Ï Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2022-nji ýyl medeniýet ulgamy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2022-nji ýyl medeniýet ulgamy

view-icon 7857

«Biz milli medeniýetimizi ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, medeniýet öýleri biziň milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösýändiginiň subutnamasydyr» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda belledi. Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň ähmiýetini nygtap, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi.

2022-nji ýylda ýurdumyzyň medeniýetiniň gazananlaryna saldamly goşant goşup, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde medeni diplomatiýanyň orny has-da berkedi. Däp bolşy ýaly, Diýarymyzda ýylyň başyndan bäri halkara baýramçylyklar giňden bellenildi, şanly senelere bagyşlanan çäreler, şol sanda 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 30 ýyllygy, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli köp sanly dabaralar geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini medeni diplomatiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň bu babatda örän netijeli ýyllaryň biri bolandygyny bellemelidiris. Ýylyň dowamynda ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasy we onuň sebit edaralary bilen köp sanly onlaýn duşuşyklar, okuw maslahatlarydyr geňeşmeler geçirildi. Şolaryň barşynda ylym, bilim, medeniýet, ekologiýa ulgamlarynda netijeli gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryna garaldy.

Türkmenistanyň wekiliýetleri ÝUNESKO-nyň ugry boýunça daşary ýurtlarda geçirilen çärelere gatnaşdylar. Hususan-da, türkmen hünärmenleri 13-14-nji maýda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde bolup, şol ýerde TÜRKSOÝ-nyň agza ýurtlarynyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlarynyň mejlisine gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekilleri ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde geçirilen 17-nji mejlisinde, şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýanyň 50 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen halkara forumda wekilçilik etdiler. Ýurdumyz ÝUNESKO-nyň hökümetara düzümlerine agza hökmünde guramanyň işine işjeň gatnaşýar.

Geçen döwürde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna birnäçe milli we köptaraply hödürnamalar girizildi. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky habar ýurdumyzda uly ruhubelentlik bilen kabul edildi. Mundan başga-da, şu ýylyň 1-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň teklibi boýunça, dostlukly ýurtlar bilen bilelikde türkmen keşdeçilik sungaty, Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi hem-de ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri bu guramanyň degişli sanawyna girizildi.

2022-nji ýylda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda “Parahatçylyk dilleri” atly birinji ÝUNESKO kluby, soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda onuň “Dünýä dilleri” kluby açyldy. “Türkmenistan — ÝUNESKO: ýadygärlikleri bilelikde gorarys” kitapçasy “Dünýä ýadygärlikleri” halkara maksatnamasy boýunça gollanma hökmünde taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna, şeýle hem toparyň 2022-nji ýyl üçin meýilnamasynda we 2021 — 2023-nji ýyllar üçin ÝUNESKO bilen Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň we Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyny giňeltmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, Aşgabady “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak, “Türkmen alabaý itlerini ýetişdirmek sungaty”, “Türkmen keçe sungaty”, “Türkmen demirçilik senedi”, “Türkmen tazysy we elguşy”, “Türkmen milli göreşi” ýaly hödürnamalary guramanyň degişli sanawlaryna girizmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de türkmen tarapy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny, ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmegi, birnäçe orta mekdepleri ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň halkara ulgamyna goşmagy meýilleşdirýär.

Şu ýylyň fewral-mart aýlarynda ýurdumyzyň muzeýlerinde, kitaphanalarynda, konsert merkezlerinde, ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde, jemgyýetçilik guramalarynda dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli dabaraly maslahatlar, konsertler, sergiler, döredijilik duşuşyklary we beýleki çäreler geçirildi. Bu şanly waka mynasybetli 1-nji fewralda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dabaraly maslahat we sergi, sahna oýunlarynyň, kinolaryň, telegepleşikleriň görkezilişi boldy. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň “Türkmeniň ak öýi” binalarynda bagşy-sazandalaryň we olaryň teleýaýlymlarda eden çykyşlarynyň ýazgysy görkezildi. 30-njy martda Mukamlar köşgünde türki dilli döwletleriň meşhur aýdymçylarynyň ýerine ýetiren “Saýra, dutar!” atly aýdymynyň wideoýazgysynyň görkezilişi boldy.

Abraýly halkara we sebitleýin düzümler bilen özara gatnaşyklaryň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýe bolup, ol umumy taryhy kökleri we ruhy gymmatlyklar arkaly baglanyşan halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň maksatlaryna laýyk gelýär.

