Ï Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň üpjün edilmegi täze taryhy eýýamyň maksadydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň üpjün edilmegi täze taryhy eýýamyň maksadydyr

view-icon 4631

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän özgertmeler strategiýasynyň esasy ugurlary — Watanymyzyň demokratik we hukuk binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagy, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi hem-de halkymyzyň abadan durmuşy baradaky aladalar öz beýanyny tapdy.

Döwlet Baştutanymyzyň 3-nji aprelde geçiren sanly ulgam arkaly iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Welaýat häkimlerine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklar berildi.

5-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda eksport-import amallaryny artdyrmagyň, özara iberilýän harytlaryňdyr hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegiň, şeýle hem işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň we ösdürmegiň, bilelikdäki kärhanalary döretmegiň zerurdygy nygtaldy. Türkmen tarapynyň ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ugurlary boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Şeýle hem şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen geçiren duşuşygynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Hazar — dostluk deňzi” motoýörişiniň kerwenine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi. Duşuşygyň barşynda Astrahan oblasty bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy, şol sanda söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Taraplar Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatyndan has doly peýdalanmagyň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Astrahan oblastynyň portlarynyň arasynda yzygiderli gämi gatnawlaryny ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Gämigurluşyk we gämi abatlaýyş ulgamynda işleri utgaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi.

5-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda özara haryt dolanyşygyny artdyrmak, ýangyç-energetika, himiýa senagaty, dokma we azyk senagaty, ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça pikir alyşmalar boldy. Rifat Hisarjyklyoglu türkiýeli işewür toparlaryň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň we düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny tassyklady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşygynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň netijeli hem-de yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty we iri amerikan kompaniýalarynyň wekillerini kabul etdi.

Işewürler ABŞ-nyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen dürli pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassykladylar. Şol ulgamlaryň hatarynda nebitgaz, elektroenergetika, gaýtadan dikeldilýän energetika, ulag we aragatnaşyk, obasenagat toplumy, dokma senagaty, ýokary tehnologiýalar ulgamlary bar. Sport ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyna hem üns çekildi.

6-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda 26-njy martda geçirilen saýlawlarda saýlanan 125 deputatyň ygtyýarlyklary ykrar edildi.

Aşgabat şäheriniň 5-nji “Parahatçylyk” saýlaw okrugyndan saýlanan deputat D.Gulmanowa gizlin ses bermek arkaly Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy wezipesine saýlanyldy. Lebap welaýatynyň 77-nji “Farap” saýlaw okrugy boýunça deputat G.Rozyýew açyk ses bermek arkaly Mejlisiň Başlygynyň orunbasarynyň wezipesine saýlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz olara işinde üstünlikleri arzuw edip, degişli Kanunlara gol çekdi.

Deputatlaryň biragyzdan goldamagy netijesinde, milli parlamentiň durmuşa geçirmeli işleri bilen baglylykda, Mejlisiň düzüminde sekiz komiteti: Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komiteti; Kada-kanunçylyk baradaky komiteti; Ykdysady meseleler baradaky komiteti; Durmuş syýasaty baradaky komiteti; Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komiteti; Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komiteti; Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komiteti; Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komiteti döretmek barada karar kabul edildi.

Ses bermegiň netijesinde ýurdumyzyň Mejlisiniň komitetleriniň ýolbaşçylary saýlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maslahatda çykyş edip, täze çagyrylyşyň parlamentarileriniň öňünde duran möhüm wezipeleri kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda adamyň we raýatyň Konstitusiýada hem-de kanunlarda kepillendirilen hukuklaryny, azatlyklaryny goramak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Bu işleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ýurduň kanun çykaryjy edarasynyň esasy wezipeleriniň biri bolmaly.

Şunuň bilen baglylykda, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, häzirki döwrüň talaplaryndan we oňyn halkara tejribeden ugur alyp, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze, rejelenen görnüşini taýýarlamagyň zerurdygy bellenildi. Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine, beýleki kodekslere üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler alnyp barylmalydyr.

Watanymyza, döwletimize, halkymyza wepaly, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenen, ahlak taýdan durnukly, sagdyn pikirli hem-de hünär taýdan kämil harby gullukçylary kemala getirmek, olaryň hukuk goraglylygyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda», «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna täzeden seretmek wajypdyr.

«Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna, Türkmenistanyň Gümrük kodeksine, beýleki kanunlara döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek zerur.

«Paýdarlar jemgyýetleri hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Daşary ykdysady iş hakynda», «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmek möhümdir.

Şunuň bilen birlikde «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň, Türkmenistanyň Maşgala kodeksine, raýat ýagdaýynyň namalary hakynda kanunçylyga täzeden seretmegiň, «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda», «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny kämilleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.

«Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda», «Gidrometeorologiýa işi hakynda», «Daýhan hojalygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna degişli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek, Magtymguly Pyragynyň baý, gymmatly edebi mirasyny şöhratlandyrmak, bu şanly senäni dabaralandyrmak maksady bilen, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň beýik akyldaryň mertebesini beýgeltmekde uly iş boljakdygy bellenildi.

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynyň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde ýokary raýatlyk işjeňliginiň subutnamasyna öwrülendigini bellediler.

Hormatly Prezidentimiziň çuň mazmunly çykyşynda kesgitlenen wezipeleri çözmek üçin, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleriň kanunçylyk-hukuk taýdan üpjün edilmegi boýunça zerur işler geçiriler.

7-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýurtlaryň ikisiniň hem abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Söhbetdeşler ähli ugurlarda, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa toplumlarynda, oba hojalygynda gatnaşyklary giňeltmek babatda uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

7-nji aprelde, asylly däbe görä, Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň şaýollary boýunça welosipedli ýörişiň öňüni çekdi.

