Ï Aşgabatda «Robototehnika» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda «Robototehnika» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

view-icon 6374
Aşgabatda «Robototehnika» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanda robototehnika boýunça bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Bäsdeşlik meýdançalarynda ýaş programmaçylar döredijilik we inženerçilik başarnyklaryny uly höwes bilen görkezýärler. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guran bu bäsleşigi hem şeýle boldy.

Şu ýylyň 18- 19-njy martynda «Sanly Çözgüt » habarlar tehniki meýdançasynda geçirilen bäsleşige mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň arasynda robot ýasamaklyga ussatlaryň ençemesi gatnaşdy. Olardan ussatlary ýörite baýraklar we diplomlar bilen sylaglanyldy.

«Robototehnika» bäsleşigi: «Sumo-robotlar»; «Labirint ýaryşy»; «Ugra eýermek»; «Toparlaýyn taslamalar» ýaly dört ugurdan geçirildi. Her ugra üç baýrakly orun bellenildi. Golaýda bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy.

«Sumo-robotlar» ugrundan Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýörite harby mekdebiň okuwçysy Myrat Müjewirow ýeňiji boldy.

Aşgabadyň dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 87-nji orta mekdebiniň okuwçysy Mähirahmet Jowadow «Labirint ýaryşy» ugrundan birinji orna mynasyp boldy.

«Ugra eýermek» ugrundan birinji orny Aşgabat şäheriniň 97-nji ýöriteleşdirilen mekdebiniň okuwçysy Muhammetnur Saparmyradow eýeledi.

«Toparlaýyn taslamalar» ugrundan Aşgabat şäheriniň 97-nji ýöriteleşdirilen mekdebiniň okuwçylary Pirguly Öwezow, Ylham Rahmanow, Maksat Kakajanowyň bilelikdäki işi iň güçli diýlip ykrar edildi.

Bäsleşik robottehnikalary wagyz etmek, okuwçylaryň tehniki başarjaňlyk we ussatlyk ukybyny kesgitlemek we ösdürmek maksady bilen geçirildi.