Aşgabat şäherindäki 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçylary we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýasy bölüminde okaýan talyplar «STEAM-Azerbaýjan-2022» halkara festiwalyna (SAF-2022) gatnaşdylar.
Bu ylym-bilim forumy Angliýanyň, Ysraýylyň, Türkiýäniň, Norwegiýanyň, Şwesiýanyň, Estoniýanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde sanly tehnologiýalaryň esaslaryny öwrenýän ýaşlary Bakuwyň Sergi merkezinde jemledi.
Festiwalyň maksatnamasy bäsleşik tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini öz içine aldy. Mekdep okuwçylarymyz robot taslamalary bäsleşigine gatnaşdylar. Talyplar bolsa Hakatonda (Hacker Marafony) programma üpjünçiligini işläp düzmegiň dürli ugurlarynda başarnyklaryny görkezdiler.
Türkmenistandan baran iki toparyň işlerine mynasyp baha berildi. Toparlaýyn sanawda mekdep topary 2-nji orny eýeledi. Talyplar topary hem, öz dersi boýunça ikinji orny eýeläp, ilkinji üçlüge girdi. Şeýlelik bilen, ildeşlerimiz Watana kümüş medallar we gymmatly sowgatlar bilen dolanyp geldiler.
Azerbaýjan Respublikasynyň Ylym we Bilim ministrliginiň goldawy bilen geçirilen bu festiwal öňdebaryjy innowasion taslamalar sergisi bilen bilelikde geçirildi. Bu çäräniň esasy maksady STEAM bilimini öňe sürmek, okuwçylaryň we talyplaryň arasynda XXI asyryň endiklerini ösdürmek, innowasiýa we sanlylaşdyrma pudagy boýunça halkara tejribäni öwrenmekdir.