Ï Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli açylan sergä çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli açylan sergä çagyrýar

view-icon 6163
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli açylan sergä çagyrýar

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Gündogaryň beýik şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy. Sergini institut bilen Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilelikde gurady.

Serginiň açylyşy Magtymgulynyň döredijiligi bilen gyzyklanýanlar, talyplar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we şol gün çagyrylan köp sanly myhmanlar üçin möhüm waka boldy. Talyplarda kitap ýygyndysy aýratyn gyzyklanma döretdi. Şahyryň ummasyz baý edebi mirasy tükeniksiz ylham, ahlak, watançylyk, gaýduwsyzlyk çeşmesi ýaş nesil üçin göreldeli bilim mekdebidir. Çünki Magtymgulynyň özüne çekiji şygryýetiniň içinden çuňňur paýhas we pelsepe eriş-argaç bolup geçýär.

 Kitap sergisinde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berýän edebiýat giňden görkezilýär. Serginiň mazmunyna parasatly şahyryň we akyldaryň bahasyna ýetip bolmajak eserleri, dünýä halklarynyň dürli dillerinde neşir edilen kitaplar girdi.

Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň gadymy baý medeniýetine, taryhyna, milli ruhy we ahlak gymmatlyklaryna we asylly däplerine bagyşlanan köp sanly edebi we pelsepe eserleri-de kitap sergisine gelýänleriň dykgatyna hödürlenýär.

Kitap sergisi bäş gün açyk bolar. Bu döwürde institutda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip atlandyrlymagy mynasybetli başga-da birnäçe medeni çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Çäreleriň maksatnamasy institutyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda «Magtymguly – sözlär tili türkmeniň» temasynda geçiriljek tegelek stoly-da öz içine alýar. Soňra Gahryman Arkadagymyzyň edebi döredijiligine bagyşlanan duşuşyk bolar. Onda talyplaryň ýerine ýetirmeginde awtorlyk eserlerden bölekler ýaňlanar.

Çäreleriň dowamynda Diller bölüminiň mugallymy Bahargül Aşyrowanyň ýolbaşçylygynda institutyň talyplaryndan düzülen çeper höwesjeň toparynyň çykyşy hem guralar. Serginiň dördünji gününde institutyň talyplaryndan we mugallymlaryndan beýik Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligini oňat bilýänler we paýhasly setirleriniň muşdaklary tarapyndan maslahat geçiriler. Jemleýji duşuşykda netijelere garalar we ýerine ýetirilen işleriň netijeleri jemlener.