Ï Türkmenistanyň ýokary synp okuwçylary Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli geçiriljek bäsleşige çagyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýokary synp okuwçylary Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli geçiriljek bäsleşige çagyrylýar

view-icon 4527
Türkmenistanyň ýokary synp okuwçylary Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli geçiriljek bäsleşige çagyrylýar

Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriň 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda yglan edilen internet bäsleşiginiň düzgünleri şeýle düzüldi.

Bäsleşik test görnüşinde geçiriler. Oňa gatnaşyjylara 100 sowal hem-de şolara jogap bermek üçin 100 minut berler. Sowallar ýokary synplar üçin niýetlenilen okuw kitaplary we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda” atly kitaby boýunça ýurdumyzyň DIM-niň HGI-si tarapyndan taýýarlanyldy. Bu edebiýatyň sanawy bilen guramaçy ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtyndaky bildirişler bölüminde tanşyp bolar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler şu ýylyň 12-nji maýyna çenli sdgcentre40@gmail.com. elektron poçtanyň salgysy boýunça guramaçylyk toparyna şahsy maglumatlaryny iberip, bellige aldyrmagy zerurdyr. Sowalnamanyň nusgasy, gatnaşmagyň düzgünleri hem-de beýleki peýdaly maglumatlar hem ýurdumyzyň DIM-niň HGI-niň ýokarda görkezilen saýtynda ýerleşdirilendir.

Bäsleşik 17-nji maýda sagat 10:00-da paýtagtymyzdan hem-de welaýatlarymyzdan bolan gatnaşyjylaryň hemmesi üçin şol bir wagtda onlaýn görnüşinde geçiriler. Bäsleşigiň geçirilýän ýerleri:

Aşgabat we Ahal welaýaty – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty;

Balkan welaýaty – Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň şahamçasy;

Daşoguz welaýaty – Türkmen oba hojalyk instituty;

Lebap welaýaty – Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty;

Mary welaýaty – Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty.

Bäsleşigiň ýeňijileri I, II we III derejeli diplomlar hem-de Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyndan we BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanarlar.

Guramaçylaryň bellemeklerine görä, Türkmenistan daşky gurşawy goramaga, ekologiýa ulgamynda möhüm meseleleri çözmäge gönükdirilen halkara işlerine işjeň gatnaşyjydyr. Bu ulgamda ýurdumyzyň oňyn başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýar. Ýurdumyzyň çäklerinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, eziz Diýarymyzy gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmek, Türkmenistanyň täsin ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak hem-de gorap saklamak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Şulardan ugur alnyp geçirilýän bäsleşigiň baş maksady ýaşlaryň ekologiýa medeniýeti we ekologiýa ulgamynda öňde durýan wezipeler barada habarly bolmagyny ýokarlandyrmakdan, şeýle hem ýaş nesilleri bu wezipeleri bilelikde çözmäge çekmekden ybaratdyr.