Ï Ýaş alymlaryň I Halkara ylmy forumy geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaş alymlaryň I Halkara ylmy forumy geçiriler

view-icon 5042
Ýaş alymlaryň I Halkara ylmy forumy geçiriler

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty «Ýaş alymlaryň ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakdaky ylmy ädimleri» atly I Halkara ylmy forum guraýar.

Oňa gatnaşmaga Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýaş alymlary - ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, magistrantlary, aspirantlary, şeýle hem olaryň ylmy ýolbaşçylary, ýaş hünärmenler çagyrylýar. Forum şu ýylyň 15-nji martynda Zoom platformasynda onlaýn görnüşde geçiriler. Ylmy duşuşyk türkmen, iňlis we rus dillerinde geçiriler.

Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda dünýäniň ýaş alymlarynyň işlerine baha bermek we ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän halkara forum:

- "Senagatyň sanlylaşdyrylmagy şertlerinde IP-taslamalar we tehnologik innowasiýalr";

- "Ylmyň, bilimiň we senagatyň sanly goşulyşmasy";

- "Sanly tehnologiýalar eýýamynda maglumatlary goramak";

- "Sanly ykdysadyýetiň prosesleriniň we obýektleriniň ykdysady-matematiki modelirlenmegi" ýaly temalara bagyşlanar.

Forum ýaş alymlaryň ylmy başarnygyny ösdürmäge, ylmy we innowasiýa işjeňligini ýokarlandyrmaga, ýaşlary derwaýys ylmy, tehniki we tehnologiki meseleleri çözmäge çekmäge, maglumat, öňdebaryjy tejribe alyşmak, şeýle hem gazanylan üstünlikleri paýlaşmak, dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň ýaş alymlar geňeşleri bilen ylym pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de berkitmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen birlikde çärä gatnaşyjylaryň ylmy gözlegleriniň netijelerine bilelikde garamak, olary ara alyp maslahatlaşmak we baha bermek hem onuň wezipesine girýär.

Forumyň çäklerinde ýaş alymlaryň sanly ykdysadyýet, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, programmirleme, maglumat howpsuzlygy we önümçiligi awtomatlaşdyrmak boýunça ylmy taslamalary, gözlegleri we gazananlary bilen tanyşdyrýan tematiki sergi guramak meýilleşdirilýär.

I Halkara ylmy foruma gatnaşmak isleýänler arzalaryny we tezislerini şu ýylyň 5-nji martyna çenli ttweii.edu.tm@gmail.com elektron poçta ibermeli. Ibermäge niýetlenen materiallary hasaba almagyň nusgalary halkara ylmy forumy guraýan ýokary okuw mekdebiniň https://itit.edu.tm/ resmi saýtynyň I halkara ylmy ýorumy bölüminde ýerleşdirildi.

Guramaçylyk komitetiniň wekilleri bilen habarlaşmak üçin telefonlar: (99312) 94-21-79; faks: (99312) 94-21-79.

Forumy gurnaýjylar "Ýaş alymlaryň ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakdaky ylmy ädimleri" atly halkara onlaýn forumyna ýaş alymlaryň işjeň we höwesli gatnaşmagynyň onuň işiniň netijeli bolmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirýärler, bu bolsa oňa gatnaşyjylara ylmy başarnygyny görkezmäge, tejribe alyşmaga we ylym hem bilim pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge uly mümkinçilik döreder.