Ï Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2022-nji ýyl Söwda we telekeçilik ulgamy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2022-nji ýyl Söwda we telekeçilik ulgamy

view-icon 7476

Türkmenistanda söwda ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, döwrebap bazar gurallarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna hususy ulgamyň eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatyndaky maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna hem-de daşary söwda işiniň kämilleşdirilmegine ünsi çekip, Türkmenistanyň 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanandygyny, şeýle hem Bütindünýä Söwda Guramasyna “goşulýan ýurduň” derejesine eýedigini belledi. Ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky söwda öýleriniň sany hem barha artýar. Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherindäki Türkmenistanyň söwda öýi, Belarus Respublikasyndaky Türkmen-belarus söwda öýi, Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherindäki “Türkmen-türk söwda öýi” jogapkärçiligi çäklendirilen paýdarlar jemgyýeti muňa mysaldyr.

Hyzmatdaşlygyň bu görnüşi ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda ähmiýetli orny eýeleýär. “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” durmuşa geçirmek maksady bilen, geçen ýylyň fewral aýynda Tatarystanyň paýtagtynda Türkmen söwda öýi açyldy. Bu söwda öýi Türkmenistanda we Russiýa Federasiýasynda öndürilen dürli harytlaryň lomaý hem-de bölek söwdasy bilen meşgullanýar. Geljekde Ýaponiýada Türkmenistanyň söwda öýüni açmak meýilleşdirilýär. Bu başlangyç dekabr aýynyň soňky ongünlüginde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Tokio şäherinde Ýaponiýanyň iri işewür düzümleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynda öňe sürüldi. Şeýle-de türkmen tarapy ýapon hyzmatdaşlara Türkmenistanda Ýaponiýanyň söwda wekilhanasyny hem-de Ýaponiýanyň Daşary söwdany ösdürmek boýunça guramasynyň edarasyny açmak baradaky meselä seretmegi teklip etdi.

Pudagyň ösüş görkezijileri bu ugurda gazanylan üstünliklere şaýatlyk edýär. 2022-nji ýylyň on bir aýynda Söwda we daşary aragatnaşyklar ministrligi boýunça daşary söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 110,8 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini bolsa 106,6 göterime deň boldy. Döwlet haryt çig-mal biržasynyň işi halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň önümlerine bolan islegi aýdyň görkezýän maglumatlaryň kuwwatly maglumat-seljeriş çeşmesidir. 2022-nji ýylyň on bir aýynda türkmen biržasynda söwdalaryň 275-si geçirilip, olarda şertnamalaryň 34 müňden gowragy baglaşyldy. Häzirki wagtda birža söwdalarynda ýurdumyzda öndürilýän we onlarça döwlete eksport edilýän harytlar ýerlenilýär, daşary ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine, işleriň bazar gatnaşyklaryna laýyklykda guralmagyna, şol sanda birža hyzmatlarynyň görnüşleriniň artdyrylmagyna we olaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň hojalyk subýektleriniň bäsdeşlige ukyplylygy köp babatda söwdany düzgünleşdirmegiň milli gurallarynyň halkara ölçeglere hem-de haryt alşygynyň tehnologiýalaryny ösdürmegiň uzak möhletleýin meýillerine esaslanýan maslahatlaryna laýyk gelmegine baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, ştrih kodlamak ulgamynyň ornaşdyrylmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda öndürilýän önümleriň we harytlaryň on müňlerçesine degişli haryt nyşanlary berildi. Biziň ýurdumyz “Türkmenistanda öndürilen” atly milli nyşany bilen ýokary hilli harytlaryň önümçiligi hem-de hyzmatlar ulgamynda uly mümkinçiliklere eýe bolan döwlet hökmünde halkara bileleşikde tanalýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde geçirilen mejlisinde “Türkmenistanda öndürilen” atly milli nyşany işläp taýýarlamak baradaky çözgüdi makullandygyny bellemek gerek. Söwda-senagat edarasy tarapyndan degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda milli nyşan hakynda Düzgünnamany işläp taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan edildi.

Daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde, bazar gatnaşyklaryny kemala getirmekde, işewürlik başlangyçlary höweslendirmekde Söwda-senagat edarasyna möhüm orun degişlidir. 2022-nji ýylyň on bir aýynda bu edara tarapyndan amala aşyrylýan işleriň ösüş depgini 118,4 göterime deň boldy. Şol döwürde 19 sergi we 61 maslahat geçirildi. Şeýlelikde, söwda edaralarynyň işleriniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi ýurdumyzda haryt bolçulygynyň has-da giňeldilmegine, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümçilikleri döretmekde hem-de ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny berkitmekde ulgamlaýyn düzümleri döredijileriň biri hökmünde türkmen telekeçiligine aýratyn orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hususy bölegi ägirt uly serişdelere eýedir. Telekeçiler döwlete dahylsyz bölegiň alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmekde hem-de Türkmenistanyň tutuş halk hojalyk toplumynyň işjeňleşdirilmeginde möhüm orny eýeleýärler.

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Munuň özi telekeçilik düzüminiň, salgyt ulgamynyň esaslarynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallarynyň geçirilmeginiň, ýer böleklerini bölmegiň tertibiniň, ýeňillikli karzlary bermegiň ýönekeýleşdirilmeginde hem-de telekeçiler üçin karzlary, gümrük we söwda amallaryny resmileşdirmegiň kadalarynyň ýeňilleşdirilmeginde öz beýanyny tapýar. Bu çäreler 2018 — 2024-nji ýyllarda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça Döwlet maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýar. Bu resminama Türkmenistanda hususy önüm öndürijileriň işlerini işjeňleşdirmek arkaly ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň ýokary depginleriniň saklanylmagyna gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Döwlet Maslahatyndaky çykyşynda belleýşi ýaly, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny döretmek, senagat kärhanalaryny, häzirki zaman söwda merkezlerini, döwrebap obalary gurmak boýunça öňümizde goýan wezipelerimizi amala aşyrmakda hususy pudaga uly orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyz bäsdeşlige ukyply, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly ýokary hilli önümleri öndürmekde, iri taslamalary, hususan-da, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini — Arkadag şäherini gurmakda ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň netijeli işlerini aýratyn nygtaýar.

Biz geljekde adamlaryň öz-özi üçin iş ýerlerini döredýän, uly bolmadyk möçberlerde önüm öndürýän, hyzmatlary edýän kiçi we orta telekeçilere salgyt goldawyny bermek, ýeňillikli bellige almak we ygtyýarnama bermek bilen, täze iş orunlarynyň döredilmegine, haryt-söwda dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna, salgytlardan gelip gowuşýan serişdeleriň artdyrylmagyna oňaýly şertleri döredýän ulgamy ösdürmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz kiçi we orta kärhanalaryň iş gerimleriniň düýpli giňeldilmegini, olaryň sanynyň artdyrylmagyny üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bazar ykdysadyýeti şertlerinde hususy işewürligiň ösdürilmegine we höweslendirilmegine, degişli düzümlerde täze önümçilikleriň döredilmegine, olaryň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna aýratyn üns bermegiň möhümdigini belleýär.

2022-nji ýylyň on bir aýynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 175,4 göterime, senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini bolsa 113,4 göterime ýetirildi. Ilata edilýän hyzmatlaryň möçberleri hem ep-esli artdy.

