Ï «Materiallaryň garşylygy» dersi boýunça II Açyk halkara olimpiadasy bäsleşige çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Materiallaryň garşylygy» dersi boýunça II Açyk halkara olimpiadasy bäsleşige çagyrýar

view-icon 6509

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, 2023-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Materiallaryň garşylygy» dersi boýunça II Açyk Halkara internet olimpiadasyny geçirýär we talyplary bu bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar. Açyk halkara internet olimpiadasy şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilýär. Açyk halkara internet olimpiadasynyň resmi iş dilleri – türkmen, rus we iňlis dilleri. Bäsleşigiň ýumuşlary institutyň web-sahypasynyň Olimpiadalar we ders bäsleşikleri bölümine goýular.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny şu ýylyň 15-nji martynda geçiriljek «Materiallaryň garşylygy» dersi boýunça II Açyk Halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän talyplary okaýan ugruna, okuw ýylyna we hünär ugruna garamazdan olimpiada gatnaşyp bilerler. Her ýokary okuw mekdebinden olimpiada dersinden iň gowy okaýan üç talyp aň-paýhas bäsleşiginde çykyş edip biler.

Halkara onlaýn-olimpiada türkmen, rus we iňlis dillerinde şahsy bäsleşik görnüşinde geçiriler. Umumy matematika we tebigy ylymlar dersleri tapgyryndan «Materiallaryň garşylygy» dersine gatnaşyjylar üçin meseleler taýýarlandy. Talyplara 6 meseläni çözmäge 120 minut (2 sagat) wagt berler.

Meseleler olimpiada geçirilýän güni bäsleşik geçirýän ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynyň Institut/Halkara/Döwlet Olimpiadalary bölüminde elýeterli bolar, şu günler bäsleşige gatnaşyjylar hasaba alynýar.

Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri olimpiadanyň emin agzasy hökmünde çykyş ederler, olaryň çözgüdi bilen aň-paýhas gözden geçirilişinde gowy netije gazanan ýeňijiler we baýraklara mynasyp bolanlar kesgitlener.

Olimpiadanyň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelänler degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar. Olimpiadanyň meselelerini adaty bolmadyk üýtgeşik usulda çözen talyplar Ýörite diplomlar bilen sylaglanar.

Goşmaça maglumatlar (+993) 12 28-18-05, (+993) 65 814482 telefon arkaly we e- tdbgiob@gmail.com elektron poçtasy arkaly elýeterlidir.

Çäräniň guramaçylarynyň pikirine görä, Olimpiada talyplaryň özbaşdak işlemäge, taglymat bilimlerini iş ýüzünde peýdalanmaga, ýaşlaryň arasynda ylmy pikirleniş ukyplarynyň ösmegine, şeýle hem tebigy we takyk ylymlary öwrenmäge höwes döreder hem-de oňa gatnaşyjylara intellektual ukyplaryny giňden görkezmäge mümkinçilik berer.

Institutyň wekilleri talyplaryň aň-paýhas bäsleşiginiň Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de käbir ylym merkezleriniň, şol sanda sanly maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary arkaly özara gatnaşyklaryny giňeltjekdigine we pugtalandyrjakdygyna, şeýle hem talyplaryň ders boýunça bilimlerine baha bermäge hem-de has zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berjekdigine umyt baglaýarlar.