Ï 2023-nji ýylyň fewraly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2023-nji ýylyň fewraly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

view-icon 8231

Fewral aýynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde geçirilen duşuşyklar, syýasy geňeşmeler, gepleşiklerdir maslahatlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz Türkmenistanyň «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, sebit hem-de ählumumy ösüşiň möhüm meselelerini çözmekde barha işjeň orny eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

1-nji fewralda Daşary işler ministrliginde geçirilen Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi munuň mysalydyr. Onuň dowamynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, 2023-nji ýyl üçin çäreleriň meýilnamasyna, toparyň sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, Hazarýaka döwletleriňdir olaryň halklarynyň arasynda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek boýunça alyp barýan işleriniň meselelerine garaldy.

3-nji fewralda Daşary işler ministrliginde “Astana” halkara maliýe merkeziniň (AIFC) “ýaşyl” maliýe merkeziniň baş direktory Aýdar Kazybaýew bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda Aral deňziniň kenarýakasyny bagy-bossanlyga büremek, ekosyýahatçylygy giňeltmek, “ýaşyl” uglewodorodlary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Arkadag şäheriniň «ýaşyl» şäher we «akylly» şäher ölçeglerine laýyklygyny tassyklaýan ýörite güwänamalary almak mümkinçiligi duşuşygyň aýratyn meselesi boldy.

Şol gün paýtagtymyzdaky “Daşkent” dynç alyş seýilgähinde Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Hökümetiniň, Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary hem-de döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Çykyşlarda taryhyň, däp-dessurlaryň, diliň we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ösdürilýän hyzmatdaşlyk barada bellenildi.

Dabaranyň çäklerinde sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi, myhmanlara özbek aşhanasynyň milli tagamlary hödürlenildi.

Şeýle hem şol gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwerlik hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Onda pudagara toparyň geçen ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçýän 2023-nji ýyl üçin öňde goýlan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

6-njy fewralda Daşary işler ministrliginde Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşykda konsullyk gatnaşyklarynyň gurluşyny işjeňleşdirmek boýunça hukuk binýadyny kämilleşdirmek, iki ýurduň hukuk goraýjy edaralarynyň arasynda maglumat alyş-çalşygyny, serhet we gümrük gözegçilik-geçiriş nokatlarynda netijeli dolandyryşy ýola goýmak babatda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen bagly meselelere seredildi. Mejlisiň netijeleri boýunça Jemleýji teswirnama gol çekildi.

Mejlisiň çäklerinde Eýranyň daşary işler ministriniň konsullyk, mejlis we eýranlylaryň işleri boýunça orunbasary Alireza Bikdeli bilen ýurdumyzyň daşary işler ministriniň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda parlamentara, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy.

6-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerindäki meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe süren teklipleri bilen baglylykda, 2023-nji ýyl üçin özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň meýilnamalary kesgitlenildi.

7-nji fewralda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Muzeý gymmatlyklaryny rejelemek işi: dünýä tejribesi we ýetilen sepgitler” atly brifing geçirildi. Oňa ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we ugurdaş edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Arheologik tapyndylary, ýadygärlikleri öwrenmek, hasaba almak hem-de dikeltmek, gorap saklamak, giňden wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek we dikeltmek babatda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, özara tejribe alyşmak boýunça ýurdumyzda alymlaryň, bilermenleriň, şeýle-de muzeý işgärleriniň alyp barýan işleri brifingde ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy.

7-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda ähli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasyna muzdsuz suwuklandyrylan gazyň iberilmegi, şeýle-de ýurdumyza Özbegistanda öndürilen “Tiz kömek” awtoulaglarynyň gelip gowuşmagy ikitaraplaýyn hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

7-nji fewralda türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwer däplerinden ugur alyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we uly möçberli weýrançylyklara getiren ýertitremede ejir çeken Türkiýe Respublikasynyň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Ynsanperwerlik ýüki derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybaratdyr. Şeýle-de türkiýeli kärdeşlerine zerur bolan ýardamy bermek üçin lukmanlar ugradyldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna-da ynsanperwerlik kömegi ugradyldy.

8-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, doganlyk ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanç we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi, şeýle-de Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy.

9-njy fewralda Daşary işler ministrliginde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimou bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda syýasy, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, sanly diplomatiýa ulgamlarynda türkmen-amerikan gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň halkara giňişlikde, hususan-da, dünýä derejesinde parahatçylyk medeniýetini öňe sürmek boýunça alyp barýan işlerine aýratyn üns çekildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamasynyň wajypdygy nygtaldy.