Mälim bolşy ýaly, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan etmek baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Munuň özi ajaýyp eserlerinde parahatçylygy, dostlugy, hoşniýetliligi wasp eden türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyryna uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başga-da, TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň çözgüdi boýunça Türkmenistanyň gadymy Änew şäheri 2024-nji ýyl üçin “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edildi. Munuň özi bu şähere özüniň baý taryhyny, medeni mirasyny, syýahatçylyk kuwwatyny görkezmäge mümkinçilik berer, şeýle-de Türkmenistanyň ajaýyp ýerlerini dünýäde giňden wagyz etmäge goşant goşar.

Hormatly Prezidentimiziň medeniýet ulgamynyň hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy wajyp wezipe hökmünde kesgitländigini bellemek gerek. 2022-nji ýylda bu ugurda degişli işler durmuşa geçirildi. Ýylyň birinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň teatrlaryna “Milli” we “Akademiki” hukuk derejesini bermegiň tertibini, döwlet muzeýlerine “Milli” hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklady. Noýabr aýynda Türkmenistanda “Sirk we sirk sungaty hakynda” Kanun güýje girizildi. Ol häzirki zaman ýagdaýlaryna laýyklykda, ýurdumyzda sirk işini netijeli ösdürmek ugrunda kadalaşdyryjy hukuk şertleriniň döredilmegine gönükdirilendir.

Şu ýylyň aprel aýynda kabul edilen “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda durmuşa geçirýän syýasaty pederlerimiziň döreden medeni mirasynyň öwrenilmegini, saklanmagyny hem-de wagyz edilmegini, giň halkara gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny, bu ugurda amatly içerki ýagdaýyň emele gelmegini, ylmy barlaglaryň işjeňleşdirilmegini, bu işlere beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy hünärmenleriniň çekilmegini şertlendirýär. “Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly ylmy-amaly maslahat we sergi, Türkmenistanyň ösüşinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähmiýetine bagyşlanyp, fewral aýynda geçirilen mediaforum bu ugurda ýylyň möhüm halkara çäreleriniň hataryndadyr.

1-2-nji martda Söwda-senagat edarasynda “Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy” atly halkara maslahat we sergi guraldy. Foruma ýurdumyzyň medeniýet işgärleri bilen bir hatarda, sanly ulgam arkaly daşary ýurtlaryň belli suratkeşleri, döredijilik toparlarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

2022-nji ýylda geçirilen medeni çäreleriň arasynda ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilen arheologik gözleg işlerine bagyşlanan ylmy meýdan duşuşyklary we sergiler bar. Şunuň bilen baglylykda, “Dehistan” taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynda ylmy-amaly maslahatyň, “Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly halkara ylmy duşuşygyň geçirilendigini bellemeli.

Forumda sanly ulgam arkaly türkmen alymlary bilen bilelikde arheologik gözleg işlerine we ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerinde geçirilen ylmy barlaglara gatnaşan daşary ýurtlaryň ylmy merkezleriniň belli alymlary, arheologlary çykyş etdiler. Forumyň çäklerinde arheologik gözlegleriň dowamynda ýüze çykarylan tapyndylaryň sergisi guraldy we Türkmenistanyň çäginde halkara hem-de milli toparlaryň amala aşyran gözlegleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. “Türkmenistanyň gadymy taryhy: ylmy barlaglar we ýadygärlikleri dikeltmek” atly täze neşirde geçirilen barlaglaryň netijeleri öz beýanyny tapdy. Ol Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirligi tarapyndan neşire taýýarlanyldy. Bu kitaba Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini saklamak we dikeltmek boýunça 10 ýylyň dowamynda geçirilen arheologik ekspedisiýalara hem-de taslamalara gatnaşan hünärmenleriň makalalary girizildi.

Şu ýylyň maý aýynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň bu täze edebi işiniň ýaşlaryň watansöýüjilik, ruhubelentlik we hoşniýetli gatnaşyklar esasynda terbiýelenilmeginde ägirt uly ähmiýeti bar.

Maý aýynyň ahyrynda ýurdumyzyň teatrlarynyň we Döwlet sirkiniň artistleri “Türkmen teatr sungaty” atly teatr festiwalynyň çäklerinde täze eserlerini görkezdiler. Munuň özi ýazky teatr festiwalyny, şol sanda halkara forumy geçirmek däbiniň giň goldawa eýe bolandygyny görkezýär.

