Ï Türkmenistan – BSGG: saglygy goraýyş pudagynda netijeli hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – BSGG: saglygy goraýyş pudagynda netijeli hyzmatdaşlyk

view-icon 4901

7-nji aprel – Bütindünýä saglyk güni ýakynlaşýar, bu ýyl ol Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) 75 ýyllygyna gabat gelýär. Guramanyň özünde bu sene soňky ýedi onýyllygyň dowamynda adamlaryň durmuş hilini ýokarlandyran jemgyýetçilik saglygy goraýyş pudagynda gazanylan üstünlikleri ýada salmak üçin bir sebäp diýlip hasap edilýär. Şeýle hem şu günüň we ertiriň saglyga degişli möhüm meselelerini çözmek üçin herekete ylham berjek bir mümkinçilikdir.

BSGG 1948-nji ýylda adamzat saglygyny goramak, dünýäde howpsuzlygy goldamak we nirededigine bagly bolmazdan, her bir adamyň saglygyň we abadançylygyň iň ýokary derejesine ýetmäge mümkinçiligi bolar ýaly, ilatyň goldawa mätäç toparynyň bähbidine hyzmat etmek maksady bilen, 1948-nji ýylda dünýä ýurtlarynyň köpçülikleýin başlangyjy bilen döredildi. Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji iýulynda BSGG-niň agzasy boldy we şondan bäri bu iň iri halkara guramasy bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldip gelýär.

Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan alnyp barylýan çärelere işjeň gatnaşmak bilen, Türkmenistan döwrümiziň bütindünýä kynçylyklaryna garşy göreşmek üçin halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi. Türkmenistanyň ylmy diplomatiýa gurallaryny ösdürmek, hususan-da, koronawirus genomyny öwrenmek boýunça BSGG-niň ýörite maksatnamasyny işläp düzmek; Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň pnewmoniýa garşy göreş boýunça köptaraplaýyn gözegçilik mehanizmi; BSGG-niň ýiti ýokanç keselleri bejermek we öňüni alyş usulyýet merkezini we epidemiologiýa, wirus we bakteriologiýa boýunça Merkezi Aziýa sebit merkezini döretmek barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde beýan edilen başlangyçlary halkara goldawa mynasyp boldy.

2014-nji ýylda Türkmenistanyň temmäki sarp edilişini kadalaşdyrmakdaky uly üstünligini we çilimsiz zolak döretmek boýunça alnyp barylýan işleri göz öňünde tutmak bilen, döwlet Baştutanyna BSGG-niň ýörite sylagy – ýadygärlik medaly we çilimkeşlige garşy göreşe goşan goşandy üçin minnetdarlyk şahadatnamasy gowşuryldy. Türkmenistanyň ýokanç däl keselleriň öňüni almaga goşan goşandy üçin BSGG-niň şahadatnamasy bilen sylaglanan tejribesiniň, sebitiň ähli ýurtlary tarapyndan giňişleýin öwrenilmegi maslahat berilýär. 2022-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasyndan COVID-19 pandemiýasy wagtynda ýurtda lukmançylyk we jemgyýetçilik işgärleriniň edýän tagallalarynyň ykrar edilmesi hökmünde sylag aldy.

BSGG “Saglyk” Döwlet maksatnamasy boýunça amala aşyrylýan ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlaryny ulanmak bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, şeýle hem ilatyň saglygynyň we abadançylygynyň bähbitlerine hyzmat edýän giň gerimli sport infrastrukturasynyň hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilmegini goldaýar. BSGG-niň baş müdiri Tedros Gebreisus we BSGG-niň Ýewropa boýunça sebitleýin müdiri Hans Klüge, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde, hususan-da okuw maslahatlaryny geçirmek tejribesini giňeltmek, dürli profilli hünärmenleri Türkmenistana ibermek we “hyzmatdaşlygyň ýol kartalasynyň” çäginde täze geljegi uly ugurlarda, şol sanda gyzlaryň we aýallaryň saglygy, sanly lukmançylygy ösdürmek we ş.m. özara peýdaly hyzmatdaşlygy artdyrmak üçin türkmen tarapyna mundan beýläk hem kömek bermäge taýýardyklaryny birnäçe gezek mälim etdi.