Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiiniň innowasiýa ylym-bilim merkezi ýurdumyzda ekologiýa işlerini geçirmek üçin ygtyýarnama aldy.
Ygtyýarnamany Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan berildi. Resminama merkeziň hünärmenlerine zyýanly zyňyndylaryň daşky gurşawa ýetirýän täsirine baha bermek we atmosfera goýberilýän zaýalaýjy maddalaryň ýol berlen çägine gözegçilik etmek bilen baglanyşykly ylmy-barlag işler toplumyny geçirmäge hukuk berýär.
Tebigy baýlyklar ulanylanda we işlenilende daşky gurşawy goramak çäreleriniň toplumy nebit hem-de gaz çykarylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we şol bir wagtyň özünde tebigatyň hapalanmagynyň öňüni almaga gönükdirilendir. Ylmy-barlag işleri topragyň, suwuň, howanyň arassalygyny saklap galmak we olary dürli zyýanly maddalardan arassalamak usullaryny ulanmagy göz öňünde tutýar.
Ekologiýa işlerini geçirmäge rugsata laýyklykda uniwersitetiň Innowasiýa ylym-bilim merkezi ýurdumyzyň kärhanalarynyň, guramalarynyň, zawodlarynyň we fabrikleriniň, şeýle hem döwlet we hususy pudagyň beýleki edaralarynyň öndürýän önümleriniň täze görnüşleri üçin ekologiýa pasportlaryny, tehnologiki kadalary, tehniki şertleri we döwlet ölçeglerini işläp taýýarlar.
Merkeziň hünärmenleri kärhanalaryň daşky gurşawa goýberýän suwuk, gazly we gaty senagat galyndylary üçin rugsat berlen kadalary işläp taýýarlamaga girişdiler, galyndylaryň zyýanly täsirini azaltmak, olary peýdaly ulanmak hem-de gaýtadan peýdalanmak we ýerli çig maldan ekologiýa taýdan arassa dökünleri öndürmek boýunça teklipleri hödürleýärler.
Merkeziň alyp barýan işleriniň arasynda talyplary ylma çekmek, dürli laboratoriýa barlaglaryny geçirmek, şeýle hem uly möçberli meseleleri bilelikde çözmek we ylmy innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyny güýçlendirmek boýunça ykdysadyýetiň pudaklary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ösdürmek meseleleri bar.