Şu görkezijiler kiçi we orta işewürlik ulgamynyň mümkinçilikleriniň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň işewürler bileleşiginiň wekilleriniň 27 müňden gowragynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýandygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň iş bilen üpjün edilen ilatynyň ýarysyndan gowragy hususy pudakda zähmet çekýär.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda ykdysadyýetimizde döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak bilen baglanyşykly işlerde telekeçilik düzümleriniň paýynyň artýandygynyň oňyn meýilleri görünýär. Şunda ykdysadyýetimiziň döwlete degişli möçberini azaltmak boýunça wezipeler hormatly Prezidentimiziň umumy strategiýasyna laýyk gelýär. Onda döwlet eýeçiliginiň yzygiderli hususylaşdyrylmagy hem-de paýdarlar jemgyýetleriniň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Munuň özi hususy işewürligiň ornunyň berkidilmegine ýardam berýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri giňeltmek, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak, elektron senagaty döretmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýarlar.

Şunuň bilen baglylykda, bu guramanyň döredilen gününe gabatlanyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň her ýyl geçirilýän sergisini ýatlamak gerek. Geçen ýylky sergide hormatly Prezidentimiz serginiň diwarlyklary, ýurdumyzyň işewürler toparlarynyň wekilleri tarapyndan öndürilýän azyk we senagat harytlarynyň görnüşleri bilen tanşyp, Türkmenistanda hususy bölegi ösdürmek boýunça netijeli çäreleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Bu çäreler, ozaly bilen, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglylykda örän zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyz pul-karz hem-de maliýe ulgamlaryna bazar gurallarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça netijeli çäreleriň geçirilmeginiň möhümdigini belläp, hususy bölegiň halk hojalyk toplumyndaky paýyny artdyrmak hem-de onuň işjeň ornuny üpjün etmek baradaky pikiri beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, kiçi, orta we iri hususy kärhanalara goldaw berilmegini dowam etdirmek, hususy işewürligi karzlaşdyrmak maksatnamasyny giňeltmek, täze iş orunlaryny, aýratyn-da, welaýatlarda täze iş ýerlerini döretmek boýunça maksatnamany seljermek barada tabşyryk berildi. Bu çäreler döwlete dahylsyz bölegiň wekilleriniň hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň işjeňligini höweslendirmek arkaly ozal bar bolan iş orunlarynyň saklanyp galmagyna, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň iýun aýynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň telekeçileriniň iri döwlet goldawyny alandygyny bellemek buýsançlydyr. Olara ABŞ-nyň 150 million dollary möçberinde pul serişdesi bölünip berildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň sergisiniň dowam eden günlerinde ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileri daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 145 million dollaryndan gowrak bolan 63 şertnama baglaşdylar. Olaryň 16-sy eksport we 47-si import şertnamalarydyr. Şunuň bilen birlikde, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary umumy möçberi 36 million manatdan gowrak bolan özara içeri söwda baradaky şertnamalaryň 51-sini baglaşdylar. Bu ylalaşyklar, esasan, azyk önümleriniň söwdasy hem-de önümçilikde ulanylýan serişdeler bilen baglanyşyklydyr.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň halkara işewürlik gatnaşyklary gol çekilen birnäçe ylalaşyklarda hem-de dünýä işewürler toparlary bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynda, daşary ýurtlarda söwda wekilhanalarynyň we söwda öýleriniň açylmagynda anyk mazmuna eýe boldy. 2022-nji ýylda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen guralan utgaşykly görnüşdäki duşuşyklar ýurdumyzyň işewürler toparlarynyň halkara hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýändigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlara saparlary hem işewür toparlaryň duşuşyklary bilen utgaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň iýun aýynda Russiýa Federasiýasyna bolan resmi saparynyň çäklerinde türkmen telekeçileri russiýaly hyzmatdaşlary bilen duşuşyklary geçirdiler. Onuň jemleri boýunça “Halk market” supermarketler ulgamy (Türkmenistan) bilen “Rusagro” agroholdinginiň (Russiýa) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama gol çekildi. Ol ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary, şol sanda azyk ulgamyndaky, işewür toparlaryň ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirildi. Özbegistanyň Buhara şäherinde iýul aýynda Türkmen-özbek sebitara forumy geçirilip, onuň dowamynda iki ýurduň telekeçileriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek hakyndaky resminamalara gol çekildi. Olar, esasan, eksport-import söwda ylalaşyklaryndan ybarat boldy.

Noýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde “Türkmenistan — BAE” işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Onda täze mümkinçilikler we bilelikdäki iş boýunça köpýyllyk tejribe nazara alnyp, dünýä belli kompaniýalar bilen işewür gatnaşyklary ösdürmäge bolan çemeleşmeler tassyklanyldy. Forumyň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Hususan-da, iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda logistik hyzmatlary ýerine ýetirmek we eksport-import amallaryny durmuşa geçirmek boýunça şertnamalar baglaşyldy.

2022-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabatda Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki ýurduň döwlet we işewürlik toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysady edarasy bilelikde guradylar. Onuň dowamynda “Balam” konditer kärhanasy bilen “Akras Flavours GmbH” kompaniýasynyň arasynda, Türkmenistanyň “Halk market” supermarketler ulgamy bilen Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda şertnama gol çekildi.

5-nji noýabrda Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy hünärmenler gatnaşdylar. “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky toparyň düzümine iri kompaniýalaryň wekilleri girdi. Forumyň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen ABŞ-nyň “Nicklaus Сompanies” kompaniýasynyň arasynda golf kluby döretmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

14-nji dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitiniň çäklerinde dostlukly döwletleriň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşyklary geçirildi. Onda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň söwda-ykdysady mümkinçilikleriniň çäklerinde senagat, energetika, gurluşyk, oba hojalygy, ulag we beýleki ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Işewürlik duşuşygynyň jemleri boýunça üç ýurduň arasynda özara düşünişmek esasynda ýola goýulýan gatnaşyklary ösdürmek hakynda Jarnama gol çekildi.

Gurluşyk we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi pudagy türkmen telekeçileriniň netijeli özleşdirýän ugurlarynyň birine öwrüldi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary önümçilik we durmuş maksatly binalary — ýaşaýyş jaýlaryny, kärhanalary, mekdepleri, çagalar baglaryny, lukmançylyk merkezlerini, sport desgalaryny, ýollary we düzümleýin desgalary gurýarlar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalary iri döwlet buýurmalaryny ýerine ýetirýärler. Olar Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezi bolan Arkadag şäheriniň dürli desgalarynyň, “Aşgabat-sitiniň”, paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynyň, Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň we senagat kärhanalarynyň gurluşyklaryny alyp barýarlar.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary 2022-nji ýylda birnäçe durmuş maksatly binalary gurup ulanmaga berdiler. 24-nji martda döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Aprel aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenbaşy şäherinde 450 orunlyk köpugurly hassahananyň, maý aýynda bolsa Daşoguz welaýatynda 450 orunlyk köpugurly hassahananyň hem-de 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň açylyş dabaralary geçirildi. 1-nji awgustda Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda “Rowaç” kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu çäräniň dowamynda Arkadagly Serdarymyz milli we daşary ýurt aşhanalarynyň tagamlarynyň sergisine baryp gördi. Ony Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine agza kärhanalaryň jemgyýetçilik iýmiti boýunça ýöriteleşdirilen düzümleri gurady. Şeýle-de sergide hususy pudagyň nusgalyk önümleri görkezildi.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleri gurlup ulanmaga berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda 21-nji oktýabrda paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda “Daşkent” seýilgähi açyldy. Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günbatar künjeginde 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 62-si, hojalyk, medeni-durmuş maksatly desgalar ulanmaga berildi. Olar Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy esasynda hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan guruldy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň gurluşygy hususy işewürligiň mümkinçilikleriniň artýandygyny görkezýär. Iýul aýynda bu ýokary okuw mekdebiniň binalar toplumynyň düýbi tutuldy. Desgalar toplumyny 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga tabşyrmak meýilleşdirilýär.

Azyk önümleriniň bolçulygynyň üpjün edilmegi we olaryň görnüşleriniň artmagy bazar gatnaşyklarynyň pugtalanýandygyny, telekeçileriň mümkinçilikleriniň yzygiderli artýandygyny görkezýär. Obasenagat toplumyny özgertmäge mynasyp goşant goşýan hususyýetçiler hojalygy ýöretmegiň täzeçil usullaryny ulanýarlar. Öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, täze ýerleri özleşdirmegiň hasabyna hasyllylygy ýokarlandyrýarlar. Ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň, ýyladyşhana hojalyklarynyň çägi giňeldilýär. Bu bolsa ýylyň ähli paslynda gök önümleri ösdürip ýetişdirmäge, içerki bazary önüm bilen üpjün etmäge we düzümiň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga şert döredýär.

Şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan oba hojalyk, azyk we senagat kärhanalaryny döretmek boýunça maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga gönükdirilen teklipler işlenip taýýarlanyldy. Şunda suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak arkaly gök önümleri, üzümi, ir-iýmişleri ösdürip ýetişdirmek, maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny, döwrebap ýyladyşhanalary, azyk önümlerini saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlary gurmaga möhüm ähmiýet berilýär. Eksport ugurly önümçilikde oba hojalyk önümlerinden başga-da, dokma senagatynyň we dürli azyk harytlarynyň, senagat pudagynda bolsa gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginiň aýratyn orun eýeleýändigini bellemeli.

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň hususy pudagyny döwrebaplaşdyrmakda oňa maýa goýum serişdelerini çekmegiň oňyn netije berýändigini bellemeli. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň durmuş tehnikalaryny — gaz we elektrik plitalaryny, dürli mümkinçiligi we göwrümi bolan peçleri, uly islegden peýdalanýan smart-telewizorlary öndürýän düzümleriň işi bellärliklidir. Şol bir wagtyň özünde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary häzirki zaman senagat we elektron önümleriniň, töleg terminallarynyň, onlaýn okuw programmalarynyň, “akylly” öý tehnologiýalarynyň önümçiligini netijeli özleşdirdiler.

Ýurdumyzyň telekeçileri işewürligiň täze ugurlaryny işläp taýýarlaýarlar. Şunda gazyp alýan we gaýtadan işleýän, ulag ulgamlarynda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Olar erkin ykdysady zolaklary döretmek we ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirildi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmak okgunly ykdysady ösüşiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. 2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hut şu resminamanyň taslamasy barada aýdyldy.

Şeýle hem türkmen telekeçileriniň hyzmatlar we söwda ulgamynyň ösdürilmegine maýa goýum serişdelerini gönükdirýändigini we ilata durmuş, mahabat we neşirýat ugry boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýändigini bellemeli. Ýurdumyzyň senetçilik, amaly-haşam, döredijilik bilen meşgullanýan işewür düzümleri milli medeni mirasyň giňden wagyz edilmegine goşant goşýarlar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň keçe taýýarlamak boýunça ussat zenanlaryň arasynda her ýylda bäsleşik guralmagyna gatnaşýandygyny bellemeli. Awgust aýynyň başynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň medeni-dynç alyş merkezinde bäsleşigiň jemleri jemlenildi. Şeýle hem ýurdumyzyň hususy telekeçileri oktýabr aýynda Türkmenabatda geçirilen “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwala gatnaşdylar. Şeýle-de olar Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitiniň çäklerinde Awazada guralan amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we milli lybaslaryň sergisine gatnaşdylar.

Geçen ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň IV gurultaýy geçirildi. Paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen wekilleri bir ýere jemlän forumyň dowamynda geçen döwürde ýerine ýetirilen işlere syn berildi we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe birleşmäniň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Ýurdumyzyň telekeçileriniň geljek döwür üçin ägirt uly meýilnamalary bar. Şunda netijeli işiň ygtybarly kepili bolup durýan döwlet-hususyýetçilik gatnaşyklarynyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamagyň we ony kämilleşdirmegiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine möhüm üns berilýär.