Her ýylda geçirilýän Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň medeni durmuşyndaky şanly wakalaryň birine öwrüldi. 2022-nji ýylyň iýun aýynda Mary şäherinde geçirilen bu gezekki döredijilik forumy Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlandy. Hepdeligiň maksatnamasyna teatr we kino eserleri girizildi. “Türkmeniň ak öýi” binasynda her gün konsertler guraldy. Şeýle-de ylmy-amaly maslahatlar, açyk meýdan we döredijilik duşuşyklary, şygryýet agşamy, okuw maslahatlary, bäsleşikler, sergiler, halkara mediaforum geçirildi. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde döredilen kinolaryň sekizisiniň görkezilişi boldy.

Hepdeligiň çäklerinde Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda estrada artistleriniň gülküli sahnalary we degişme çykyşlary aýratyn maksatnama görnüşinde ýaýbaňlandyryldy. Onuň dowamynda oba medeniýet öýleriniň işini kämilleşdirmek boýunça usulyýet maslahatynyň ilkinji gezek geçirilendigini bellemek gerek.

Paýtagtymyz Aşgabatda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryna “Akademiki” hukuk derejesiniň berilmegi mynasybetli dabara geçirildi we “Magtymguly” operasynyň görkezilişi boldy. Şol günlerde ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan taýýarlanylan “Türkmen teatrynyň, kinosynyň we sirkiniň belli artistleri” atly iki jiltli täze kitap, türkmen dramaturglarynyň pýesalaryny özünde jemleýän iki jiltli täze neşir okyjylara ýetirildi.

Soňky wagtda ýurdumyzda açyk meýdanda, has takygy, arheologik gazuw-agtaryş işleriniň geçirilýän ýerlerinde maslahatlaryň we duşuşyklaryň geçirilmegi däbe öwrüldi. “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda “Taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamagyň täze ýörelgeleri we syýahatçylygy ösdürmegiň ugurlary” atly mowzukda duşuşyk geçirildi. Halkara gatnaşyklary ösdürmegiň we milli medeniýeti giňden wagyz etmegiň möhüm guraly bolan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň kämilleşdirilmegine gönükdirilen meseleler «Medeniýet hepdeligi — 2022-niň” esasy aýratynlyklarynyň biri boldy. Hut şu meselelere “Mary” myhmanhanasynda geçirilen halkara mediaforumda aýratyn üns berildi. Oňa ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdylar.

27-nji iýunda Medeniýet hepdeligi tamamlandy. Şol gün ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi.

2022-nji ýylyň güýz paslynda medeni çäreleriň tutuş toplumy, şol sanda halkara derejedäki dabaralar geçirildi. Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp, uly baýramçylyk maksatnamasy ýaýbaňlandyryldy. Sentýabr aýy döredijilik bäsleşikleriniň, ozaly bilen, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrunda geçirilýän bäsleşigiň jemleriniň yglan edilýän döwrüdir. Şolaryň hatarynda zehinli ýaş türkmenistanlylar — “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň hem-de aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileri bar.

Şu ýylda «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde ilkinji gezek zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, dutarçylaryň we bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” atly täze döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi. “Bu bäsleşik «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylda halk aýdym-sazlarynyň ähmiýetiniň ýokarlandyrylmagyna, dutarda saz çalmak we aýdym aýtmak bilen meşgullanýan ýaş zehinleriň ýüze çykarylmagyna ýardam berýär” diýip hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belledi.

Ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň we gepleşikleriň gün tertibine medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizilýär. Bilelikdäki çäreler, döredijilik alyşmalary ozal gazanylan ylalaşyklaryň oňyn netije berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu babatda 2022-nji ýylyň soňky aýlarynyň has-da netijeli bolandygyny bellemeli. Hususan-da, ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli birnäçe çäreler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, oktýabr aýynyň ikinji ongünlüginde Aşgabatda, Türkmenabatda we Maryda ýapon medeniýetiniň “Masuri — 30” festiwalynyň geçirilendigini nygtamak gerek.

