Türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň şu ýylyň 1-nji fewralyndan 10-njy fewraly aralygynda Almaty şäherinde geçirilen XIX Halkara Žautykow onlaýn olimpiadasyna gatnaşmagynyň netijesi 2 kümüş we 3 bürünç medal boldy.
Bäsleşikde matematikadan üstünlikli çykyşlary bilen türkmen okuwçylary jemi 5 medal gazandylar.
Paýtagtymyzdaky iňlis dilini, himiýany we biologiýany çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Rahym Agamyradow we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky takyk we tebigy ylymlary çuňňur öwredýän 46-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Dawut Muhammetgurbanow 2 kümüş medal gazandylar.
Bürünç medallara paýtagtymyzyň mekdep okuwçylary – Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň 10-njy synp okuwçysy Selim Halykow we iňlis dilini, himiýany hem biologiýany çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Kerimguly Begow mynasyp boldular. Ýurdumyzyň demirgazygyndan Daşoguz şäherindäki iňlis dilini, himiýa-biologiýany çuňlaşdyrp öwredýän 26-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Alyhan Jumabaýew hem bürünç medala eýe boldy.
Bäsleşige Türkmenistandan 26 zehinli matematikaçy – Aşgabadyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň mekdep okuwçylary gatnaşdylar. “Ylymlaryň soltanynyň” ýaş bilermenleri toparyna Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň matematika mugallymy Arslan Hojyýew ýolbaşçylyk etdi.
Şu ýyl XIX halkara Žautykow bäsleşigine dünýäniň 26 ýurdundan: Ermenistandan, Belarusdan, Russiýadan, Täjigistandan, Gazagystandan, Gürjüstandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Bolgariýadan, Serbiýadan, Rumyniýadan, Türkiýeden, Perudan we beýleki ýurtlardan 1200-den gowrak okuwçyny bir jerde jemledi.
Dürli ýurtlardan gelen iň güýçli okuwçy toparlary birek-birege mynasyp bäsdeşlik etmek bilen, abraýly halkara gözden geçirilişiň üç ugry: matematika, fizika, kompýuter ylymlary boýunça bilimlerini, başarnyklaryny we taýýarlyklaryny görkezdiler. Bäsleşige gatnaşýanlaryň ýarym müňden gowragy matematika boýunça bäsleşdiler.