Ï Milli bahar baýramyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli bahar baýramyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi

view-icon 5266
Milli bahar baýramyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi

Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Nowruz – Gündogar halklarynyň medeniýetinde» atly ylmy maslahat geçirildi.

Baýramçylyk çäresine Tehnologiýalar merkeziniň dürli barlaghanalarynyň işgärleri, Magtumguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary, Aşgabadyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep-internatynyň mugallymy we ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.

Maslahat TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň direktory, himiýa ylymlarynyň doktory Durdymyrat Gadamowyň giriş sözi bilen açyldy. Maslahatyň maksatnamasyna girizilen on çykyşyň ilkinjisi Halkara ylmy parklar we innowasiýalar zolaklary assosiasiýasyna (IASP) bagyşlandy. Geçen ýylyň güýzünde TYA-nyň Tehnologiýalar merkezi bu gurama agzalyga kabul edildi. Tehnologiýalar merkeziniň IASP-e kabul edilmegi beýleki abraýly ylmy birleşiklere goşulmaga, türkmen ylmynyň halkara gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmäge we dünýä ylmy bileleşigine goşulyşmagyna mümkinçilik berer.

Tehnologiýalar merkeziniň Tehnologiýalaryň transferi merkeziniň baş hünärmeni D. Baýramgeldiýewa IASP-yň dünýä tehnologiki we ylmy merkezleri hem-de milli assosiasiýalary birleşdirýän abraýly guramadygyny nygtady. Ylmy parklaryň we innowasiýa zolaklarynyň bilermenleriniň birleşigi öz agzalarynyň işiniň netijeliliginiň ýokarlanmagy üçin şertler döredýär.

Beýleki çykyşlar Gündogar halklarynyň bahar kimin gadymy we müdimi tereň baýramy bolan Nowruza bagyşlandy. Maslahatyň çykyşlarynyň käbiri «Halkara Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda», «Nowruz – täzeleniş we hoşniýetlilik baýramy», «Omar Haýýamyň döredijiliginde Nowruzyň waspy», «Baharyň görki – Nowruz baýramy», «Tebigat we köňüller baýramy – Nowruz» temalaryna bagyşlandy. Çykyş edenler adamzadyň medeni mirasyna öwrülen bu baýramyň umumadamzat we ynsanperwerlik özenini, häzirki döwrüň ruhuna we depginlerine muwapyk Nowruzyň täzelenýän we täzeleýän gudratyny açyp görkezmäge aýratyn üns berdiler.