Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzda şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýetliligi baradaky milli däpleri döwrebap derejede mynasyp dowam etdirilýär. Muňa Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýylynyň 21-nji ýanwarynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki geçirilen mejlisi aýdyň subutnamadyr.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda geçirilen taryhy mejlisde Halk häkimiýetliliginiň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Bu bolsa ýurdumyzyň taryhynda täze sahypalary açýar.
Geçirilen mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek, Gurbanguly Berdimuhamedowy türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar etmek, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine Gurbanguly Berdimuhamedowy bellemek baradaky hödürlenen teklipleri biragyzdan goldadylar.
Gahryman Arkadagymyzyň giň möçberli döwletli işleriniň netijesinde mähriban Watanymyz ägirt uly üstünlikleri gazandy we belent derejelere ýetdi. Ýurdumyzda döwlet häkimiýet edaralary ulgamy döwre görä yzygiderli kämilleşdirildi. Bu işler Gahryman Arkadagymyzyň ýörelgeleri esasynda hem-de Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti berkarar etmekde hem-de dolandyrmakda toplan baý tejribesi we häzirki döwrüň talaby göz öňünde tutulyp yzygiderli amala aşyryldy. Bu bolsa adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, şol sanda raýatlaryň döwleti we jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmaga bolan hukugyny kepillendirýär.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň döredilmegi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine Gurbanguly Berdimuhamedowy ählihalk tarapyndan biragyzdan saýlanylmagy we türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegi bütin türkmen halky bilen birlikde biz, ýaşlary hem begendirdi.
Bagtyýar zamanada ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jan sag, ömürleri uzak bolsun! Halk bähbitli we umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!
Eziz Annataganow,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň senagat gurluşygy we geodeziýa kafedrasynyň müdiri.