Ï Nowruzy garşy alýarys!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nowruzy garşy alýarys!

view-icon 7045
Nowruzy garşy alýarys!
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Aşgabadyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep internatynyň okuwçylary Nowruz baýramyny aýdym, tans we ýaşlyk hyjuwy bilen garşy alýarlar. Bu ýerde konsert seýrek zat däl, ýöne deň-duşlaryňy we mugallymlaryňy köp garaşylan baharyň gelmegi bilen gutlamak mümkinçiligi uly şatlyga eýe edýär.

Baýramçylyk çäresine yhlas bilen taýýarlyk gören çagalar döredijilikli çykyşlaryny, aýdymlaryny, tanslaryny we goşgularyny öwran-öwran gaýtalap ezberleýärler. Gyzlar adaty türkmen şirinligini – pişme bişirdiler. Gyssagara ýazylan desterhanyň iň esasy bezegi, elbetde, bugdaý maýsasyndan taýýarlanan semenidir.

Nowruz biziň üçin iň söýgüli baýramlaryň biridir, – diýip, mekdep terbiýeçisi Maýa Sopyýewa gürrüň berýär. – Biz, esasan, halk döredijiliginden ybarat konsert maksatnamasynyň çäginde aşpezlik bäsleşigini-de geçirýäris. Birnäçe synpda, edil biziň ýaly bahar baýramyny belleýän türki dilli ýurtlaryň milli tagamlary taýýarlandy. Okuwçylarymyzyň tagallalaryna ygtyýarly eminler baha bererler.

Mekdep okuwçylarynyň zehinini goldamak üçin, bu ýere tanymal estrada aýdymçylary-da geldiler. Çagalar bilen bir sahnada skripkaçy Kerim Ahmedow, Türkmenistanyň at gazanan artisti Begmyrat Annamyradow we beýlekiler çykyş etdiler.

Nowruz täze ýylyň başlangyjyny, baharyň gaýdyp gelmegini we täze hasyly alamatlandyrýan gadymy baýramdyr. 2009-njy ýyldan bäri Nowruz köp ýurduň medeni däbi hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, köp ýurtda 21-nji martda Halkara Nowruz güni bellenýär.

Biziň ýurdumyzda ösüp barýan ýaş nesil, ata-babalarymyzyň asylly däplerine hormat goýmak bilen, bu bahar baýramyny milli däp-dessurlara laýyklykda bellemäge çalyşýarlar. Olar Aşgabadyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep internatynyň okuwçylary tarapyndan taýýarlanan sahnajyklarda-da beýan edilipdir.

Baýramçylyk konsertiniň ahyrynda oňa gatnaşanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.