Noýabr aýynyň birinji ýarymynda ýurdumyzda Koreý medeniýetiniň günleri geçirildi. 25-nji noýabrda Aşgabatda belli nemes nusgawy kompozitorlarynyň eserlerinden düzülen konsert geçirildi. 5-nji dekabrda türkmen sazandalarynyň we wokal aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde gruzin kompozitorlarynyň aýdymlaryndan ybarat bolan konsert guraldy. Şeýle medeni çäreleriň geçirilmegi Türkmenistanyň soňky ýyllarda dostlukly ýurtlar bilen ýola goýýan gatnaşyklarynyň, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny görkezýär.

“Bitewülik köpdürlülikde” şygary astynda geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy mynasybetli guralan konsertiň maksatnamasyna Ýewropanyň nusgawy saz sungatynyň altyn gaznasyndan orun alan eserler girizildi. Şeýle-de hepdeligiň dowamynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we köp sanly gyzyklanma bildirýänler üçin sergi, döredijilik duşuşyklary, okuw sapaklary, maslahatlar geçirildi.

Şu ýylyň 12 — 14-nji oktýabrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Gazagystandan, Özbegistandan, Eýrandan, Türkiýeden, Koreýa Respublikasyndan, Latwiýadan gelen medeniýet ulgamynyň wekilleriniň, suratkeşleriň we senetçileriň gatnaşmagynda geçirilen «Senetçilik we amaly-haşam sungaty — dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklaryň barha pugtalanýandygynyň, medeni hyzmatdaşlygyň täze derejä göterilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu halkara festiwal giň gerimli medeni çäreleriň hatarynda möhüm orny eýeledi. Onuň çäklerinde amaly-haşam sungatynyň dürli ugurlary boýunça sergi-ýarmarkasy, ussatlyk sapaklary, ylmy-amaly maslahat we beýleki çäreler geçirildi.

22-nji noýabrda paýtagtymyzda taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmekde, gorap saklamakda we rejelemekde halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de tejribe alyşmak meselelerini öz içine alýan “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy.

Maslahata Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirliginiň we onuň garamagyndaky döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň ylym, medeniýet, muzeý işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Russiýanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistan yň, Fransiýanyň, Italiýanyň iri ylmy we medeni merkezleriniň ýolbaşçylary, işgärleri, bilermenleri bolsa oňa sanly ulgam arkaly goşuldylar. Olaryň köpüsiniň ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde türkmen alymlary bilen bilelikde arheologik gözleglere we ylmy barlaglara gatnaşandyklaryny bellemek gerek.

Noýabr aýynda Daşoguz şäherinde geçirilen Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly ähmiýetli wakalara baý boldy. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gutlaglaryny iberdiler. Festiwalyň maksatnamasyna sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertleri, sahna oýunlary we beýleki çäreler girizildi. Bu bolsa türkmen-özbek döredijilik gatnaşyklarynyň mazmunyny has-da baýlaşdyrmaga mümkinçilik berdi.

Festiwalyň çäklerinde Daşoguz şäheriniň “Türkmeniň ak öýi” binasynda iki ýurduň senetçileriniň hem-de şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň işleriniň sergisi guraldy. Onda türkmen hem-de özbek halklarynyň özboluşly däp-dessurlaryny, tebigatyň gaýtalanmajak gözelligini, taryhy-medeni ýadygärliklerini, häzirki zaman binagärlik ýörelgelerini beýan edýän eserler görkezildi.

Noýabr aýynyň ahyrynda Türkmenistanda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Ol döwletara gatnaşyklary ösdürmekde nobatdaky möhüm ädime öwrüldi. Döredijilik çäresiniň açylyş dabarasy paýtagtymyzda geçirildi we onda dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň konserti guraldy.

Şeýle hem Medeniýet günleriniň maksatnamasyna laýyklykda, Täjigistanyň häzirki zaman suratkeşleriniň we halk senetçileriniň eserlerinden, neşir önümlerinden, fotosuratlardan, beýleki gymmatlyklardan ybarat bolan sergi guraldy. Şeýle hem iki ýurduň kinematograflarynyň duşuşyklary boldy we täjik kinorežissýorlarynyň döreden filmleri, artistleriň çykyşlary görkezildi. Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy 25-nji noýabrda Mary şäherinde geçirildi.

23-nji noýabrda Türkmenistanyň 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde, şu ýylyň noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň tertibine hem-de dialogyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çeper elli zenanlarynyň halkara jemgyýetiniň sanly ulgam arkaly ilkinji mejlisi geçirildi.

