Golaýda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň paýtagtymyzdaky Tehnologiýalar merkezinde geçirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynda milli binagärligiň ösüşi» atly binagärlik-taslama döredijilik sergisiniň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelänler yglan edildi.
Döredijilik sergisi umumy bilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, orta hünärment mekdepleriniň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, ýaş mugallymlardyr hünärmenler, ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän binagärlik sungatyna höwesek türkmen ýaşlarynyň döredijilikli zehinli, zehinli wekilleri üçin gurnaldy.
Sergi ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly binalar we seýilgähler, göwrümli maket ýa-da 3D animasiýa ýaly üç ugurdan geçirildi. Serginiň çäklerinde awtorlaryň taýýarlan iň gowy binagärlik taslamalarynyň bäsleşigi guraldy.
Netijede alty adam döredijilik bäsleşiginde ýeňiş gazandy. Olaryň arasynda «Asudalyk» ýadygärliginiň we Botanika bagynyň maketlerini hödürlän Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary Resul Baýramow we Selbi Gylyjowa bar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Rahat Babaýew, Baýrammämmet Nyýazow we Şirmuhammet Jepbarow hem ýeňijileriň hataryna girdiler. Olar degişlilikde 5 gatly 18 öýli ýaşaýyş jaýynyň, söwda-dynç alyş merkeziniň we ýokary okuw mekdebiniň taslamasyny hödürlediler. Ýene bir ýeňiji – ýaşaýyş jaýlar toplumynyň taslamasynyň awtory, Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazowy adyndaky zehinli çagalar mekdebiniň ýaş mugallymy Yslam Orazberdiewdir.
Bäsleşikde 24 adam baýraklara mynasyp boldy. Olardan 12-si ikinji, şonçasy hem üçünji orny eýelediler. Ikinji we üçünji orny eýelänleriň 14-si döredijilik bäsleşiginde baýrakly orunlary eýelänleriň arasynda öňe saýlanan binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary hem-de talyplarydyr.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň-da bäşisi baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýene bäş baýragy Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary, şeýle hem Aşgabadyň 56-njy we Mary welaýatynyň Şatlyk şäherindäki 43-nji orta mekdepleriniň mugallymlary eýelediler.
Baýrakly ikinji we üçünji orunlary alan işleriň arasynda myhmanhanalaryň, orta mekdepleriň, drama teatrynyň, kibersport merkeziniň, maglumat tehnologiýalary merkeziniň, Arkadag şäherindäki awtoulag duralgasynyň we beýleki desgalaryň taslamalary bar.
Eminler toparynyň agzalary awtorlaryň işlerine baha berende olaryň ýerleşişi (ulanyş amatlylygy) we taslamalaryň konstruktiw çözgütleri, ykdysady taýdan maksadalaýyklygy, estetiki we milli aýratynlyklary ýa-da binanyň, desganyň, seýilgähiň häzirkizaman binagärlik ýörelgelerini göz öňünde tutdular.
Ýeňijiler we baýrakly orunlara mynasyp bolanlar çäräni Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen bilelikde guran Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan sylaglandy.
Döredijilik sergisi we onuň çäklerindäki bäsleşik binagärlik pudagyndaky milli we innowasiýa taslamalaryna garamak hem baha bermek, ýurdumyzyň ýaşlaryny ýerli binagärçiligi we şäher gurluşygyny mundan beýlägem kämilleşdirmäge çekmek, özbaşdak ylmy gözlegleri geçirmäge hem-de çylşyrymly meseleleri çözmäge ukyply zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirildi.