Ï TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSION KANUNY Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSION KANUNY Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda

view-icon 21875

Türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köp asyrlyk taryhynda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alyp we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerip, şeýle hem ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda şu Konstitusion kanun kabul edilýär.


I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER


1-nji madda. Türkmenistanyň Halk 

        Maslahaty

1. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarda täze sepgitlere ýetirmek, iň täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredilýär.

2. Döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek, hyzmat etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar.

3. Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şu Konstitusion kanuna laýyklykda hereket edýän we Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr.

2-nji madda. Türkmenistanyň Halk 

        Maslahatynyň düzümi

1. Döwrümiziň Beýik şahsyýeti, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly Il ýaşulusy, halkyň Arkadagy, Türkmen halkynyň Milli Lideri diýen belent derejesi kanun esasynda ykrar edilen Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzüminde hemişelik agza bolup durýar.

2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine şular girýärler:

1) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy;

2) Türkmenistanyň Prezidenti;

3) Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy;

4) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary;

5) Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary;

6) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy;

7) Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Sekretary;

8) Türkmenistanyň Baş prokurory;

9) Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy;

10) welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri;

11) welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklary;

12) etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň, şäherçeleriň arçynlary;

13) syýasy partiýalaryň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary;

14) welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçiligiň, şol sanda ýaşulularyň wekilleri. Olaryň sebitleýin bölünişigi we wekillere bildirilýän talaplar Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan kesgitlenýär.

3. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibi Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan tassyklanýar.

4. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmak üçin döwleti goramaga we pugtalandyrmaga, halkyň agzybirligini berkitmäge, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga saldamly goşant goşan, ykdysadyýeti, ylmy, medeniýeti, durmuş ulgamyny ösdürmekde, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat işinde we işiň gaýry görnüşlerinde uly hyzmatlary bitiren adamlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we dini guramalaryň wekillerini, şeýle hem halkara guramalaryň we daşary ýurt döwletleriniň wekillerini, şol sanda diplomatik wekilhanalaryň baştutanlaryny çagyryp biler.

3-nji madda. Türkmenistanyň Halk 

        Maslahatynyň Başlygy

1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar.

2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýolbaşçylyk edýär we ol Türkmenistanyň Halk Maslahatyna hasabat berýär.

3. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy haýsydyr bir sebäbe görä öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmese ýa-da öz islegi boýunça ygtyýarlyklaryny tabşyran halatynda, onuň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Prezidentine geçýär.

4-nji madda. Türkmenistanyň Halk 

        Maslahaty hakynda

         Türkmenistanyň kanunçylygy

Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Konstitusion kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

5-nji madda. Türkmenistanyň Halk 

        Maslahatynyň işiniň 

        ýörelgeleri

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi aşakdaky ýörelgelere esaslanýar:

1) demokratiýa;

2) aýanlyk;

3) adalatlylyk;

4) kanunyň hökmürowanlygy;

5) halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak;

6) adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi;

7) adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak;

8) çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek;

9) jemgyýetçilik pikirini nazara almak.


II BAP. TÜRKMENISTANYŇ HALK 

MASLAHATYNYŇ IŞINIŇ GURALYŞY


6-njy madda. Türkmenistanyň Halk 

         Maslahatynyň mejlisleri

1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi mejlisler görnüşinde amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine onuň agzalarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki bölegi gatnaşýan bolsa, ol ygtyýarlydyr.

2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleri zerurlygyna görä, ýöne ýylda azyndan bir gezek onuň Başlygy tarapyndan ýa-da Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň üçden bir böleginiň teklibi boýunça çagyrylýar.

7-nji madda. Türkmenistanyň Halk 

        Maslahatynyň garamagyna 

        teklipleri girizmäge bolan 

        hukuk

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň garamagyna teklipleri girizmäge Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň azyndan dörtden bir böleginiň hukugy bardyr.

8-nji madda. Türkmenistanyň Halk 

        Maslahatynyň çözgütleri

1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütleri kararlar görnüşinde onuň mejlisine gatnaşýan agzalarynyň umumy sanynyň ýönekeý köplüginiň ses bermegi bilen kabul edilýär.

2. Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan kabul edilen kararlaryň Türkmenistanyň bütin çäginde hökmany güýji bardyr.

3. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararlary diňe onuň özi tarapyndan üýtgedilip ýa-da ýatyrylyp bilner.

4. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararlaryny çap etmegiň we güýje girizmegiň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.

9-njy madda. Türkmenistanyň Halk 

         Maslahatynyň çözgütleriniň 

         ýerine ýetirilmegi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütlerini özleriniň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen ygtyýarlyklaryna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we beýleki döwlet edaralary ýerine ýetirýärler.


III BAP. TÜRKMENISTANYŇ HALK 

MASLAHATYNYŇ WE ONUŇ BAŞLYGYNYŇ YGTYÝARLYKLARY


10-njy madda. Türkmenistanyň Halk 

           Maslahatynyň ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň Halk Maslahaty:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we Konstitusion kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garaýar we makullaýar;

2) döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, şeýle hem ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna we kanunlaryna garaýar we makullaýar;

3) Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýylky ýüzlenmelerini diňleýär;

4) parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garaýar;

5) kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukugyny amala aşyrýar;

6) Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

11-nji madda.  Türkmenistanyň Halk 

           Maslahatynyň Başlygynyň 

             ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy:

1) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işine ýolbaşçylygy amala aşyrýar;

2) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde başlyklyk edýär;

3) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine gözegçiligi guraýar;

4) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde hereket etmegini amala aşyrýar;

5) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararlaryna gol çekýär;

6) Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça onuň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 2-nji, 15-nji, 18-nji bentlerinde göz öňünde tutulan ygtyýarlyklaryny amala aşyrýar;

7) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyny düzýär, onuň işine gözegçiligi amala aşyrýar, işgärlerini wezipä belleýär we olary wezipeden boşadýar;

8) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararlary bilen garamagyna degişli edilen beýleki meseleleri çözýär.

12-nji madda. Türkmenistanyň Halk 

          Maslahatynyň Başlygynyň 

           namalary

1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy döwlet ähmiýetli aýratyn wajyp meseleleri öwrenmegi we degişli kararlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamagy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalaryna, döwlet häkimiýet edaralaryna tabşyryp biler.

2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kararlary we buýruklary çykarýar.

3. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 76-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 2-nji, 15-nji, 18-nji bentlerinde göz öňünde tutulan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna berlip bilinýän ygtyýarlyklary babatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kadalaşdyryjy hukuk häsiýetli kararlary kabul edip biler.


IV BAP. TÜRKMENISTANYŇ HALK 

MASLAHATYNYŇ PREZIDIUMY


13-nji madda. Türkmenistanyň Halk 

          Maslahatynyň Prezidiumy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy (mundan beýläk — Prezidium) Türkmenistanyň Halk Maslahatyna hasabat berýän hemişelik hereket edýän kollegial edaradyr.

14-nji madda. Prezidiumyň düzümi

1. Prezidium aşakdaky agzalardan ybaratdyr:

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Sekretary, Türkmenistanyň Baş prokurory, Türkmenistanyň Adalat ministri we welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň başlyklary.

2. Prezidiuma Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy baştutanlyk edýär.

15-nji madda. Prezidiumyň ygtyýarlyklary

Prezidium:

1) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerine taýýarlyk görmek boýunça işi guraýar;

2) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň gün tertibiniň taslamasyna meseleleri girizmek hakynda çözgütleri kabul edýär;

3) eger Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan başga çözgüt kabul edilmedik bolsa, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek senesini, wagtyny we ýerini kesgitleýär;

4) Türkmenistanyň Halk Maslahatyny çagyrmak we geçirmek bilen baglanyşykly we öz ygtyýarlyklaryna degişli beýleki meseleleri çözýär;

5) Türkmenistanyň Mejlisiniň gün tertibindäki aýry-aýry kanun taslamalary boýunça garaýyşlaryny beýan edýär we makullaýar;

6) zerur bolan halatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatyna iş toparlaryny döretmek hakynda teklipleri girizýär;

7) iş toparlarynyň işiniň meseleleri boýunça habarlary diňleýär;

8) Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan öz ygtyýarlygyna degişli edilen gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

