Ï Watanymyzy gülledip ösdürmegiň bähbidine ynamly ýol bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzy gülledip ösdürmegiň bähbidine ynamly ýol bilen

view-icon 3700

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ösüşiň, abadançylygyň täze sepgitlerine tarap ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.

17-nji aprelde döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi hem-de bugdaýa we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleriniň, gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilmegi, pile öndürmek meýilnamasyny ýerine ýetirmek babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny gözegçilikde saklamak, ekin meýdanlarynda zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklar berildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

18-nji aprelde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kyblasy we mähriban käbesi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow atasy Mälikguly agany, eziz enesi Ogulabat ejäni hatyralap, agzaçar sadakasyny berdiler. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, sadaka gatnaşýanlara sylag-hormat edip gelendikleri üçin taňryýalkasyn aýtdy. Nahardan soňra, bu ýerde aýat-töwir okalyp, Beýik Biribaryň berlen sadakalary kabul etmegi dileg edildi.

Şeýle hem şol gün Gökdepe metjidinde tarawa namazy okaldy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işleriniň elmydama rowaç bolmagy üçin doga-dilegler edildi.

20-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika ýurtlary boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençany kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine aýratyn üns berildi. Türkmenistan sebit merkeziniň işini we başlangyçlaryny, hususan-da, sebitiň döwletleri bilen goňşy ýurtlaryň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmekde tagallalaryny doly goldaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi hem-de merkeziň işiniň mundan beýläk-de uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministri Eli Koeni kabul etdi. Duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigi bellenildi. Türkmenistan hem-de Ysraýyl birnäçe ugurlar boýunça, şol sanda abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň çäklerinde utgaşykly hyzmatdaşlyk edýärler. Söwda-ykdysady ulgam türkmen-ysraýyl gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şeýle-de döwlet we hususy ulgamyň wekilleriniň özara saparlaryny işjeňleşdirmegiň, iki ýurtda öndürilýän önümleriň, tehnologik işläp taýýarlamalaryň sergilerini guramagyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigi bellenildi.

Şol gün paýtagtymyzda Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Dabara iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň hem-de Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

22-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlary bilen geçiren duşuşygynyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň düzümine saýlanan wekilleri bilen geçiren mejlisiniň gün tertibine döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek meseleleri girizildi.

Bank ulgamynyň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, ilatymyzy ýangyç serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de sarp edijilere bu ugurda döwrebap derejede hyzmat etmek boýunça görülýän çäreler, senagat-gurluşyk ulgamyna degişli edara-kärhanalaryň düzümlerini yzygiderli kämilleşdirmek meselelerine seredildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek, abatlamak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmek, ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak işinde öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, pudagyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, Türkmen-özbek söwda zolagyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Degişli Ylalaşyga laýyklykda, söwda merkezini ilkinji tapgyrda Daşoguz — Şabat serhet ýakasynda döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, «Türkmen-özbek söwda öýi» bilelikdäki kärhanasy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň birnäçe iri halkara çärelere gatnaşmak maksady bilen, 17 — 19-njy aprelde Şweýsariýa Konfederasiýasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri mejlisiň esasy meseleleriniň biri boldy. Şol çäreleriň hatarynda BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPEKA), Ýewropa ykdysady komissiýasynyň sanly we «ýaşyl» özgertmeler meselelerine bagyşlanan 70-nji mejlisine agza ýurtlaryň ministrler derejesindäki duşuşygy bar.

Şeýle hem saparyň çäklerinde BMG-niň Ženewa şäherindäki edarasynyň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň, Bütindünýä Söwda Guramasynyň, Halkara Migrasiýa Guramasynyň, birnäçe ýurtlaryň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe teklipler hödürlenildi. Hususan-da, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň SPEKA başlyklyk etmegi, şeýle hem şu ýylyň maý aýynda ýurdumyzda sanly we «ýaşyl» ykdysadyýet ugrunda alnyp barylýan işlere bagyşlanan «tegelek stol» duşuşygyny geçirmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň akademiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edilýär.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 30-njy aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi.

17-nji aprelde Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýeti bilen duşuşygy boldy.

Koreýa Respublikasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi. Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo hem özüniň gynanç hatyny iberdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň halkara guramalaryň çäklerinde, şeýle hem söwda-ykdysady, kanun çykaryjy, bilim, sport, syýahatçylyk we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, myhman Koreýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň gaz pudagynda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine hem-de Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň gurluşygyna gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gon bilen bolan duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Koreýa Respublikasynyň wekiliýetiniň ýurdumyza saparynyň çäklerinde Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi. Onda iki ýurduň gyzyklanmalary esasynda dürli ugurlar boýunça ýola goýulýan gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşe eýe bolup, hil taýdan täze derejä çykandygy bellenildi. Yzygiderli geçirilýän bilelikdäki çäreleriň, duşuşyklaryň we geňeşmeleriň hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berýändigi nygtaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen bolan duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna öňdebaryjy tejribäni hem-de ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak, iri daşary ýurt kompaniýalary, şol sanda koreý işewür toparlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, myhmanlar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp gördüler. Bu ýerde meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy boldy. Şeýle-de myhmanlar Arkadag şäheriniň binagärlik aýratynlyklary bilen tanşyp, bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşmagy özleri üçin hormat hasaplaýandyklaryny aýtdylar.

