Ï TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň hünärmenleri ulanylan suw serişdelerinden wodorod öndürmek üçin ylmy barlaglar geçirýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň hünärmenleri ulanylan suw serişdelerinden wodorod öndürmek üçin ylmy barlaglar geçirýärler

view-icon 6035
TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň hünärmenleri ulanylan suw serişdelerinden wodorod öndürmek üçin ylmy barlaglar geçirýärler

Howanyň üýtgemeginiň we senagatyň daşky gurşawa hem-de adam saglygyna edýän ýaramaz täsirini azaltmak, şeýle hem daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberini peseltmek boýunça Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

2019-2025-nji ýyllarda «Altyn Asyr» kölüniň sebitini ösdürmek konsepsiýasyna laýyklykda bu ýerde gurulýan häzirki zaman obalary gün hem-de ýel elektrik paýlaýjy desgalaryň energiýasy bilen üpjün ediler. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistanda wodorod energiýa öndürijileri ösdürmek we ony gaýtadan işlemek mümkinçiligi möhümdir. Gün we ýel energiýasynyň ulanylmagyna esaslanýan energiýa öndürýän ekologiýa taýdan arassa desgalary döretmek wodorod energiýasyny öndürmek ugrunyň wezipesidir.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň hünärmenleri arzan alternatiw energiýa çeşmesini, esasanam «ýaşyl» wodorod almagyň usullaryny ylmy taýdan işläp taýýarlaýarlar. Synaglar «Altyn Asyr» kölüniň çäginde geçiriler. Bu işde özboluşly biokatalizator ulanylar. «Altyn Asyr» türkmen kölüniň suwunyň ýokarky gatlagyny ýygnap we onuň üstüne bellenilen möçberde bir öýjükli suwotulary goşup hem-de gün şöhlesiniň täsiri bilen fotosintez prosesini güýçlendirmek arkaly «Geliobarža» enjamynda wodorod energiýasy alnar. Tebigatda mikroorganizmleriň we gök-ýaşyl mikrosuwotylar bakteriýalarynyň käbir görnüşleriniň ýagtylyk täsiri bilen wodorod öndürýändigi mälimdir. Suwotylar deňiz suwundan, hatda «Altyn Asyr» kölüniň taşlandy suwlaryndan hem wodorod öndürip bilýär.

«Geliobarža» enjamynda bir öýjükli suwotulary ýetişdirip, soňra «Geliobioplata» enjamynda ony gaýtadan işläp, wodorod almak bu taslamanyň esasy maksatlarydyr. Bu taslamanyň çäklerinde bir öýjükli suwotulary ösdürip ýetişdirmek üçin «Geliobarža» synag enjamy «Altyn Asyr» kölüne goýberildi. Kölüň 10-20 santimetrlik üstki gatlagynyň zerur mukdary ýygnaldy we suw howdanyna guýuldy. Soňra bolsa bu howdana zerur möçberde bir öýjükli suwotular göýberildi. Suw ýaýkyldamasy netijesinde bir öýjükli suwotular hemişe hereketde bolýarlar. Üznüksiz hereketiň hasabyna bir öýjükli suwotularyň ösüşi çaltlanýar. «Geliobarža» enjamyna berkidilen ýel enjamy howdandaky suwy aýlaýar. Suwuň howa derejesi kölüň akwatoriýasynyň temperaturasy bilen kadalaşýar. Fotosintez prosesi gündizki gün şöhlesiniň hasabyna bolup geçýär. 4 günläp tejribe-synagdan soň laboratoriýada barlamak üçin howdandan nusgalar alyndy. Laboratoriýa synaglary bir öýjükli suwotularyň ösýändigini aýan etdi.

Dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň esasynda işlenip taýýarlanylan gelioenjamlaryň tebigy gurşawda geçirilen tejribe-synag baralglarynyň netijesinde bir öýjükli suw ösümliklerini ýetişdirmek hem-de geljekde wodorod öndürmek mümkinçiligi subut edildi.