16-njy madda. Prezidiumyň mejlisleri

1. Prezidiumyň mejlisleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy tarapyndan çagyrylýar we alnyp barylýar.

2. Prezidiumyň mejlisi onuň agzalarynyň azyndan üçüsiniň çözgüdi boýunça hem çagyrylyp bilner.

3. Prezidiumyň mejlisine onuň agzalarynyň ýarysyndan köpüsi gatnaşýan bolsa, ol ygtyýarlydyr.

4. Prezidiumyň mejlisleri açyk geçirilýär. Prezidium mejlisi ýapyk geçirmek barada çözgüt kabul edip biler.

5. Prezidiumyň mejlisiniň gün tertibi oňa gatnaşýan agzalarynyň köplüginiň sesi bilen tassyklanylýar.

6. Prezidiumyň kararlary onuň mejlisine gatnaşýan agzalarynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär, olara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gol çekýär.

17-nji madda. Prezidiumyň mejlisiniň 

         teswirnamasy

1. Prezidiumyň we iş toparlarynyň mejlislerinde teswirnama düzülýär, olara mejlisde başlyklyk ediji tarapyndan gol çekilýär.

2. Mejlisiň teswirnamasynda onuň geçirilen senesi, wagty we ýeri; gün tertibi; mejlisde başlyklyk ediji we çykyş edenler; ses bermäge girizilen teklipler; ses berlişiniň netijeleri we kabul edilen çözgütler görkezilýär.

V BAP. TÜRKMENISTANYŇ HALK 

MASLAHATYNYŇ IŞINI ÜPJÜN ETMEK


18-nji madda. Türkmenistanyň Halk 

          Maslahatynyň Diwany

1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, onuň wezipeli adamlarynyň we agzalarynyň işini guramaçylyk, dolandyryş, tehniki we beýleki taýdan üpjün etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwany tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna Iş dolandyryjy ýolbaşçylyk edýär.

19-njy madda.  Türkmenistanyň Halk 

           Maslahatynyň 

            Diwanynyň wezipeleri

1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň esasy wezipeleri şular bolup durýar:

1) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerine, onuň beýleki çärelerine guramaçylyk we maddy-tehniki taýdan hyzmat etmek;

2) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň garamagyna meseleleri taýýarlamak we resminamalaryň taslamalaryny deslapdan ara alyp maslahatlaşmagy guramak;

3) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmak;

4) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde meseleler ara alnyp maslahatlaşylanda gelip gowuşýan teklipleri we bellikleri hasaba almak we umumylaşdyrmak;

5) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň garamagyna döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan hödürlenilýän meseleler boýunça teklipleri taýýarlamak;

6) welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek;

7) raýatlaryň tekliplerine we beýleki ýüztutmalaryna garamak, olary umumylaşdyrmak;

8) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resminamalaryny çap etmegi guramak;

9) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek bilen bagly zerur maglumatlary taýýarlamak;

10) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň alyp barmagyna degişli edilen beýleki meseleleri çözmek.

2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işine degişli meseleler boýunça borçlary ýerine ýetirmek üçin onuň Diwanynyň döwlet edaralaryndan, jemgyýetçilik birleşiklerinden we wezipeli adamlardan zerur maglumatlary we resminamalary almaga hukugy bardyr.

20-nji madda. Türkmenistanyň 

          Halk Maslahatynyň 

          işini maliýeleşdirmek

1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini maddy-tehniki taýdan üpjün etmek boýunça çykdajylar Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň işgärleriniň iş hakynyň möçberleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenýär.


VI BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER


21-nji madda. Türkmenistanyň 

          Halk Maslahatynyň 

          döwlet häkimiýetiniň                     ýerli wekilçilikli we 

          beýleki edaralary bilen 

          özara gatnaşygy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli we beýleki edaralary bilen özara gatnaşygy Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

22-nji madda. Türkmenistanyň 

          Halk Maslahatynyň 

          jemgyýetçilik 

          birleşikleri 

          bilen özara gatnaşyklary

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň syýasy partiýalar, kärdeşler arkalaşyklary we beýleki jemgyýetçilik birleşikleri bilen özara gatnaşyklary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenýär.

23-nji madda. Şu Konstitusion 

          kanunyň herekete 

          girmegi

Şu Konstitusion kanun gol çekilen pursadyndan herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwary.