I. 2012-nji ýylyň 31-nji martyndaky «Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 40-njy madda; 2014 ý., № 2, 84-nji madda, № 4, 148-nji madda; 2015 ý., № 3, 110-njy madda; 2017 ý., № 1, 35-nji madda, № 4, 147-nji we 168-nji maddalar; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 153-nji madda) 8-nji maddasyna şu üýtgetmäni we goşmaçany girizmeli:
1-nji bentde «obýektiň gurluşygyna» diýen sözlerden soň «Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylandan soň» diýen sözleri goşmaly;
3-nji bentden soň şu mazmunly bentleri goşmaly:
«31) gurluşygy tamamlanan paýly gurluşygyň köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylmagyny amala aşyrýan öz garamagyndaky guramany kesgitleýärler;
32) ýaşaýyş jaýlarynyň paýly gurluşyga gatnaşmagynyň birkysmy şertnamasynyň bahasy bilen baglanyşykly goşundylaryny, ulanylýan materiallaryň, enjamlaryň hem-de gurluşyk-gurnama işleriniň birlik bahalaryny gurluşyk we binagärlik babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilen deslapdan ylalaşýarlar;».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 16-njy marty.