Welosipedli ýörişiň ugry Çandybil şaýolunyň hem-de Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän “Welosiped” binasynyň ýanyndan başlap, paýtagtymyzyň ajaýyp şaýollaryndan geçip, Aşgabadyň merkezinde — Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada tamamlandy.

Köpçülikleýin çärä Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bar.

Bu ýere ýygnananlaryň arasynda Türkmenistanyň welosiped sporty boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri, talyp ýaşlar, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň hem-de umumy orta bilim berýän mekdepleriň okuwçylary, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar, jemgyýetçiligiň wekilleri bar.

Köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçýän ugrunda döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyrylyp, olar çäräniň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy.

Dürli sport we bedenterbiýe-sagaldyş çäreleri şol gün ýurdumyzyň ähli künjeginde, şol sanda Arkadag şäherinde geçirildi. Bu ýerde köpçülikleýin welosipedli ýörişe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylyk etdi.

Şeýle hem Bütindünýä saglyk güni mynasybetli şu ýylyň birinji çärýeginde geçirilen iri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara eýe bolan türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy guraldy. Olara paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda şowhunly el çarpyşmalar astynda dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Mundan başga-da, geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň häkimi, “Arkadag” gazetiniň baş redaktory bellenildi, şeýle hem prokuratura we kazyýet ulgamynda işgärler wezipelerden boşadyldy we wezipelere bellenildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Arkadag” teleýaýlymynyň başlygyny bellemek hakynda Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň başlangyjy bilen geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň zyňyndylaryň derejesini doly peseltmek boýunça ýokary derejedäki maslahatyna gatnaşdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň çäginde Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen maslahata BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş, Türkiýe Respublikasynyň birinji zenany Emine Ärdogan, BMG-niň Ilatly ýerler boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktory Maýmunah Mohd Şarif, BMG-ä agza ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleri, guramanyň degişli ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we Prezidentiň maşgalasy hanym Emine Ärdogana iberen hatynda döwletara doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigi, şeýle-de iki doganlyk ýurduň halkara ähmiýetli başlangyçlaryny hem-de tekliplerini özara goldamaga üýtgewsiz ygrarlydygy bellenildi.

Türkiýe Respublikasynyň zyňyndylary nol derejä çenli azaltmak boýunça öňe süren ählumumy başlangyjynyň daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak babatda umumy tagallalary işjeňleşdirmekde örän uly ähmiýetiniň bardygy nygtaldy.

Türkmen tarapy BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejedäki maslahatynda eden çykyşynda Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak meselelerine gönükdirilen milli derejedäki çäreleriniň oňyn netije berýändigi barada giňişleýin maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, ösüşiň hasabyna obanyň we şäheriň arasyndaky tapawudyň azalmagyna, ilatly ýerlerde galyndylary dolandyrmagyň, durmuş hem senagat galyndylaryny gaýtadan işlemegiň döwrebap tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Häzirki zaman ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça Türkiýe Respublikasy bilen utgaşykly hereket edýän Türkmenistan bilelikde “nol zyňyndy” başlangyjyny ilerletmek maksady bilen, ykdysady, durmuş, ekologik taýdan bähbitli netijeleri gazanmak ugrunda halkara, sebit we milli derejelerde giň möçberli işleri amala aşyrýar.

Söwda-senagat edarasynda geçirilen Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi gazanylan üstünlikleri hem-de ýurdumyzda harytlaryň öndürilişiniň möçberini giňeltmekde we hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde geljekki mümkinçilikleri görkezdi. Sergä azyk, gurluşyk, elektronika, durmuş himiýasy, kosmetika we parfýumeriýa önümlerini, mebelleri, halylary, dokma hem gaýyş önümlerini, amaly-haşam sungatynyň önümlerini öndürýän, şeýle hem logistika we syýahatçylyk ulgamynda hyzmatlary amala aşyrýan söwda toplumynyň 100-den gowrak kärhanasydyr düzümleri, ýurdumyzyň telekeçileri gatnaşdylar.

Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň söwda portalyny işe girizmek dabarasy boldy. Ol biziň döwletimiziň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmegine ýardam bermek, hususan-da, söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça teswirnamany ýerine ýetirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy.

Ýewropa Bileleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde, şeýle hem Halkara söwda merkeziniň, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň tehniki taýdan ýardam bermeginde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan durmuşa geçirilen onlaýn platforma ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin strategik häsiýete eýe bolan harytlar toparynyň eksporty, importy, üstaşyr iberilmegi baradaky maglumaty özünde jemleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine baryp gördüler. Hormatly Arkadagymyz bu ýerde Tatarystan Respublikasynyň Baştutany hem-de Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary, öňde durýan wezipeler we hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy.

Milli Liderimiziň çakylygy boýunça Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Arkadag şäherine baryp gördi, bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň binagärlik aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XIV jildiniň iňlis dilinde çap edilmegi netijeli döwletara hyzmatdaşlygy ynsanperwer, ylym, bilim babatda has-da çuňlaşdyrmak, ösdürmek üçin möhüm waka boldy.

Ösümlik dünýäsiniň halk lukmançylygynyň ensiklopediýasy okyjylaryň millionlarçasy üçin elýeterli boldy. Ylmy iş dünýä ýurtlarynyň halklaryna türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi we däp-dessurlary bilen tanyşmak üçin ajaýyp sowgat bolmak bilen bir hatarda lukmançylyk babatda tutuş adamzat medeniýetiniň ylmy hazynasyna mynasyp goşantdyr.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan hem-de Watanymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrylmagyna, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen giň möçberli maksatnamalaryň we taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.