Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen rus dili boýunça «Dil baýlygy – il baýlygy» II Olimpiadada ýeňijileriň 10-sy we baýrakly orunlary eýelänleriň 25-si kesgitlenildi.
Ýokary sylaga – Olimpiadanyň Baş baýragyna Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň talyby Hojaberdi Hojaberdiýew mynasyp boldy.
Birinji orna mynasyp bolan dokuz talybyň arasynda ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bar. Olar: Maral Hommadowa (Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty), Ilýa Lurýew (Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti ), Medine Sopytaganowa (Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti), Myrat Oraznyýazow (Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty), Altynjemal Sylapowa (Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty), Hojamyrat Orazow (Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti) , Güljan Kömekowa (Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti), Leýli Rejepowa (Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti) we Annaberdi Kaşanowdyr (Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty).
11 ikinji we 14 üçünji orny ýokarda ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň,Türkmenistanyň Serhet institutynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary eýelediler.
Bäsleşigiň ýeňijileri we onda baýrakly orunlary eýelänler degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanyldy.
Olimpiada uzak aralykda test görnüşinde geçirilip, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 23-sinden 115 talyp gatnaşdy.
Olimpiada “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” we “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde guraldy. Onuň guramaçylary talyplaryň şu ders boýunça ukyplaryny ösdürmegi we kämilleşdirmegi, olaryň bilim derejesine baha bermegi, has ýiti, döredijilik zehinli, başarnykly talyplary kesgitlemegi, şeýle hem geljekde milletara gatnaşyklar dili hökmünde rus dilini öwrenmäge islegi höweslendirmegi we wagyz etmegi bäsleşigiň esasy maksatlarynyň hatarynda belleýärler.