Ï «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly žurnalyň ilkinji sany çap edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly žurnalyň ilkinji sany çap edildi

view-icon 4367
«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly žurnalyň ilkinji sany çap edildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly çärýekde bir gezek çykýan internet-žurnalyň birinji sanyny neşir etdi, onda innowasion ylmy we tehnologiki ugurlary öz içine alýan köp sanly makalalar ýerleşdirilipdir.

Ilkinji neşiriň sözbaşysynda žurnalyň redaksion geňeşiniň ýerli çig maldan bäsdeşlige ukyply, material we energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary hem-de innowasiýa materiallaryny işläp taýýarlaýan we olary önümçilige ornaşdyrmak, pudagara ylmy gatnaşyklary pugtalandyrmak, ýaşlary ylmy-barlag işlerine çekmek, startaplara goldaw bermek, edaranyň düzüminde döredilen Tehnologiýalaryň transferi merkezi arkaly ylmy barlaglaryň netijelerini täjirleşdirmek mümkinçiligine baha bermek bilen meşgullanýan Tehnologiýalar merkeziniň wezipeleri, gurluşy we alyp barýan işleri barada gysgaça maglumat berilýär.

Sözbaşyda bellenilişi ýaly, elektron žurnalyň birinji sanynda Türkmenistanda ylmyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanalarynda geçirilýän ylmy barlaglaryň, ýurdumyzyň beýleki alymlarynyň alyp barýan ylmy işleriniň netijeleri, şeýle hem Tehnologiýalar merkeziniň hyzmatdaşy –Özbegistanyň ylym edarasynyň alymynyň ylmy işi ýerleşdirilipdir. Makalalar rus we iňlis dillerinde gysgaça beýany bilen PDF görnüşinde türkmen dilinde çap edilýär.

«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» elektron žurnalynyň birinji sanynyň makalalarynyň awtorlarynyň arasynda tanymal alymlar – TYA-nyň prezidenti Allaberdi Aşyrow, Ýagşygeldi Kakaew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Baýrammyrat Atamanow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň himiýa we geologiýa ylymlary bölüminiň müdiri Nurmyrat Durdyýew, Daşkent döwlet ulaglar uniwersitetiniň professory Umida Ziýamuhammedowa, şeýle hem Tehnologiýalar merkeziniň dürli barlaghanalarynyň müdirleri we işgärleri bar.

Neşir edilen makalalaryň temalary olaryň ylmy taýdan möhümligine we ähmiýetlidigine şaýatlyk edýär. Olar Türkmenistandaky suwlary baromembran usulynda arassalamagyň hem-de şor suwlary süýjetmegiň ähmiýetine we geljegine, gaz geçirijilerinden gaz çykyşynyň basyşa täsirini matematiki modelirlemeklige, gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda genetikanyň we seçginiň ähmiýetine, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň XIV jiltiniň ylmy derňewine, alternatiw energiýa çeşmeleriniň utgaşygy esasynda ulanylan suw çeşmelerinden wodorod öndürmeklige, geliotehnologiýanyň esasynda alternatiw ekerançylyk üçin toplum döretmeklige we beýleki möhüm meselelere bagyşlanypdyr.