Ï Türkmenistan ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar

view-icon 4936
Türkmenistan ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli milli we döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bu maksatnamalaryň esasy wezipesidir.

Döwlet Baştutanymyzyň 11-nji aprelde geçiren sanly ulgam arkaly iş maslahatynda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaý, ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleriniň, gowaça ekişiniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly, ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklar berildi.

13-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly möhüm meseleler girizildi.

Mejlisiň barşynda ýakyn geljek üçin işiň esasy ugurlary kesgitlenildi. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we raýatlaryň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyny guramaçylykly geçirmek, harby-taktiki okuwlara taýýarlyk, işi guramagyň hem-de dolandyrmagyň esaslarynyň innowasion usullaryny özleşdirmek, işgärleriň hünär babatdaky ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek, hukuk goraýjylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak şol ugurlaryň hataryndadyr.

14-nji aprelde paýtagtymyzdaky Hezreti Omar metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban käbesi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow enesi Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap, belli gün agzaçar sadakasyny berdiler.

Nahar çekilmezden öň, türkmen halkynyň Milli Lideri käbesiniň aradan çykmagy zerarly, köp sanly raýatlarymyzdan, şeýle hem dürli ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet ýolbaşçylaryndan bildirilen gynanç üçin taňryýalkasyn aýtdy.

Şeýle-de şol gün paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň metjitlerinde agzaçar sadakalary berildi. Bu sadakalar Gahryman Arkadagymyzyň käbesi hem-de Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat ejäniň ýagty ýadygärligine belent hormat-sarpanyň nyşany boldy. Sadakalardan soňra, metjitlerde tarawa namazy okaldy.

15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlenildi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň üç aýynyň makroykdysady görkezijileri boýunça ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi saklanýar. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy 8,4 göterim ýokarlandy.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde hasabat döwründe gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan jemi 370 desganyň 7-sinde gurluşyk işleri tamamlandy, 105-sinde gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar we galan desgalarda taýýarlyk işleri dowam edýär.

Şu ýylyň birinji çärýeginde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşynda, elektrik energiýasynyň, beýleki önümleriň öndürilişinde oňyn ösüşler üpjün edildi. Ulag we aragatnaşyk pudaklarynda durnukly görkezijiler gazanyldy. Ulagyň ähli görnüşlerinde ýolagçy gatnatmak hem-de ýük daşamak boýunça oňyn görkezijileriň üpjün edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 11,8 göterim artdy.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynda, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, gök önümleriň, miweleriň we ir-iýmişleriň, etiň, süýdüň öndürilişi ýokarlandy. Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynda gazanylan oňyn görkezijiler barada hem habar berildi. Şu ýylyň 1-nji apreli ýagdaýyna görä, baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 115,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,1 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 104,9 göterim, çykdajy bölegi bolsa 96,5 göterim berjaý edildi.

Geçen döwürde maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 13,7 göterimine barabar boldy. 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy 10,7 göterim ýerine ýetirildi. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 44,8 göterimi önümçilik, 55,2 göterimi bolsa medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. Şu ýylyň 1-nji apreli ýagdaýyna görä, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň 53,8 kilometriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 126,1 müň inedördül metriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň 134,4 kilometriniň gurluşygy tamamlandy. Häzirki wagtda medeni-durmuş, önümçilik, infrastruktura maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň önümçiligini artdyrmak we kuwwatynyň ulanylyşyny gowulandyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady. Şu ýylyň maýa goýum Maksatnamasyna laýyklykda “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek üçin işleri alyp barmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow nygtady we Hazar deňzinde täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, daşarky maýa goýumlary çekmek bilen, iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine bazarlarda, söwda nokatlarynda halkyň sarp edýän we azyk harytlarynyň üpjünçiligini durnukly saklamak üçin zerur çäreleri durmuşa geçirmek möhümdir. Mundan başga-da, ýokary hilli we döwrebap dokma önümleriniň önümçiligini yzygiderli artdyrmak, pudaga innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, halkara tejribeden ugur alyp, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek boýunça hem çäreleri görmek zerurdyr. Saglygy goraýyş edaralaryna ýiti ýokanç we ýokanç däl hem-de möwsümleýin keselleriň öňüni almakda geçirilýän işleri aýratyn üns merkezinde saklamak, öndürijilerden göni satyn almak arkaly saglyk edaralaryny, ilaty lukmançylyk we derman serişdeleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek möhümdir.

Mekdep okuwçylaryny, talyplary we beýleki ýaşlary sagdyn durmuş kadalaryna endik etdirmek hem-de olaryň bilimini kämilleşdirmek üçin zerur işleri dowam etdirmeli. Okuwçylaryň tomusky dynç alşyny talabalaýyk guramak üçin häzirden degişli işleri geçirip başlamaly.

Ýaz-tomus möwsümleriniň başlanmagy bilen, medeniýet edaralarynda, teatrlarda medeni-köpçülikleýin çäreleri talabalaýyk guramak, konsertleri we teatrlaşdyrylan dabaralary yzygiderli geçirmek, uly ýaşly tomaşaçylar, çagalar üçin sahnalaryň sanyny artdyrmak zerurdyr. Içerki we daşarky syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek, daşary ýurtly syýahatçylaryň sanyny artdyrmak möhümdir.

Gurluşyk we senagat toplumynyň, himiýa kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly ulanyp, bökdençsiz işledilmegini gazanmaly. Şunuň bilen birlikde, elektrik energiýasynyň eksport edilýän möçberini artdyrmagyň, ylmy taýdan esaslandyrylan, döwrebap senagat ugurly önümçilikleri ýola goýmagyň wajypdygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamalary barada aýdyp, içerki, üstaşyr we halkara ýük daşamalaryň möçberini artdyryp, ýük dolanyşygyny ösdürmegiň, täze üstaşyr ulag geçelgelerini döretmegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, içerki demir ýollaryň durkuny täzelemek we maddy-tehniki üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi, elektrikleşdirilen demir ýol ulgamyny gurmagyň halkara tejribesini öwrenip, bu işleri ýurdumyzda durmuşa geçirmek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda döwrebap gämileri we läbik sorujylary gurmagy ýola goýmak gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, zerur bolsa, bu ugurda tejribeli daşary ýurt hünärmenlerini işe çekmegiň mümkindigi nygtaldy.

Ýurdumyzda ýeralma we beýleki gök-bakja önümlerini ýetişdirip, amatly bahadan içerki bazary üpjün etmek obasenagat pudagynyň ilkinji nobatdaky wezipeleriniň hataryndadyr. Şunuň bilen birlikde, tohumçylygy gowulandyryp, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmek möhümdir. Ýurdumyzda suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyryp, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça degişli çäreleri görmek barada hem görkezme berildi.

Häzirki döwürde biz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça netijeli işleri geçirmelidiris. Türkmen bedewiniň milli baýramyna, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlarymyza, Aşgabat şäheriniň gününe hem-de beýleki senelere gowy taýýarlyk görmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini döretmegi we öz önümlerimiziň beýleki döwletlere iberilýän möçberini artdyrmak syýasatyny dowam etdirmegi, maýa goýumlary çekmegi, gelip gowuşýan daşary ýurt pulundaky serişdeleriň möçberini artdyrmagy möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi. Mundan başga-da, Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça işleri geçirmegiň, hususy pudagyň paýyny artdyryp, ony ýurdumyzyň ykdysadyýetine işjeň gatnaşdyrmak üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygy bellenildi.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 463 raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana, şeýle hem “Türkmenistanda 2023-nji ýylda şaly öndürmek hakynda” Karara gol çekdi.

Mundan başga-da, geçen hepdede döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýylyň 21-nji aprelinde Oraza baýramyny bellemek hem-de Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň häkimini wezipä bellemek hakynda Permanlara gol çekdi.

Geçen hepdäniň dowamynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikleriň dowamynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň enesi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynançlaryny bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda goňşy döwletleriň syýasy gatnaşyklarynyň, dünýä giňişligindäki hyzmatdaşlygynyň ýokary derejä ýetendigi aýratyn nygtaldy. Söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň, parlamentara gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutanlary birek-biregi ýakynlaşyp gelýän Oraza baýramy bilen gutladylar we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde türkmen we özbek halklarynyň bähbidine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy.

Geçen hepdede Mejlisde Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mişel Pitermansdan ynanç haty kabul edildi. Ilçi Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalar we iri halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň rowaçlygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.