnaşykaryň taryhynda hil taýdan täze tapgyryň başyny başlan bu duşuşyk biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezdigini tassyklady. Sammitiň dowamynda gazanylan ylalaşyklar, gol çekilen resminamalar özara bähbitli üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we onuň ugurlaryny giňeltmegiň, bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmegiň esasyny berkitdi.

Şeýlelikde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan oňyn daşary syýasat ugruna berk ygrarlydygyny görkezýär. Şol ugur bolsa ählumumy abadançylygyň, gülläp ösüşiň we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Bu bolsa ýurdumyzyň öňe süren “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly köpugurly başlangyjyny durmuşa geçirmäge ýardam etmelidir.

(TDH)