20-nji aprelde ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka — Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.

Mejlis 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri boýunça täze saýlanan we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän Mejlisiň deputatlarynyň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklarynyň, etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň, şäherçeleriň arçynlarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň, etrap, şäher häkimleriniň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz çuň many-mazmunly çykyşynda halk häkimiýetliliginiň ýokary wekilçilikli edarasyna degişli bolup durýan wezipeleri beýan etdi hem-de döwlet dolandyryşynda Halk Maslahatynyň eýeleýän orny barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipesi ýurdumyz üçin ähmiýetli özgertmeleri, durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmak boýunça teklipleri işläp taýýarlamakdan, agzybirligi, bitewüligi, durnuklylygy pugtalandyrmaga, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň kuwwatyny artdyrmaga ýardam bermekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini kadaly alyp barmak üçin onuň Prezidiumy — Türkmenistanyň Halk Maslahatyna hasabat berýän, hemişelik hereket edýän kollegial edara döredildi. Onuň düzümine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Mejlisiň Başlygy, Ýokary kazyýetiň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Baş prokurory, adalat ministri we welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň başlyklary girýär. Türkmenistanyň Konstitusion kanunynda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklaryň çäklerinde Prezidiumyň mejlisleri yzygiderli geçiriler.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň döwletliligiň esaslaryny düzýän, milliligimize mahsus kadalara esaslanýandygy, bu kadalaryň demokratiýadan, aýanlykdan, adalatlylykdan, kanunyň hökmürowanlygyndan, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmakdan, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňliginden, adamyň hukuklaryna, azatlyklaryna hormat goýmakdan, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmakdan hem-de kabul etmekden, jemgyýetçilik pikirini nazara almakdan ybaratdygy bellenildi. Ilaty halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň işi bilen tanyşdyrmak üçin internet saýty döredildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýerine ýetiriji häkimiýeti özgertmek, döwlet dolandyryş ulgamynyň işini düzgünleşdirmek we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky käbir garaýyşlaryna mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ministrler Kabinetiniň, welaýatlaryň häkimlikleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň döwlet esaslaryny pugtalandyrmaga, eziz Diýarymyzy ösdürmäge işjeň gatnaşmak, ýurdumyzda we sebitde durnuklylygy, sebitleýin, halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üpjün etmek wezipeleri bar. Şunuň bilen birlikde, raýat jemgyýetini kämilleşdirmek üçin degişli işleri geçirmegiň, raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça täze başlangyçlar bilen çykyş etmegiň zerurdygy barada aýdyldy.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän beýik özgertmelere gönükdirilen maksatnamalary, ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegi hem-de alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleri wagyz etmek, ilata giňden düşündirmek wajypdyr. Halk Maslahatynyň hukuk derejesine, onuň işiniň anyk ugurlaryna seljerme bermek, bu edaralaryň gözegçilik ygtyýarlyklaryny giňeltmegi göz öňünde tutmak möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi. Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ministrler Kabinetiniň işiniň utgaşykly alnyp barylmalydygy aýdyldy.

Ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan ägirt uly özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek, bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, olaryň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek hem-de kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek Türkmenistanyň Mejlisiniň ilkinji nobatdaky örän möhüm wezipesidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Ýakynda kabul edilen Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýyny, şonuň ýaly-da, wezipelerini amala aşyrmagy bilen baglylykda, döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň hukuk, guramaçylyk we beýleki esaslaryny kesgitleýän «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna ünsi çekip, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topara hem-de Mejlise Arkadag şäheriniň we täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmek bilen bagly işleri guramagy tabşyrdy.

Milli kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň döwletimizi syýasy, ykdysady, durmuş we medeni babatda ösdürmek üçin möhümdigini belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy ähli işlerde diňe halkymyzyň bähbitlerinden ugur almagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Çünki halkymyzyň bähbitleri döwlet häkimiýetiniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Bilelikdäki tagallalar, agzybirlikde we yhlasly çekilýän zähmet arkaly mähriban Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün etjekdigimize, şöhratly taryhymyzyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak uly meýilnamalary durmuşa geçirjekdigimize, bu işleriň geljek nesiller üçin nusgalyk göreldä öwrüljekdigine ynanýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Teri Hakala hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça ýörite wekili Imon Gilmor bilen geçirilen duşuşykda parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda energetika, ulag we söwda ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek barada pikir alşyldy. Tehnologiýa we maglumatlary alyşmagy ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän we ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyny, halkymyzyň ruhy baýlyga bolan ygrarlylygyny, milletiň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny, Watanymyzyň halkara abraýynyň belende göterilmegini esasy ugur edinýän syýasatyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.