Ï Türkmen alymlary ýowşanyň dermanlyk häsiýetlerini öwrendiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen alymlary ýowşanyň dermanlyk häsiýetlerini öwrendiler

view-icon 26186
Türkmen alymlary ýowşanyň dermanlyk häsiýetlerini öwrendiler

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň köp dillerine terjime edilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki eseri diňe bir alymlar we lukmanlar üçin maglumat kitaby bolup hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem ýaşlaryň arasynda ylma we fitoinžiniriňe – dermanlyk ösümlikleriň ýokary mümkinçiligini we häzirki zaman innowasiýa tehnologiýalaryny bilelikde ulanmaga bolan gyzyklanmany-da oýarýar. Onuň wekillerinden biri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň aspiranty Berdi Berdiýew ýaňy-ýakynda dissertasiýa işinde Köpetdag ýowşanynyň endemik görnüşlerinde organik birleşmeleriň häsiýetleri we ähmiýeti bilen baglanyşykly tema boýunça amala aşyran işi üçin Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçilik döwlet gullugyndan üçünji awtorlyk hukugy şahadatnamasyny aldy.

Ýowşan adamzadyň müň ýyldan gowrak wagt bäri lukmançylyk maksady bilen ulanýan dermanlyk ösümliklerinden biridir. Ýowşanyň Türkmenistanyň çäginde tapylan 32 görnüşiniň 17-si Köpetdagda we onuň eteklerinde ösýär, olaryň dördüsi bolsa endemik, ýagny başga ýerde tapylmaýan ýerli görnüşlerdir. Olaryň özünde jemleýän täsin organik birleşmelerini nygtamak bilen öwrenilmegi-de aspirant B. Berdýewiň gözleg temasyna öwrüldi.

Ýagly ösümlik bolan ýowşandan alnan ekstraktlar lukmançylyk we kosmetika pudaklarynda ulanylyp bilner. Ýaş alym ylmy ýolbaşçylarynyň biri – Himiýa ylymlarynyň doktory D. Gadamow we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkeziniň hünärmenleri bilen bilelikde endemik ýowşanyň organik birleşmeleriniň dürli häsiýetlerini we ulanylyşynyň täze ugurlaryny kesgitlemek boýunça iş alyp bardy.

Hususan-da, efir ýaglary çykarylandan soň, galan çig maldan lukmançylyk briketlerini taýýarlamak usuly işlenip düzüldi. Olar ýakylanda, tüsse çykýar, onuň esasy düzüm bölegi ýokançsyzlandyrma, wirusa garşy we antibakterial serişde hökmünde ulanylýan ewkaliptoldyr. Köpetdag endemikasyndan oba hojalygyna zyýan beriji mör-möjeklere garşy göreş we ýumşak poladyň poslamasyny haýalladyş serişdesi hem alyndy.

YA-nyň Tehnologiýa Merkeziniň düzümine B. Berdeýew-de girýän awtorlar topary tarapyndan işlenip düzülen sitwar görnüşli ýowşandan kosmetologiýada ulanmak üçin briket, Asteromisin birleşmeleri, kosmetalogiýada ulanmak üçin we ýumşak poladyň poslamagyny haýýaladyjy hökmünde dawana Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan lukmançylyk, esasanam derman ýasama bilen baglanyşykly oýlap tapyşlar hökmünde hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden alnan derman ýasama düzgünnamasy bu oýlap tapyşlaryň amaly ähmiýetini we lukmançylyk taýdan ulanylmagynyň mümkindigini tassyklaýar.