Ï Wodorod energetikasy meselesi türkmen paýtagtynda geçirilen halkara maslahatyň gün tertibinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Wodorod energetikasy meselesi türkmen paýtagtynda geçirilen halkara maslahatyň gün tertibinde

view-icon 5750
Wodorod energetikasy meselesi türkmen paýtagtynda geçirilen halkara maslahatyň gün tertibinde

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guran «Tebigy gazdan wodorod energiýasyny almagyň ylmy-tehniki mümkinçilikleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Foruma ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy merkezleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistandaky şahamçalarynyň, halkara agentlikleriniň bilermenleri, alymlary, hünärmenleri gatnaşdylar. Çärä daşary ýurtlaryň wekilleri onlaýn görnüşde gatnaşdylar.

Maslahatda «Türkmengaz» Döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň direktory Baýrammyrat Pirnyýazow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň direktory, tehniki ylymlaryň doktory Durdymyrat Gadamow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Wodorod energiýasy merkeziniň direktory, himiýa ylymlarynyň kandidaty Hakberdi Hoşdurdyýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň rektory, tehniki ylymlarynyň kandidaty Serdar Nazarow, şeýle hem Atom energiýasy boýunça halkara agetnliginiň (MAGATE) bilermeni, ylymlaryň doktory Françesko Ganda (Awstriýa), «Iwatani Corporation» kompaniýasynyň Wodorod gazlary departamentiniň baş direktory Hiroşi Kimura (Ýaponiýa), «PETRONAS» Tehnologiýa uniwersitetiniň himiýa maşyngurluşygy bölüminiň professory Bawadi Abdullah (Malaýziýa), Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasynyň wodorod energiýasy ylmy barlaglar merkeziniň direktory, ylymlaryň doktory Li Sinsýun (Hytaý) we başga-da ençeme ugurdaş hünärmenler çykyş etdiler.

Olar öz çykyşlarynda ýerlerde alnyp barylýan ylmy we amaly işler, görülýän anyk çäreler hem-de dünýä döwletleriniň dikeldilýän energiýa çeşmelerini öwrenmek, ösdürmek we ulanmak babatda eýeleýän orunlary barada jikme-jik gürrüň berdiler.

Türkmenistanyň alternatiw energiýa çeşmelerini ulanmak meselesinde işjeň orun eýeleýändigi nygtaldy, ýurdumyzyň ählumumy energiýa howpsuzlygynyň täze ýörelgeleri, elýeterli we ygtybarly energiýa çeşmelerine ähliumumy elýeterliligi hem-de önümçilik maksatlary bilen daşky gurşawy goramagyň arasyndaky wezipeleriň deňagramlylygy barada anyk başlangyçlary muňa şaýatlyk edýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan milli derejede energiýa öndürmek üçin täze, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça degişli işleri alyp barmak bilen zyýanly maddalaryň daşky gurşawa täsirini azaltmaga gönükdirilen uzak möhletleýin resminamalary kabul edýär. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň 2022-2023-nji ýyllar üçin wodorod energiýasy pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň Ýol kartasy we dünýäniň öňdebaryjy ýurtlary, halkara guramalary we kompaniýalary bilen bilelikde hereket etmegiň maksatnamasy tassyklanyldy.

Ýurdumyzda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek üçin göwrümli işler alnyp barylýar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Wodorod energiýasy merkeziniň açylmagy muňa mysallaryň biridir, onda wodorod önümçiliginiň tehnologiki aýratynlyklaryny öwrenmek üçin ylmy we okuw işleri alnyp barylýar.

Çykyş edenler ösüşiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde dünýä ýurtlarynda wodorod energiýasynyň ösüşini bellediler, onuň çäklerinde ylmy barlaglar alnyp barylýar, tematiki çäreler gurnalýar, taslamalar durmuşa geçirilýär we innowasion energiýa duzumleriniň desgalary gurulýar, kanunçylyk kämilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, dünýäde pes uglerodly energiýanyň ulanylmagy howanyň üýtgemeginiň, daşky gurşawyň hapalanmagynyň täsirini azaltmaga we bug gazlarynyň howa goýberilmegini peseltmegi gazanmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlar öňdebaryjy halkara guramalarynyň uzak möhletleýin resminamalarynda berkidilen degişli maksatlara ýetmäge çalyşýarlar. Olaryň arasynda BMG-nyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy we Durnukly ösüş maksatlary ýaly BMG-nyň esasy resminamalary bar. Dikeldilýän energiýa çeşmeleri halkara agentligi we Wodorod geňeşi «ýaşyl» energiýany ulanmak babatda işjeň işleri amala aşyrýarlar.

Forumyň ahyrynda oňa gatnaşanlar gymmatly tejribe alyşmaga, kärdeşler bilen möhüm meseleleriň we giň mümkinçiliklerin, özara bähbitlere, ählumumy abadançylyga we ösüşe gönükdirilen geljekki hyzmatdaşlygyň anyk meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döreden maslahatyň wajyp ähmiýetini bellediler.