9-njy fewralda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi.

Onuň dowamynda Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen gatnaşyklarynyň netijelidigi bellenildi, häzirki we geljekki taslamalara garaldy, “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasynyň” durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 9-10-njy fewralda Gazagystan Respublikasynyň Turkestan şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy. Deputatlar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hem-de bu işde parlamentleriň orny, ykdysady, umumy taryhy-medeni mirasyň esasynda medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Forumyň netijeleri boýunça Turkestan Jarnamasy kabul edildi.

11-12-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan, BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyklary boldy. Duşuşyklarda syýasy-diplomatik, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, ýol üpjünçilik ulgamlary, senagat kooperasiýasy, oba hojalygy, gämigurluşyk, ýokary tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde BAE-niň maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine garaldy.

Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň, «Masdar», Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň we Abu-Dabiniň port kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşikleriň çäklerinde maýa goýum, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, port düzümlerini ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklaryň jemleri boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOС) arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem-de Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Birinji bankynyň (First Abu-Dhabi bank) arasynda korrespondent hasabyny açmagyň we ýöretmegiň şertleri hem-de tertibi hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

12 — 14-nji fewralda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Mukamlar köşgünde hem-de Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Eýranyň sungat ussatlarynyň konserti, Şekillendiriş sungaty muzeýinde Eýranyň amaly-haşam sungatynyň sergisi, Döwlet çeperçilik akademiýasynda döredijilik duşuşyklary we ussatlyk sapaklary geçirildi, “Aşgabat” kinokonsert merkezinde soňky ýyllarda dürli žanrlarda düşürilen kinofilmler görkezildi.

13 — 15-nji fewralda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitiniň çäklerinde türkmen wekiliýeti BAE-niň Ministrler Kabinetiniň işleri boýunça ministri, Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory, Wýetnamyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyklary geçirdi. Gepleşiklerde dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda, hususan-da, howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelerde döwletleriň we halkara guramalaryň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.

14-15-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet we yslam ugrukdyryş ministri, şeýle hem kooperasiýa zähmet we durmuş üpjünçiligi ministri bilen geçirilen duşuşyklarda deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi. Taraplar ykdysady gatnaşyklary, ilkinji nobatda, energetika, ulag we üstaşyr ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de medeniýet, ylym, saz we sungat ulgamlarynda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, teleradio, kinematografiýa, kitap we neşirýat işi ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pikir alşyldy.

15 — 17-nji fewralda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen Eýran Yslam Respublikasynyň ylmy-senagat işläp taýýarlamalar we tehnologiýalar pudagyndaky iň täze gazanan üstünliklerini görkezýän ýöriteleşdirilen ykdysady sergisine gatnaşmak üçin düzüminde eýran kompaniýalarynyň we firmalarynyň agzalarynyň 70-e golaýy bolan uly wekiliýet Aşgabada geldi. Köp sanly diwarlyklarda nebitgaz, elektroenergetika, ýol-ulag pudaklary, gurluşyk, himiýa senagaty, suw we oba hojalygy üçin enjamlaryň hem-de tehnikalaryň nusgalary, şekil taslamalary ýerleşdirildi. Olar hil we ekologik howpsuzlygyň halkara ölçeglerine laýyk gelýär hem-de ýokary öndürijiligi, tygşytlylygy, giň görnüşliligi bilen tapawutlanýar.

16-njy fewralda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Medeni miras: geçmişden geljege” hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” atly ÝUNESKO kafedralaryny döretmek hakynda Ylalaşyklara gol çekmek dabarasy boldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen çärä ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň, degişli ministrlikleriň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ÝUNESKO-nyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle hem şol gün Daşary işler ministrliginde Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda dürli ugurlarda, şol sanda daşary syýasat edaralarynyň, işewür toparlaryň ugry boýunça, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, BMG, ÝHHG we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek boýunça pikir alşyldy.

17-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

18-nji fewralda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde institutda ýörite sergi guraldy hem-de ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi.

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, oňyn daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, daşary ýurtlar bilen dürli ulgamlarda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, iri halkara guramalar bilen netijeli dialogyň giňeldilmegine goşan şahsy goşantlary hem-de Watanymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin bu gullugyň işgärleriniň birnäçesine “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşanyny hem-de degişli şahsyýetnamalary gowşurmak dabarasy boldy.

20-nji fewralda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al Tani bilen duşuşyk geçirdi. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda türkmen-katar gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär. Şunda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, hususan-da, parlamentara, energetika, ulag we kommunikasiýa, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar, sport, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigi nygtaldy.

