Ï Bütindünýä daşky gurşaw güni mynasybetli halkara bäsleşigi yglan edilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bütindünýä daşky gurşaw güni mynasybetli halkara bäsleşigi yglan edilýär

view-icon 4164
Bütindünýä daşky gurşaw güni mynasybetli halkara bäsleşigi yglan edilýär

Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Bütindünýä daşky gurşaw güni mynasybetli geçirýän «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly halkara ylmy-taslama bäsleşigine çagyrylýar.

Bäsleşik türkmen, rus we iňlis dillerinde iki tapgyrda geçirilýär. Olaryň birinjisi - saýlama şertlerine laýyklykda, bäsleşige gatnaşyjylar şu ýylyň 1-nji maýyna çenli tohu.eco.olimp@gmail.com elektron poçta arkaly bäsleşigiň guramaçylyk komitetine ylmy-taslama işlerini ugratmaly. Bäsleşik birnäçe ugur boýunça geçirilip, ylym bilen meşgullanýan ýaş alymlara özüniň ukyp-başarnyklaryny görkezmeklige ýardam eder. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň içinden azyk howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak boýunça aşakdaky berlen maksatlary bäsleşigiň degişli ugurlary hasaplanylýar:

1. Açlygy ýok etmek. Açlygy ýok etmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we iýmitiň hilini gowulandyrmak we oba hojalygyň durnukly ösüşine ýardam etmek;

2. Arassa suw we arassaçylyk. Suw serişdeleriniň elýeterligini we olaryň rejeli peýdalanmagyny we hemmeler üçin sanitariýany üpjün etmek;

3. Elýeterli we arassa energiýa. Hemmeler üçin energiýanyň gymmat däl, ygtybarly, durnukly we döwrebap serişdelerine umumy elýeterligi üpjün etmek;

4. Howanyň üýtgemegine garşy göreş. Klimatyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen göreşmek üçin gaýragoýulmaz çäreleri görmek;

5. Deňziň ekologiki ulgamyny gorap saklamak. Durnukly ösüşiň bähbitleri üçin ummanlary, deňizleri we derýalary gorap saklamak we olardan rejeli peýdalanmak;

6. Gury ýer ekologiki ulgamyny gorap saklamak. Gury ýerleriň goragy we dikeldilmegi we olaryň rejeli peýdalanmagyna ýardam etmek, tokaýlardan rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagyny bes etme we biodürlüligini ýitirmek hadysasyny bes etmek.

Işi bir ýa-da iki adam ýazyp biler. Emin agzalary işlere baha berende: taslamanyň döwrebaplygynyň we derwaýyslylygynyň esaslandyrmasy, täzeçilligi, ylmylygy, beýan edişiniň yzygiderliligi, görkezilişiniň takyklygy we aýdyňlygy, durmuşa ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri we önümçilik ähmiýeti, taýýarlanyş we bezeliş derejesi göz öňünde tutarlar.

Emin agzalarynyň pikiriçe, iň gowy işleriň awtorlary bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Ikinji tapgyra geçenler şu ýylyň 20-nji maýynda bäsleşigi guraýan uniwersitetiň resmi saýtynyň Olimpiada-2023 bölüminde yglan ediler. Şeýle hem, işleri taýýarlamak we bezemek boýunça talaplar hem-de bäsleşik barada beýleki möhüm maglumatlar jikme-jik görkezilýär.

Bäsleşigiň ikinji tapgyry 2023-nji ýylyň 1-5-nji iýuny aralygynda geçiriler. Oňa gatnaşýanlar temalaryny we olaryň mazmunyny doly hem-de jikme-jik açmak üçin onlaýn görnüşde öz işleri bilen tanyşdyrmaly.

Halkara bäsleşigiň eminler toparynyň hatarynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri, Türkmenistandan we daşary ýurtlardan ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça professorlar, mugallymlar, alymlar we bilermenler bolar.

Bäsleşigiň jemi bäsleşigi guraýjy uniwersitetiň saýtynda bäsleşik tamalanandan soň yglan ediler. Halkara bäsleşigiň ýeňijilerine we onda baýrakly orunlara mynasyp bolanlara degişli derejeli diplomlar gowşurylar.

Onuň guramaçylary bäsleşigiň: dostlukly halkara gatnaşyklary hem-de ylym we bilim ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmagy we giňeltmegi, BMG-nyň kabul eden we bütindünýä ähmiýetli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin bilelikdäki tagallalary dowam etdirmegi maksat edinýändigini belleýärler.

Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we goldamak, talyplaryň döredijilik baaşrnygyny, olaryň ylmy gözleglere we öz kärine höwesini, özbaşdak iş endigini ösdürmek, şol sanda bu ugurlardaky iň täze tehnologiýalar we ylmy täzelikler bilen tanyşmak arkaly okuwçylaryň azyk howpsuzlygy, ekologiýa, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak temalarynda bilimlerini çuňlaşdyrmak çäräniň esasy maksatlarynyň arasynda görkezilýär.