Ï Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik we döredijilik taglymlaryny dünýä ýaýýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik we döredijilik taglymlaryny dünýä ýaýýar

view-icon 8009

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu strategiýa laýyklykda, Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen giň möçberli maksatnamalar we taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

20-nji fewralda döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamagyň depginini ýokarlandyrmak, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek babatda tabşyryklary berdi. Şunuň bilen bir hatarda, bugdaýa ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça degişli işleri, suw serişdeleriniň rejeli we netijeli peýdalanylmagyny, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen bökdençsiz üpjün edilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Welaýatlaryň häkimlerine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda gurulmagy göz öňünde tutulan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklar berildi.

21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda soňky ýyllarda merkeziň öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek boýunça işiniň üstünlikli dowam edendigi, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň döredilendigi hem-de sebitde anyk maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşan uly şahsy goşandy we netijeli işi üçin N.Germana minnetdarlyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, ony BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory wezipesine bellenilmegi bilen gutlady.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy durmak, sebitde howpsuzlygy, durnuklylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly ugurlarda merkeziň işiniň mundan beýläk-de möhüm orny eýelejekdigine ynam bildirip, türkmen tarapynyň tutuş dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine BMG bilen bilelikdäki işe üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady.

Türkmenistan bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri hem-de ony ösdürmegiň geljekki ugurlary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen duşuşygynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Natalýa German bilen duşuşyk Türkmenistanyň Mejlisinde hem geçirildi. Diplomat bilen dürli pudaklarda işleýän ýolbaşçy zenanlaryň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda bilelikdäki işiň netijeleri we hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

22-nji fewralda Manamada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyz Bahreýn Patyşalygynda resmi sapar bilen boldy.

Ýokary derejedäki gepleşikleriň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz Bahreýniň Ykdysady ösüş geňeşine baryp gördi. Bu ýerde belent mertebeli myhman üçin Bahreýniň Ykdysady ösüş geňeşi we onuň işiniň aýratynlyklary barada maglumat berýän tanyşdyrylyş çäresi guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bahreýn we onuň işewür toparlary bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi. Ägirt uly kuwwata eýe bolan, özüni jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezen ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga bahreýn tarapynyň hem gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.

Soňra “Al Gudaýbiýýa” köşgünde ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikler geçirildi. Onuň barşynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklara ýokary baha berildi. Taraplar özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny bellediler. Iki döwletiň Baştutanlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna ünsi çekip, Türkmenistanyň we Bahreýniň halklarynyň ýakynlaşmagynyň aýrylmaz şerti hökmünde medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň wajypdygyny nygtadylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasyny, şeýle hem Mirasdüşer Şazada, Bahreýniň Premýer-ministrini Türkmenistana ýakyn wagtda sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara — Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawy hakynda Ylalaşyga; Miras bilen baglanyşykly senetçilik we däp-dessurlar babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Mohammed bin Mubarak Al Halifa adyndaky Diplomatik bilimleri akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda deňiz ulaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda demir ýol ulaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda umumy, tehniki we ýokary bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Standartlaşdyrmak, sertifikatlaşdyrmak, akkreditirlemek we metrologiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Bahreýn Patyşalygynyň Medeniýet we gadymyýet müdirliginiň arasynda 2023 — 2027-nji ýyllar aralygynda medeniýet babatda hyzmatdaşlygy ýerine ýetirmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Bahreýniň Ösüş bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Ählumumy deňiz-howa logistikanyň hyzmatdaşy baradaky Şahadatnama laýyklykda, iki ýurduň arasynda ykdysady we söwda gatnaşyklary ösdürmek babatda bilelikdäki isleg göz öňünde tutulyp, Bahreýn Patyşalygy ýurdumyza şu merkeziň başlangyjynyň çäginde hyzmatdaş derejesini hödürleýär. Bu Şahadatnama türkmen tarapyna berildi. Hormatly Prezidentimiziň Bahreýn Patyşalygyna saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Maglumat kabul edildi.

Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy, sebit we halkara derejede parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam edýän döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygynyň ýokary sylagyna — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordenine mynasyp bolandygyny habar berdi. Bahreýniň Patyşasy döwlet Baştutanymyza dabaraly ýagdaýda, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda bu hormatly sylagy gowşurdy we jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Öz gezeginde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda we hususyýetçilikde uly kuwwatynyň bardygyny nygtap, bilelikdäki işewürler geňeşini döretmegi, şeýle hem iki ýurduň telekeçileriniň sergilerini geçirmegi teklip etdi. Döwlet Baştutanymyz däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygy barada aýdyp, medeniýet we sport ulgamynda-da ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa bildirilen hormat-sarpa — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli orden bilen sylaglanandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu ýokary sylaga Türkmenistana we onuň halkyna çuňňur hormatyň, ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezdiginiň nyşany hökmünde garaýandygyny nygtady.