21-22-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynda we Mejlisinde hem-de Daşary işler ministrliginde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa German bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda geçen ýyllarda ýurdumyzyň sebitde durnuklylygy üpjün etmek, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk gatnaşyklaryny ösdürmek, parahatçylygy pugtalandyrmak, gender deňligini ilerletmek hem-de zenanlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelerde BMG-niň ygtybarly we strategik hyzmatdaşyna öwrülendigi nygtaldy.

22-23-nji fewralda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen ikinji gurluşlaýyn dialoga iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Söwda-ykdysady, sebit syýasaty, parlament diplomatiýasy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, oba hojalygy, tokaý hojalygy ýaly ugurlarda, şol sanda abraýly sebit we halkara düzümleriň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns çekildi.

23-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň Baş direktory Frank Riisberman bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda senagat önümçiligine häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmagyň, şeýle hem senagatyň daşky gurşawa edýän täsirini azaltmagyň, şol sanda ekologik taýdan arassa, döwrebap tehnologiýalary we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmagyň ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadygy bellenildi. Ählumumy ýaşyl ösüş instituty bu düzüm bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda kabul edýän ýurt hakynda Ylalaşyga garamak we gol çekmek, ýurdumyzda bu institutyň wekilhanasyny açmak teklibi bilen çykyş etdi.

24-nji fewralda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 60-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň, alyp barýan daşary syýasatynyň netijelidiginiň, öňüni alyş diplomatiýanyň möhümdiginiň hem-de wajypdygynyň, BMG-niň ýörite syýasy wekilhanalarynyň parahatçylygy we dünýä gurluşyny üpjün etmek babatda eýeleýän möhüm ornunyň ykrar edilmeginiň subutnamasy boldy.

25-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň ösüşini görmek, gözden geçirmek we baha bermek maksady bilen ýurdumyza gelen BMG-niň we onuň degişli düzümleriniň tehniki gullugynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Nygtalyşy ýaly, bu döwrebap şäherde bina edilen desgalar ekologik, howpsuzlyk hem-de tehnologiýalar babatda dünýäniň häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýär. “Akylly” şäher konsepsiýasyna esaslanýan täze edara ediş merkezinde öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ornaşdyrylyp, şäheriň dolandyrylmagyny üpjün edýän ýeke-täk ekoulgam döredildi. Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar tehniki maksatly saparyň barşynda öňde goýlan teklipleriň ýerine ýetirilmegi üçin “Ýol kartasynyň” düzümlerini bermäge ylalaşdylar.

Şol gün Daşary işler ministrliginde GDA-nyň Ýolçularynyň hökümetara geňeşiniň başlygy Buri Karimow bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň bu düzüm bilen hyzmatdaşlygy hem-de sebitdäki halkara ulag geçelgeleriniň ösüşiniň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

27-nji fewralda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky düzümleýin edaralarynyň — Ösüş maksatnamasynyň, Ilat gaznasynyň hem-de Çagalar gaznasynyň wekilhanalarynyň arasynda resminamalara gol çekişmek dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda ykdysadyýet, saglygy goraýyş, bilim, habar beriş serişdeleri hem-de beýleki möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk bilen bagly 26 sany resminama gol çekildi. Olaryň arasynda 2023 — 2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki taslamalar we şu ýyl üçin iş meýilnamalary bar.

28-nji fewralda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi — sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň, howpsuzlygyň berk binýady” atly maslahat geçirildi. Wekilçilikli forum BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 60-njy umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli guraldy.

28-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça meseleleriň giň toplumyna, iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň üstünlikli tejribesi kanagatlanma bilen bellenildi.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said Osman Ahmed Suweýd bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Şeýle hem şol gün Daşary işler ministrliginde Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Ýewraziýa we Günbatar Balkan ýurtlary bölüminiň ýolbaşçysy Ýuwal Fuhsah bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ynsanperwer we beýleki ulgamlarda, şol sanda abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen aýyň dowamynda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Çehiýa Respublikasynyň, Şwesiýa Patyşalygynyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Kuba Respublikasynyň, Dominikan Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Awstraliýanyň, Gwatemala Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda syýasy geňeşmeleri guramagyň, dürli ugurlardaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy bellenildi.

Şeýlelikde, geçen aýda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem-de abraýly guramalaryň wekilleri bilen geçiren gepleşikleridir dürli halkara çäreleri döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ösüşiň we abadançylygyň ýolundan ynamly öňe barýandygyny aýdyň görkezdi.