Ï Türkmenistanyň Kanuny «Şähergurluşyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny «Şähergurluşyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda

view-icon 6151

I. 2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky «Şähergurluşyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 97-nji madda; 2019 ý. № 2, 36-njy madda) şu goşmaçalary we üýtgetmäni girizmeli:

1) 1-nji madda şu mazmunly bendi goşmaly:

«22) ýönekeýleşdirilen taslama — bina üçin bölünip berlen ýer böleginiň baş meýilnamasyndan, ýaşaýyş jaýynyň binýadynyň we gatlarynyň meýilnamasyndan hem-de daşky görnüşlerinden ybarat taslama.»;

2) 9-njy maddanyň 2-nji bendine şu mazmunly kiçi bendi goşmaly:

«f) obýektleriň gurluşygyna rugsatnamalaryň hasaba alynmagyny;»;

3) 44-nji maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Hususy ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyndan başga obýektleriň gurluşygyna rugsatnama ygtyýarly edara tarapyndan hasaba alnandan soňra, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy tarapyndan berilýär.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 16-njy marty.