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Safiriýýa” köşgüne bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa mähirli garşylady.

Iki döwletiň Baştutanlary geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny hem-de olaryň anyk maksatlara ýetmäge gönükdirilendigini kanagatlanma bilen belläp, taraplaryň türkmen-bahreýn gatnaşyklaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga meýillidiklerini tassykladylar.

Türkmenistanda we Bahreýnde köpasyrlyk däplere eýe bolan atçylygy ösdürmek meselesi hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Köşgüň çäginde ýerleşýän atçylyk sport meýdançasynda belent mertebeli myhman üçin arassa ganly arap bedewleriniň, şeýle-de beýleki tohum atlaryň görkezilişi guraldy. Olaryň arasynda meşhur ahalteke bedewleriniň hem bardygy bellärliklidir.

Döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işindäki hyzmatlarynyň hem-de gadymdan gelýän atçylyk däplerini ösdürmäge goşan goşandynyň ykrarnamasynyň nyşany hökmünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ajaýyp arap tohum atlarynyň ikisi sowgat berildi. Döwlet Baştutanymyz Bahreýniň Patyşasyna minnetdarlyk bildirip, bu ulgamda hünärmenleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Şol gün döwlet Baştutanymyz Bahreýniň Milli muzeýine baryp gördi we ol ýerde Bahreýn Patyşalygynyň gadymy taryhyna, medeniýetine we sungatyna bagyşlanan muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdy.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleri, Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak işleri bilen bagly meseleler mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy.

Energiýa serişdelerini rejeli peýdalanmak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, daşky gurşawy goramak we ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça döwlet strategiýasyny durmuşa geçirmek, Aşgabady mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, dokma pudagyny döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Şeýle hem ýazyň ilkinji aýyndaky baýramçylyk çärelerine, ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça “Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar” atly halkara bäsleşige we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde geçiriljek halkara internet olimpiadalaryna görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Mundan başga-da, 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary we innowasion tehnologiýalary çekmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylyşy barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, şunuň bilen baglylykda, birnäçe teklipler, şol sanda degişli kanunçylygy kämilleşdirmek, ýokary tehnologik merkezleri döretmek babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, bu ugurda bilim almak ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipler taýýarlanyldy.

Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda täze bilimleriň, ylmy barlaglaryň, önümçiligiň we tehnologiýalar işewürliginiň bitewüligini özünde jemleýän Halkara innowasion toplumy we ýokary tehnologiýalar boýunça işewürler mekdebini döretmek, şeýle-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy hem-de ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde paýtagtymyzda tehnologiýalar hepdeligini geçirmek teklip edilýär.

Mejlisiň dowamynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmäge gönükdirilen işler barada habar berildi. Hususan-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny “ýaşyl” portlaryň hataryna goşmak, oňa “EсoPort” şahadatnamasyny almak babatda görülýän çäreler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň Nebit önümleriniň peýdalanylyşyna gözegçilik gullugynyň meseleleri hakyndaky, welaýatlar boýunça 2023-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakyndaky, Türkmenistanda 2023-nji ýylda bag ekmek hakyndaky Kararlara, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sowgatlaryny bermek hakyndaky Buýruga gol çekdi.

20-nji fewralda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al Tani bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda energetika, ulag we kommunikasiýa, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigi bellenildi. Aýratyn-da, maýa goýum ugry boýunça hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi. Ýangyç-energetika toplumy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Şeýle-de medeni-ynsanperwer ulgamyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy nygtaldy.

Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al Tani Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy özi üçin islendik amatly wagtda Katar Döwletine sapar bilen gelmäge çagyrdy.

25-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz şäheriň birinji tapgyrynyň binalarynyň açylyş dabarasyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, şu mynasybetli geçiriljek dabaralarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhunyň öz beýanyny tapmalydygyny nygtady.

Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Dominikan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elwis Antonio Alam Loradan ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn görnüşde, ozaly bilen, iri halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli alnyp barylýan türkmen-dominikan hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşmalar boldy.

Ýurdumyzda Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna saýlaw möwsüminiň çäklerinde dalaşgärleri hödürlemek işi tamamlandy. Häzirki wagtda dalaşgärleri bellige almak işleri dowam edýär, ýakyn günlerde bolsa olaryň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlanar. Saýlawlaryň geçirilişine milli synçylar we dürli halkara düzümleriň ýörite çagyrylan wekilleri gözegçilik ederler.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy depginli ösdürýändiginiň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.