Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň sanawyna oňurgasyz jandarlaryň täze görnüşleri girizildi. Bu, köpýyllyk ylmy-seljeriş işleriň we edaranyň hünärmenleriniň 2019 – 2022-nji ýyllarda sebitiň häzirki ýagdaýyny we biodürlüligini öwrenmek boýunça guran saparlarynyň netijesinde mümkin boldy.
Sähranyň we tekiz belentligiň bir böleginiň, birnäçe uly suw howdanynyň, petdeligiň ýerleşýän ýeri bolan ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ajaýyp görnüşi we tebigaty goraýyş işleri goraghananyň haýwanat dünýäsiniň görnüşleriniň yzygiderli artmagyna ýardam edýär.
Mysal üçin, Reomýuryň eşekýassygy, gapdal ýöreýän we halka örýän möý, gurt-möý we bökejin möý, deňganatlylar toparyna degişli lýutka maşgalasyndan bolan teneçir, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen şah ganatly empuza, meşhur mahaon kebelegi we başgalar indi bu ýerleriň haýwanat dünýäsiniň sanawyna goşuldy.
Gaplaňgyr goraghanasynyň haýwanat dünýäsinde süýdemdirijileriň, guşlaryň, süýrenijileriň we balyklaryň, möýşekillileriň we molýuskalaryň köp görnüşi bar. Goraghananyň işgärleri olara yzygiderli gözegçilik edýärler, bu bolsa goraghananyň dolandyrylyşyny has-da kämilleşdirmäge, ösümlik we haýwanat dünýäsini, şol sanda Gyzyl kitaba girenleri we endemik görnüşleri-de goramaga ýardam edýär. Goraghananyň hünärmenleri haýwanat we ösümlik dünýäsiniň genetik gaznasyny öwrenmek we gorap saklamak, tutuş ýerli ekoulgamy tebigy ýagdaýda saklamak, daşky gurşawy goramagyň ylmy usullaryny işläp düzmek we ekologiýa boýunça aň-bilim ýaýratmak işini alyp barýarlar.