Ï Topinambur – witaminlere baý ösümlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Topinambur – witaminlere baý ösümlik

view-icon 114
Topinambur – witaminlere baý ösümlik

Şeýle hem «Ýer armydy» diýlip atlandyrylýan topinambur Türkmenistanda alymlaryň we biotehnologiýa hünärmenleriniň ünsüni özüne çekýär.

2024 – 2028-nji ýyllar üçin Biotehnologiýalary toplumlaýyn ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýalar parkynyň çäginde ösdürilip ýetişdirilýän topinambury (Helianthus tuberosus L.) ýetişdirmegiň geljegini öwrenmek boýunça ylmy işler alnyp barylýar. Bu ösümligiň dürli pudaklarda ulanmak mümkinçiligini ýüze çykarmak maksady bilen biotehnologiýa we azyk tehnologiýalary barlaghanalarynda ylmy barlaglar geçirilýär.

Topinamburyň komponentleri esasynda inulin, fruktoza, prebiotikler, dermanlyk kapsulalar, pýure, çipsiler, kofe içgisi we fermentlenen ýapraklardan çaý ýaly gymmatly önümleri almagyň usullary işlenip taýýarlanyldy. Biomassasynyň galyndysy (löti) oba hojalyk mallaryna iým öndürmekde ulanylýar.

Topinamburyň miwesi pektinlere, kletçanka, sellýuloza, gemiselluloza, lignine we olar bilen baglanşykly belok maddalary bolan azyklyk süýüme baýdyr.

Topinamburyň miwesini gaýtadan işlemegiň häzirkizaman tehnologiýalary inulin almaga esaslanýar. Bu polisakahid süýji we ýürek-damar keselli näsaglaryň bejeriş-öňüni alyş iýmitlenişinde ulanylýar. Inulin şeýle hem içegäniň işini kadalaşdyrmak üçin gatyklara we içgilere goşulýan prebiotikdir.

Topinamburyň miwesiniň gidrolizatlary biotehnologiýalar geljegi uly çig mal we mikroorganizmleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýokumly serişde hasaplanýar. Bu bolsa dürli maksatlar üçin mikrob biomassasyny almak we biologiki taýdan işjeň maddalar öndürmek üçin täze mümkinçilikler açýar.

TYA-nyň Halkara ylmy-tehnologiýalar parkynyň biotehnologiýa barlaghanasynyň müdiri Altyn Rahmanowanyň aýtmagyna görä, topinambur witaminler çeşmesidir.

– Topinamburdan alynýan önümler organizmiň madda çalşygyny, bedeniň köpeliş işini gowulandyrýar we öýjükleriň, dokumalaryň, gan damarlarynyň, süňkleriň we dişleriň ösmegine hem dikelmegine ýardam edýär. Deriniň, dyrnaklaryň we saçlaryň ýagdaýyny gowulaşdyrýarlar, şeýle hem ýüregiň oňaýly gan aýlanşygy üçin energiýa öndürmäge kömek edýärler. Mundan başga-da, topinambur lipid we uglewod çalşygyny kadalaşdyrýar, bedendäki şekeriň derejesini azaltmaga kömek edýär.

Ösümlik ýokary hasyllylygy, baý himiki düzümi we ýetişdirilende şert dannamaýanlygy bilen tapawutlanýar. Ony öwrenmek we dürli ugurlarda ulanmak saglygy goraýyş hem-de oba hojalygy pudaklaryna köp peýda getirer. Şeýle hem geljekde işewürler bileleşiginiň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we topinamburyň esasynda netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin täze mümkinçiliklere ýol açar.