28 — 30-njy noýabrda Aşgabatda üstünlikli geçirilen giň gerimli forumda hem dünýä halklarynyň medeni mirasyny gorap saklamak meselesi esasy orny eýeledi. “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwala we maslahata halkara guramalaryň, ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylary we wekilleri, aýdymçy-sazandalar, alymlar, hünärmenler, şol sanda sungaty we medeniýeti öwrenijiler, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Forumyň çäklerinde Mukamlar köşgünde geçirilen konsertiň maksatnamasy aýdym-saz sungatynyň köpöwüşginliligini beýan etdi, dürli halklaryň gadymy halk aýdymlaryny ýerine ýetirmegiň ajaýyp nusgalaryny açyp görkezdi.

Ugurdaş maslahata ýurdumyzyň Hökümet agzalary, TÜRKSOÝ-nyň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, medeniýet merkezleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Aşgabat forumyna gatnaşýan ýurtlaryň alymlary, hünärmenler gatnaşdylar. Sazandalar Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçylary üçin öz halklarynyň milli saz gurallarynda saz çalmak boýunça ussatlyk sapaklaryny berdiler. Festiwala gatnaşyjylar “Watan” hem-de “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda çykyş etdiler.

Ýurdumyzda milli medeni mirasy gorap saklamak we wagyz etmek boýunça geçirilýän giň gerimli işler bilen baglylykda, dünýä halklarynyň aýdym-saz sungatynyň gözbaşlaryna bagyşlanan halkara forum aýratyn ähmiýete eýe boldy.

“Türkmenistanda häzirki zaman syýahatçylyk düzümleriniň döredilmegi halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ýurdumyza innowasion tehnologiýalary çekmegiň hem-de milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtaýar. Türkmenistanyň wekilleriniň — syýahatçylyk kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň sentýabr aýynyň soňky ongünlüginde Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “Tourism Expo Tokio — 2022” halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşmaklary hem ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň wekiliýetiniň noýabr aýynyň soňky ongünlüginde Fransiýa bolan iş saparyny ýatlamak gerek. Onuň barşynda dünýä belli Luwr muzeýinde Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisini guramak, iki ýurduň hünärmenlerinden ybarat bolan degişli iş toparyny döretmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Fransiýanyň Gündogar sungaty milli muzeýiniň direktory bilen duşuşyk geçirdiler. Taraplar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň hem-de Türkmenistanyň medeni mirasyny wagyz etmek maksady bilen, bu muzeýde sergileri guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, gadymy Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaýda ýüze çykarylan taryhy tapyndylara bagyşlanan sergini guramak mümkinçiliklerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, noýabr aýynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirligi tarapyndan taýýarlanylan “Nusaýyň Parfiýa galalary” atly täze neşiriň üç dilde çap edilendigini bellemelidiris. Ol giň okyjylar köpçüligine, esasan-da, syýahatçylara niýetlenendir.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýurdumyzyň hususy syýahatçylyk kompaniýalary bilen bilelikde guran hem-de Diýarymyzyň tebigy künjekleri we taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen tanyşdyrmagy göz öňünde tutýan synag taslamasy syýahatçylyk ugurlarynyň işlenip taýýarlanylmagyna, saglygy dikeldiş mümkinçilikleriniň açylyp görkezilmegine gönükdirilendir. Onuň çäklerinde 25-nji noýabrda syýahatçylyk otlusy ýurdumyzyň demirgazyk sebitine tarap ugrady. Onda syýahatçylar Daşoguz welaýatynyň ajaýyp künjekleri hem-de “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikleri bilen tanyşdylar.

Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäreleriň tutuş toplumy geçirildi. Olaryň çäklerinde konsertler, sergiler, maslahatlar, dürli döredijilik duşuşyklary guraldy. 6 — 12-nji dekabr aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda “Hemişelik Bitaraplyk — parahatçylyk we dost-doganlyk joşguny” ady bilen dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçirildi.

Dekabr aýynda Türkmenistanyň wekilçilikli topary Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XV forumyna gatnaşdy.

16-njy dekabrda Aşgabatda Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän şanly wakalaryň biri bolan “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy.

Şeýlelikde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň medeniýet ulgamynyň ösdürilmegini ileri tutýan oňyn syýasaty özüniň anyk netijesini berýär hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, türkmen jemgyýetiniň döredijilik mümkinçilikleriniň has-da ösdürilmegine giň ýol açýar.