15-nji fewralda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» mynasybetli «Durnukly ösüş maksatlary: ýaşlar syýasaty we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň belli alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, şeýle hem sanly ulgam arkaly dünýäniň 23 ýurdunyň ylmy düzümleriniň 50-ä golaý wekilleri gatnaşdylar.
Halkara ylmy-amaly maslahatynyň gün tertibine ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklar, täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we olary ulanmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda ýaşlar syýasatynyň ähmiýeti ýaly meseleler girizildi.
Maslahatyň çäklerinde uniwersitetiň eýwanynda täzeçil taslamalara we häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryna bagyşlanan sergi guraldy. Onda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitiniň ylmy-önümçilik merkezleriniň täze işläp taýýarlamalary görkezildi. Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar uniwersitetiň ylmy-önümçilik merkezlerinde alnyp barylýan ylmy-taslama işleriniň netijeleri bilen tanyşdylar. Şol bir wagtyň özünde sergi sanly ulgam arkaly maslahata gatnaşaýan daşary ýurtly myhmanlaryň ählisine göni ýaýlymda görkezildi.
Halkara ylmy-amaly maslahatynda çykyş edenler bilimiň dürli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen möhüm meselelere degip geçdiler we öz geçiren ylmy-barlag işleri barada maglumat berdiler. Şeýle hem halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmekde, durmuş ulgamynda sanly tehnologiýalary ulanmakda, sebit möçberinde hem-de has giň derejede ylmy-tehniki wezipeleri çözmek üçin hyzmatlar ulgamyny emele getirmekde toplanan tejribeler, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlar syýasatynyň we innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti barada aýtdylar.
Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ylym-bilimiň okgunly ösdürilmeginiň möhüm ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly itergi berendigi aýratyn bellenildi.
Daşary ýurtly alymlaryň sanly ulgam arkaly çykyşlarynda ýurdumyzyň ylym-bilim, innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi barada giňişleýin maglumatlar berildi. Çykyşlarda ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmegiň amaly we usulyýet meseleleri möhüm orun eýeledi.