Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we bu ýokary okuw mekdebiniň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi Türkmenistanyň mekdepleriniň 9-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly uly bäsleşigiň ikinji möwsüminiň saýlama tapgyrynyň dördünji oýnunyň geçiriljekdigini yglan etdi.
Dördünji oýun şu ýylyň 28-nji martynda Ýokary diplomatiýa mekdebinde geçiriler. Oňa täze oýunçylar topary – paýtagtymyzyň we welaýatlaryň mekdeplerinden 16 sany ýokary synp okuwçysy gatnaşar. Bu gezek türkmen taryhy, syýasaty we diplomatiýasy boýunça okuwçylaryň arasynda «Gadymy Ariý we Hindistan siwilizasiýalary: diplomatiýanyň ruhy-ahlak binýatlary» temasy boýunça bilim bäsleşigi geçiriler.
Bäsleşige gatnaşjaklaryň oňa taýýarlyk görmek üçin bir aý töweregi wagtlary bar. Taslamanyň guramaçylary geçiriljek duşuşygyň temasy boýunça bilimlerini täzelemek we artdyrmak maksady bilen, bäsleşige gatnaşýanlara degişli edebiýat bilen tanyşmagy maslahat berýärler. Edebiýatyň sanawy Daşary işler ministrliginiň HGI-niň resmi saýtynyň bildirişler bölüminde ýerleşdirilendir. Goşmaça maglumatlary parahatchylygynchaparlary@gmail.com elektron poçta arkaly guramaçylyk toparynyň wekilleri bilen gatnaşyga girip alyp bilersiňiz.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň ikinji möwsüminiň «Gepleşikler parahatçylygyň kepilidir: gadymy döwrüň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti» şygary astynda geçýändigini ýatladýarys.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI-niň we ýokary okuw mekdebiniň Ýaş diplomatlar mekdebiniň bu taslamasy geçen okuw ýylynda başlanypdy. Ol ýokary synp okuwçylarynyň arasyndan üstünlikli diplomat bolmak üçin zerur bilimlere we häsiýetlere eýe bolan has başarnykly hem-de zehinli okuwçylary kesgitlemek maksady bilen guralýar.