Ï «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: ýarym final oýunlaryň geçiriljek senesi yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: ýarym final oýunlaryň geçiriljek senesi yglan edildi

view-icon 9571
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: ýarym final oýunlaryň geçiriljek senesi yglan edildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebiniň alyp barmagynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň ikinji möwsüminiň I we II ýarym final oýunlarynyň geçirjekdigini mälim etdi.

Birinji ýarym final oýny şu ýylyň 27-nji aprelinde, ikinji oýuny bolsa 28-nji aprelde geçiriler. «Dialog — parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti» atly umumy şygar astynda geçirilýän möwsümiň ýarym final oýunlarynyň mowzugy «Siwilizasiýalaryň dialogy –adamzat parahatçylygy üçin binýatlyk esasy» diýlip atlandyrylýar.

Ýarym final oýunlarynyň hersine 8 mekdep okuwçysyndan ybarat toparlar gatnaşar – olar taslamanyň saýlama tapgyrynyň dört oýnunda öňe saýlanan 16 sany tapawutlanan oýunçy, ýagny ýeňijilerdir. Olaryň düzümine Aşgabat şäheriniň we Ahal, Balkan, Mary, Daşoguz welaýatlarynyň 9-11-nji synp okuwçylary girdi. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň ikinji möwsüminiň I we II ýarym final oýunlaryna gatnaşjaklaryň sanawy Daşary işler ministrliginiň HGI-niň resmi saýtynyň Bildirişler bölüminde ýerleşdirildi.

Taslamanyň guramaçylary ýarym finala gatnaşmak hukugyny alan mekdep okuwçylaryna saýlama tapgyrlarynyň ählisinde hödürlenen edebiýatlar boýunça taýýarlanmagy maslahat berýärýärler. Ähli temalar boýunça edebiýatyň sanawyny ýokardaky saýtdan tapyp, goşmaça maglumaty bolsa parahatchylygynchaparlary@gmail.com elektron poçtasy arkaly alyp bilersiňiz.

Taslama geljekde diplomat hünärini ele almagy arzuw edýän mekdep okuwçylarynyň arasyndan ukyplylary we zehinlileri ýüze çykarar.